Gadymdan galan harabalyklary bilen meşhur sebitleriň birinde gezip ýören, gadymy zatlary ýygnaýan adam harabalyga ýakyn oturan bir obanyň içinden geçip barýarka, görýän zadyna ynanmady. Kiçijik güjük gymmatbahaly gadymy tabakdan suw içip durdy! Güjügiň eýesi bu tabagyň gymmatyny bilmeýän bolara çemeli. Gadymy zatlaryň yşkynda gezip ýören ýaňky söwdagär tabagy ele salmak üçin özüçe bir pirim gurdy. Eýesinden bu güjügi satyp-satmajagyny sorady. Ol tabaga hiç hili üns bermeýän ýaly görünýärdi. Güjügiň eýesi parahat äheňde güjügini satmak niýetiniň bardygyny aýtdy. Yzyndanam:
− Bu güjüjegi men gaty gowy görýärin. Şonuň üçinem ony arzan satmaryn – diýdi. Güjüjege ep-esli nyrh kesdi. Söwdagär aňry-bäri çekeleşenden soň, onuň bilen razylaşdy. Güjügi gujagyna alyp, birneme ýöränden soň yzyna öwrülip geldi-de, türkana äheňde sorady:
− Nemele, güjüjek şu tabakdan suw içmäge öwrenişendir. Ony hem ýany bilen sowgat beräýiň?!
Söwdagäriň niýeti bellidi. Güjügi gymmat satyn aljak, tabagy-da ýany bilen mugt aljak, şeýdibem üýtgeşik söwda etjekdi. Ol özüni akylly, güjügiň eýesini bolsa türkana hasap edýärdi. Emma güjügiň eýesi tabagy bermekden kes-kelläm boýun towlady. Söwdagär hem öz diýenine tutdy:
− Gardaş, şu köneje tabagyň nämesi bar?! Beräý, sowgat etdigiň bor!
− Ýok, ýok. Tabagy berjek däl. Ony özüm ulanjak.
− Onda oňa-da bir nyrh kes-de, sat maňa! Näçe diýseň bereýin!
Güjüjegiň eýesi başyny ikiýana ýaýkap, soňky nokadyny goýdy:
− Satyp biljek däl. Diläbem oturma!
Söwdagär haýran galyp durdy. Öňündäki duran, obada ýaşaýan şu ýönekeýje adam güjügine diňe suw içirmek üçin ulanýan, gadyr-gymmatyndan bihabar şu tabagyny näme üçin satmaýarka?! Ol muny güjügiň eýesinden soranda, kimiň has akyllydygy belli boldy:
− Begim! Bu tabagyň üsti bilen näçe güjük satanymy bilýäňmi sen?!
Murat Çiftkaýa, türk ýazyjysy
Terjime eden:
Mustapa Begmuhammet