gulia_maksatmyradowna
02.11.2023 13:41

Heran-haçan durmuşy meselede karar aljak bolsam (durmuşyma täsirini ýetirjek), durýan-da bir pursat kiçijik Jamiýe Skot hakda pikir edýän.


Jamiye mekdebiň gurnaýan teatrynda oýnasy gelýärdi. Ejesi bolsa oglunyň näçe oýnasy gelse-de oňa rol bermezler diýip alada galýardy. Rollaryň paýlanylýan güni okuwadan almaga ejesi bilen menem gidipdim. Jamiýe aňyrdan begenip ylgap gelýär:


«Eje seret! (Eje bilýäňmi)» diýeninden soňky aýdan sözleri ömürboýy ýadymdan çykmaz:


−Dostlarymy goldap el çarpmak üçin meni hem teatra aldylar.

42
112
gulia_maksatmyradowna
02.11.2023 08:03

Gadymdan galan harabalyklary bilen meşhur sebitleriň birinde gezip ýören, gadymy zatlary ýygnaýan adam harabalyga ýakyn oturan bir obanyň içinden geçip barýarka, görýän zadyna ynanmady. Kiçijik güjük gymmatbahaly gadymy tabakdan suw içip durdy! Güjügiň eýesi bu tabagyň gymmatyny bilmeýän bolara çemeli. Gadymy zatlaryň yşkynda gezip ýören ýaňky söwdagär tabagy ele salmak üçin özüçe bir pirim gurdy. Eýesinden bu güjügi satyp-satmajagyny sorady. Ol tabaga hiç hili üns bermeýän ýaly görünýärdi. Güjügiň eýesi parahat äheňde güjügini satmak niýetiniň bardygyny aýtdy. Yzyndanam:

− Bu güjüjegi men gaty gowy görýärin. Şonuň üçinem ony arzan satmaryn – diýdi. Güjüjege ep-esli nyrh kesdi. Söwdagär aňry-bäri çekeleşenden soň, onuň bilen razylaşdy. Güjügi gujagyna alyp, birneme ýöränden soň yzyna öwrülip geldi-de, türkana äheňde sorady:

− Nemele, güjüjek şu tabakdan suw içmäge öwrenişendir. Ony hem ýany bilen sowgat beräýiň?!

Söwdagäriň niýeti bellidi. Güjügi gymmat satyn aljak, tabagy-da ýany bilen mugt aljak, şeýdibem üýtgeşik söwda etjekdi. Ol özüni akylly, güjügiň eýesini bolsa türkana hasap edýärdi. Emma güjügiň eýesi tabagy bermekden kes-kelläm boýun towlady. Söwdagär hem öz diýenine tutdy:

− Gardaş, şu köneje tabagyň nämesi bar?! Beräý, sowgat etdigiň bor!

− Ýok, ýok. Tabagy berjek däl. Ony özüm ulanjak.

− Onda oňa-da bir nyrh kes-de, sat maňa! Näçe diýseň bereýin!

Güjüjegiň eýesi başyny ikiýana ýaýkap, soňky nokadyny goýdy:

− Satyp biljek däl. Diläbem oturma!

Söwdagär haýran galyp durdy. Öňündäki duran, obada ýaşaýan şu ýönekeýje adam güjügine diňe suw içirmek üçin ulanýan, gadyr-gymmatyndan bihabar şu tabagyny näme üçin satmaýarka?! Ol muny güjügiň eýesinden soranda, kimiň has akyllydygy belli boldy:

− Begim! Bu tabagyň üsti bilen näçe güjük satanymy bilýäňmi sen?!


Murat Çiftkaýa, türk ýazyjysy


Terjime eden:

Mustapa Begmuhammet

41
77
gulia_maksatmyradowna
01.11.2023 19:10

Bir şereketiň dolandyrjysy golastyndaky işgärlerini bir seminara ugradýar. Seminara gatnaşan işgärleri tejribe gazanarlar, meseleleri has çalt çözmäň ugruny taparlar diýip tama edýär.


Belli bir okuw tapgyryndan soň bilermenler işgärlere howluda duran baýdak asylýan sütüniň uzynlygyny anyklamagy tabşyrýarlar. Işgärler derrew uzynlyk ölçeeýji gural bilen merdiwanlaryny süýräp gelýärler. Ýöne merdiwanyň boýy sütünden pes. Derrew gidip, stol getirýärler. Merdiwany stoluň üstünden goýýarlar. Ýene kelte bolýar. Täzeden stoluň üstünde oturgyç, onuň üstünde merdiwan goýýarlar. Ýöne yrgyllap duransoň bar zat ýykylýar.


Işgärleriň hemmesi bir ýere üýşüp, nädip ölçemelidigini maslahatlaşyp durkalar, olary ýoldan geçip barýanyň biri synlap duran eken. Ol adam howla girip, sütüni ýatyryp, metri bilen ölçeýär. Çykaran netijesini kagyza ýazyp, ýaňkylara berýär-de gidiberýär.


Işgärler ýaňky adamyň yzyndan ylgap barýarlar-da:


− Siz nähili gepe düşmez adam ekeniňiz. Biziň sütüniň uzynlygyny däl, beýikligini ölçejek bolýadyk− diýipdirler.


***


Adam öz nadanlygyny hernäçe gizlejek bolsa-da, barybir başartmaýar. Ylym öwrenmekde ar alyjy bolmaly däl. Ylmy kimden, nireden gelse almaly.

47
83
gulia_maksatmyradowna
01.11.2023 12:59

Elýaglyk...


Ady belli iňlis pelsepeçisi, suratkeş, nazaryýetçi alym Jon Raskin (1819-1900) üýşmeleňleriň birinde elýaglygyna seredip, gözüne ýaş aýlap oturan bir zenany görýär-de, ondan näme bolandygyny soraýar. Zenan oňa gymmat bahaly elýaglygyny görkezip, şeýle diýýär:


– Sap ýüpekden dokalan elýaglygyma gynanyp otyryn. Oňa bir ýerden-ä syýa degipdir. Ine serediň! Tegmillerden ýaňa görer ýaly bolmandyr. Indi ony zyňaýmasaň, zada ýarajak gümany ýok.


Raskin elýaglyga birsalym seredip durandan soň, zenandan şony sorap alýar-da, birki günden yzyna getirip berjekdigini aýdýar. Ol dürli reňkli boýaglary ulanmak arkaly ýaňky syýanyň tegmil bolup duran ýerini gülläp oturan agaja meňzedýär. Şeýlelikde, elýaglyk göze ýakymly sungat eserine öwrülýär duruberýär. Şondan soň, Raskin ony zenana eltip berýär. Elýaglykdaky tegmilleriň ajaýyp surata öwrülendigini gören zenan guş bolup uçaýjak bolýar.


Käte biz hem öz şowsuzlyklarymyza durmuşymyzda tegmil bolup galjak wakalar hökmünde garaýarys. Durmuşymyza kir-kimir ýokdurman ýaşap bilsek ne ýagşy! Emma her nähili bolanda-da durmuşymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy ýatdan çykarmalyň! Üstünde işlenen ýagdaýynda tegmilleriň şol öňki tegmilligine galmaýandygyny hergiz unutmalyň!

46
87
gulia_maksatmyradowna
31.10.2023 09:47

Tilki düşünjesi.


Bir gün şägirt Tilki halypa Tilkä

Diýdi : - Neçüýn mydam nyşan biz gülkä?


Dürtüşüp möjekler gülki berene

Diýýärler:- Goý, gardaş tilkisireme!


Hat-da jenap şirem käýäp ogluna

Diýýär: - Tilkiçilik nep däl kowmuma.


Özgä däl-de, Tilkä gülünýär neçüýn?

Bu ýagdaý gelşiksiz biz ýaşlar üçin.


- Diňle, şägirt!- diýdi , halypa Tilki

-Sen bir zada anyk göz ýetir ilki:


Eger başarmasa buýrulan käri

Tilkiçilki etýär haýwanlaň bary.


Başa düşen derdi, gamy derletse,

Şirem Tilkiçilik eder elbetde,


Ýöne edil biz dek başarmaz olar,

Şoň üçin köp pursat masgara bolar.


Senem bu ýagdaýdan uýalma asyl,

Her ýerde ýol tapýan nesilsiň nesil.


Tilkisiň elmydam Tilki dek bolgun!

Tilki diýip gülseler goşulyp gülgün!

46
60
gulia_maksatmyradowna
29.10.2023 19:19

Suw perisini yzarlap...


1908-nji ýylda iňlis syýahatçysy Genri Gudzon «Newil» gämisinde Arktika suwlarynda iki aýlyk syýahatdan soň, gämi žurnalynda şeýle ýazgy galdyrdy: «Daňdan syýahatçylaryň biri gäminiň golaýynda suw perisini görüpdir. Onuň bilinden ýokarysy aýalyňka gaty meňzeşdi. Emma delfiniňki ýaly towlanyp duran guýrugy bar… »


Bu näme? Uzak wagtlap gury ýer görmedik deňiz syýahatçysynyň toslamasymy?


Adamzat taryhynyň dowamynda ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde adamlar suw perisini birnäçe gezek görüpdirler. Beýle wakalara XX asyryň ahyrlarynda – XXI asyryň başlarynda hem duş gelipdirler.


Gadymy rim alymy Pliniý Katta özüniň «Tebigat taryhy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Suw perileri hakynda şuny aýtmak gerek, olary deňiz jandarlary diýip hem aýdýarlar, olar dogrusyndaky rowaýatlara toslama diýip bolmaýar. Olaryň anyk şekilini çeken käbir suratkeşleriň ajaýyp suratlaryna syn edeniňde suw perileriniň bardygyna ynanýarsyň. Ine, şeýle suratlaryň birinde bütin bedeni teňňejikler bilen örtülen aýal bedeni anyk görkezilipdir»


Pliniý şunuň bilen bir hatarda suw perileriniň bardygyny tassyklaýan birnäçe deliller hem getirýär. Mysal üçin, adalaryň birinde güýçli suw daşgyny netijesinde 300-den köpräk deňiz jandarlary kenara zyňylypdyr. Olaryň arasynda deňiz pilleri, deňiz atlary we suw perileri hem bar eken.


Gadymy grek rowaýatlarynda suw perileri iki tebigatly jandar diýlip häsiýetlendirilýär. Olaryň bu sypaty biziň aňymyzda şeýle görnüşde janlanýar. Bu suw perileri, bir tarapdan, özleriniň owadanlygy, hilegärligi bilen deňizçileri we gämileri heläkçilige duçar edýän aldawçy bolsalar, beýleki tarapdan, gerek wagtynda olaryň ýakyn hemaýatçylarydyr.


Beýik açyşlar döwründe suw perileri hakynda Täze Dünýäniň syýahatçylary tarapyndan köp maglumatlar ýygnanyldy. Hristofor Kolumb we Jon Smit West-Hindistan suwlarynda suw perilerini görendiklerini aýdypdyrlar. Hatda J. Smit olaryň biriniň daşky keşbini hem suratlandyrýar: «Onuň gysyk we pökgeren gözleri, gaty gelşikli burny we birneme dikräk gulaklary bar. Ýöne ýaşyl, uzyn saçlary ony gözel diýdirenokdy».


1717-nji ýylda neşir edilen «Hindistanyň tebigatynyň taryhy» atly kitapda Indoneziýanyň Mollukga adalarynyň ýakynyndan tutulyp alnan üýtgeşik jandar hakynda şeýle ýazgy bar: «Onuň boýy 59 dýum (1 dýum – 25 mm) bolup, ol ýylanbalygy ýatladýardy… Ol suwly çelekde dört gün ýedi sagat ýaşady…. Her zaman ýuwaşja iňňildeýärdi, hiç zat iýmedi, köp wagt geçmänkä-de jan berdi».


1723-nji ýylda Daniýada suw perileriniň ýer ýüzünde hakykatdan-da ýaşaýandygyny tassyklamak üçin ýörite topar düzüldi.


1983-nji ýylda bolsa Wirjiniýa uniwersitetiniň (ABŞ) alymy Raý Wogner Ýuwaş ummanynyň Täze Gwineýa adasynyň töwerekleriniň günorta tarapynda adama meňzeş bir jandary iki gezek görendigini aýdýar. Emma psihoterapewt Linda Karter-Zik suw perileri hakynda düýbünden başga pikirde. Onuň aýtmagyna görä, suw perileri adamyň hyýalynda ýaşap gelýän syrly jandardyr. Okean adamlaryň aňyna täsir edip, olaryň hyýalynda suw perileriniň keşbini janlandyrýar.

46
277
gulia_maksatmyradowna
28.10.2023 12:28

...Geňdir dünýe


Kuweýtde ýekeje-de derýa, guýy we demir ýol ýokdur.

Rowaýatlar görä, Gerodat Bodrumda, Gomer bolsa Izmirde doglupdyr. Pifagor Guş adasynyň golaýyndaky Samos adasynda ýaşapdyr.

Biblos-dünýäde ilknji finikiýa elipbiýiniň ýüze çykan Liwan şäheridir.

Dubaýda ýerleşýän dünýädaki iň uly bina bolan Burj Halifa binasynyň aýnalary her gün ýuwulýar.

Hytaýda ýerleşýän “Dünýä açylan penjire” atly tematiki seýilgähde dünýäniň ençeme ýurtlaryndaky binagärlik täsininlikleriniň 130 sanysynyň göçürme nusgalary ýerleşdirilipdir.

Ýaponiýa ýer titremeleriň köp bolýan ýurdudyr.

Ýapon dilinde aýlaryň ady bolman, olar san bilen belgilenýär.

Ýaponiýada dörtburç garpyzlar ýetişdirilýär.

Ýaponiýanyň ilaty gol çekmeýär.

Ýaponiýa we Wýetnam uzak ýaşly adamlaryň ýaşaýan ýurdy hasaplanýar.

Wýetnamyň pullary plastikadan ýasalandyr. Şonuň üçin olary suwa ezseňde, hiç zat bolmaýar.

Kore neberesiniň döwründe 1234-nji ýylda oýlanyp tapylan metal şriftler dünýädäki ilkinji çap enjam hasaplanýar.

Koreýada her ýylda 100-den gowrak täze filmler ekrana goýberilýär.

Khmer elipbiýi iň uly elipbiý hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir. Onda 72 sany harp ýerleşdirilendir.

Mýanma ýurdunyň ýaşaýjylarynda familiýa we atasynyň ady ýokdur.

Tailandda sesiňi gataldyp gürlemek aýyp hasaplanýar. Ýylgyrmak-bu ýurtda adaty kada, ol ýere barýanlar Tailandy “Gülküler ýurdy” diýip atlandyrýarlar.

Tailandyň paýtagty bolan Bangkok resmi atlandyrylyşy boýunça dünýäde iň uzyn at hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir.

Singapurda sakgyjy köçä zyňmaga däl, ony ýanyňda saklamak we çeýnemek hem gadagandyr.

Malaýziýada özüňi gyzyklandyrýan zadyňy barmagyňy çommaldyp görkezmek edpsizlik hasaplanýar.

Indoneziýanyň çäginde 367 sany halkyýet ýaşap, olar 700 sany dilde gürleşýärler.

Filippinler “Dünýäniň tekst paýtagty” hasaplanyp, ýurduň raýatlary her gün gysga tekst habarlarynyň (SMS) 450 millionyny ýollaýarlar.

Hindistanda el gysyp salamlaşmak kabul edilen däldir.

Ysraýylda hepde ýekşenbe gününden başlanýar.



Toplan: Selbi HOJANYÝAZOWA,

38
163
gulia_maksatmyradowna
27.10.2023 17:55

Tymsallar



Üç günä


Dana kişi:


― Günäler üç sanydyr ― diýipdir.


Onuň töweregindäki adamlaryň gowry ýatypdyr.


― Birinji günä ― içigaralyk. Eger-de goňşyň sygry öläýse, bu şatlanmak üçin sebäp däldir. Men siz oňa nämedir bir zatda kömek etmeli diýjek bolamok-da, özgäniň hasratyna begenmeli däl diýmekçi bolýaryn. Siziň goňşyňyz hem adam. Oňa ýamanlyk islemeli däl.


Köpçülik bu sözleri makullama bilen kabul etdi. Dana kişi olaryň gowry ýatýança garaşdy, soňra sözüni dowam etdi:


― Ikinji günä sussupeslikdir. Eger seniň ýekeje sygryň bolup, ol hem garry we keselli, süýdi az berýän bolsa-da, ruhdan düşmeli däl. Ýaşaýyşdan lezzet almaly, şatlanmaly. Hawa, seniň malyň keselli, ýöne ol sygyr. Emma käbirlerinde şolam ýok ahyryn.


Märeke ýene makullama bilen seslendi. Dana adam şowhun ýatýança garaşdy. Şonda ol biriniň:


― Eger men sussupeslik etmän, özümde sygrym bolup, beýleki birinde ol ýok bolsa, kimdir biriniň menden pes ýaşaýandygyna begenýän bolsam, diýmek, bu eýýäm içigaralyk bolýar ahyryn ― diýýän sözlerini eşitdi.


Märeke ýene dymdy. Öňki aýdanlary barada oýlanan dana öz sözlerini şeýle jemledi:


― Üçünji günä ― bu iňňirjeňlik.



Iki zat


Gadymy müsürliler jennediň gapysynyň öňünde iki zat hakynda soralýandygyna ynanypdyrlar.


― Sen ýaşan ömrüňde şatlyk tapdyňmy?


― Seniň ýaşan ömrüň özgelere şatlyk getirdimi?

44
162
gulia_maksatmyradowna
26.10.2023 16:22

Gandi we onuň köwşi


Bir sapar Gandi otla münjek bolanynda atanlykda köwşüniň bir taýyny demirýol düşegine gaçyrypdyr. Ol ýere gaçan köwşüni alyp biljek däldi: otly ýerinden gozganypdy. Şonda Gandi köwşüniň beýleki taýyny eline alyp, ony ýerde ýatan taýyna golaý ýere taşlapdyr. Ýanyndakylar Gandiden näme üçin beýle edýändigini soranlarynda, ol:


― Ýolda ýatan köwşi tapan garypda onuň iki taýy-da bolsun! ― diýip, jogap beripdir.



Nädip dana bolmaly?


Bir kişi parasatly gojanyň ýanyna gelip:


― Men nädip dana adam bolup bilerkäm?― diýip sorapdyr.

― Gapydan çyk-da, daşarda dur!


Bu teklip ony geň galdyrypdyr, ýöne diýleni bilen bolupdyr. Şol wagt daşarda çabga ýagýardy. Bedreläp guýulýan ýaly ýagýan ýagşyň astynda duran ýaňky kişi süllümbaý ezilipdir. Şeýle halda ýarym sagat durandan soňra ol çydaman içerä giripdir.


― Men daşarda durdum. Şeýdenim bilen nämedir bir zat üýtgedimi? ― diýip, ol dana goja sowal beripdir.

― Çabganyň astynda duran wagtyň nämedir bir zada akyl ýetirdiňmi? ― diýip, goja onuň özüne sowal bilen ýüzlenipdir.

― Men nämä akyl ýetireýin?! Ýagşyň astynda ezilmek ezildim. Şonda özümi baryp, ýatan akmak saýdym ― diýip, ýaňky kişi nägilelik bilen jogap beripdir.


Şonda dana goja oňa şeýle diýipdir:


― Sen möhüm açyş edipsiň. Eger adam özüni akmak saýýan bolsa, bu danalygyň başlangyjydyr.


Elmira BATYROWA,

39
60
gulia_maksatmyradowna
26.10.2023 00:20

Ýüzi turşy bolanyň, baly ajy bolar...


Süýji dilli, güler ýüzli bir ýaş ýigit bal satýarmyş. Ol şeýlebir nurana, özüne çekiji ýigitmiş welin, süýji ýylgyrşy bilen köňülleri eredermiş.


Ýaş satyjy bili boglan süýjä meňzeýärmiş. Çünki onuň çybyndan köp müşderisi barmyş. Şeýle özüne çekiji mylaýym ýigitmiş welin, meger zäher satsa onuň elinden bal şerbeti hökmünde kabul etjekmişler.


Günleriň birinde bir adam bu ýigidiň söwdasyny görýär we onuň gazanjyna göriplik edýär. Ertesi gün ol adam başynda baly, ýüzünde «sirkesi» bilen şähere aýlanyp başlaýar. Gykylyklap, köçe-köçe aýlanyp, balyny satjak bolýar. Emma näme üçindir balyna müşderi aňyrda dursun, bir siňek hem gonmaýar. Adam agşam gaty gamgyn we gahar-gazaply, eli gazançsyz öýüne gaýdýar. Gahardan ýaňa ýüzi-gözi gamaşyp duran adamsyny gören aýaly degişme äheňinde: «Ýüzi turşy bolanyň, baly ajy bolar» diýýär.


«Güler ýüz hem hormat, hem sowgat» diýilýär. Güler ýüzli, kalby päk adam hemme ýerde arzyly. Aslynda ýylgyrmak ählitaraplaýyn peýdalydyr. Şol bir wagtyň özünde ynam duýgymyzy güýçlendirýär. Şeýlelik bilen üstünligimizi artdyrýar. Gorkyny ýeňip geçýär, aladany we göwnüçökgünligi aýyrýar. Ýylgyrmak bagtlylykdyr.




Umyda KAKAÝEWA

41
126