gulia_maksatmyradowna
01.11.2023 19:10

Bir şereketiň dolandyrjysy golastyndaky işgärlerini bir seminara ugradýar. Seminara gatnaşan işgärleri tejribe gazanarlar, meseleleri has çalt çözmäň ugruny taparlar diýip tama edýär.


Belli bir okuw tapgyryndan soň bilermenler işgärlere howluda duran baýdak asylýan sütüniň uzynlygyny anyklamagy tabşyrýarlar. Işgärler derrew uzynlyk ölçeeýji gural bilen merdiwanlaryny süýräp gelýärler. Ýöne merdiwanyň boýy sütünden pes. Derrew gidip, stol getirýärler. Merdiwany stoluň üstünden goýýarlar. Ýene kelte bolýar. Täzeden stoluň üstünde oturgyç, onuň üstünde merdiwan goýýarlar. Ýöne yrgyllap duransoň bar zat ýykylýar.


Işgärleriň hemmesi bir ýere üýşüp, nädip ölçemelidigini maslahatlaşyp durkalar, olary ýoldan geçip barýanyň biri synlap duran eken. Ol adam howla girip, sütüni ýatyryp, metri bilen ölçeýär. Çykaran netijesini kagyza ýazyp, ýaňkylara berýär-de gidiberýär.


Işgärler ýaňky adamyň yzyndan ylgap barýarlar-da:


− Siz nähili gepe düşmez adam ekeniňiz. Biziň sütüniň uzynlygyny däl, beýikligini ölçejek bolýadyk− diýipdirler.


***


Adam öz nadanlygyny hernäçe gizlejek bolsa-da, barybir başartmaýar. Ylym öwrenmekde ar alyjy bolmaly däl. Ylmy kimden, nireden gelse almaly.

47
83
kizz
1 Noýabr 2023
@gulshatayewa97, hakyky 👍
mgm
1 Noýabr 2023
Bir mugallymymyň bize (okuwçylara) aýdan sözi ýadyma düşdi :"Men diňe öwretmäne däl sizdenem köp zatlary òwrenmäne geldim"
gulshatayewa97
1 Noýabr 2023
😂😂😂okuwy bilimine gutarmadyklaňam boljagy şoňa meňzeýä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.