gulia_maksatmyradowna
29.10.2023 19:19

Suw perisini yzarlap...


1908-nji ýylda iňlis syýahatçysy Genri Gudzon «Newil» gämisinde Arktika suwlarynda iki aýlyk syýahatdan soň, gämi žurnalynda şeýle ýazgy galdyrdy: «Daňdan syýahatçylaryň biri gäminiň golaýynda suw perisini görüpdir. Onuň bilinden ýokarysy aýalyňka gaty meňzeşdi. Emma delfiniňki ýaly towlanyp duran guýrugy bar… »


Bu näme? Uzak wagtlap gury ýer görmedik deňiz syýahatçysynyň toslamasymy?


Adamzat taryhynyň dowamynda ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde adamlar suw perisini birnäçe gezek görüpdirler. Beýle wakalara XX asyryň ahyrlarynda – XXI asyryň başlarynda hem duş gelipdirler.


Gadymy rim alymy Pliniý Katta özüniň «Tebigat taryhy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Suw perileri hakynda şuny aýtmak gerek, olary deňiz jandarlary diýip hem aýdýarlar, olar dogrusyndaky rowaýatlara toslama diýip bolmaýar. Olaryň anyk şekilini çeken käbir suratkeşleriň ajaýyp suratlaryna syn edeniňde suw perileriniň bardygyna ynanýarsyň. Ine, şeýle suratlaryň birinde bütin bedeni teňňejikler bilen örtülen aýal bedeni anyk görkezilipdir»


Pliniý şunuň bilen bir hatarda suw perileriniň bardygyny tassyklaýan birnäçe deliller hem getirýär. Mysal üçin, adalaryň birinde güýçli suw daşgyny netijesinde 300-den köpräk deňiz jandarlary kenara zyňylypdyr. Olaryň arasynda deňiz pilleri, deňiz atlary we suw perileri hem bar eken.


Gadymy grek rowaýatlarynda suw perileri iki tebigatly jandar diýlip häsiýetlendirilýär. Olaryň bu sypaty biziň aňymyzda şeýle görnüşde janlanýar. Bu suw perileri, bir tarapdan, özleriniň owadanlygy, hilegärligi bilen deňizçileri we gämileri heläkçilige duçar edýän aldawçy bolsalar, beýleki tarapdan, gerek wagtynda olaryň ýakyn hemaýatçylarydyr.


Beýik açyşlar döwründe suw perileri hakynda Täze Dünýäniň syýahatçylary tarapyndan köp maglumatlar ýygnanyldy. Hristofor Kolumb we Jon Smit West-Hindistan suwlarynda suw perilerini görendiklerini aýdypdyrlar. Hatda J. Smit olaryň biriniň daşky keşbini hem suratlandyrýar: «Onuň gysyk we pökgeren gözleri, gaty gelşikli burny we birneme dikräk gulaklary bar. Ýöne ýaşyl, uzyn saçlary ony gözel diýdirenokdy».


1717-nji ýylda neşir edilen «Hindistanyň tebigatynyň taryhy» atly kitapda Indoneziýanyň Mollukga adalarynyň ýakynyndan tutulyp alnan üýtgeşik jandar hakynda şeýle ýazgy bar: «Onuň boýy 59 dýum (1 dýum – 25 mm) bolup, ol ýylanbalygy ýatladýardy… Ol suwly çelekde dört gün ýedi sagat ýaşady…. Her zaman ýuwaşja iňňildeýärdi, hiç zat iýmedi, köp wagt geçmänkä-de jan berdi».


1723-nji ýylda Daniýada suw perileriniň ýer ýüzünde hakykatdan-da ýaşaýandygyny tassyklamak üçin ýörite topar düzüldi.


1983-nji ýylda bolsa Wirjiniýa uniwersitetiniň (ABŞ) alymy Raý Wogner Ýuwaş ummanynyň Täze Gwineýa adasynyň töwerekleriniň günorta tarapynda adama meňzeş bir jandary iki gezek görendigini aýdýar. Emma psihoterapewt Linda Karter-Zik suw perileri hakynda düýbünden başga pikirde. Onuň aýtmagyna görä, suw perileri adamyň hyýalynda ýaşap gelýän syrly jandardyr. Okean adamlaryň aňyna täsir edip, olaryň hyýalynda suw perileriniň keşbini janlandyrýar.

46
277
djmurik
30 Oktýabr 2023
🥇
orazow96
29 Oktýabr 2023
👍
tmyigit76
29 Oktýabr 2023
Tutulyp alnan we suwly çelekde saklap öldürilen suw perä ýüregim awady. Adamdan wagşy zat ýokdyr😓🥺
tmyigit76
29 Oktýabr 2023
You tobede suw perileriň hakykydygy hakda wideolar görüpdim. Hatda rus kanallarynyň birinde onuň ýogalan jesedinem görkezdiler. Ýöne entägem ikirjiňlenýän🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.