gula
30.08.2024 06:09
Elbetde bu zatlar bardyr täleýde
Aglap ýaşyň süpürmegin ýandaga
Govşurup aýyryp bu goja dünýä
Aglatmagy övürüpdir endige.
Bilýän geň galýansyň,meniň sözlerme
Diýýänsiň içiňden "- bolşuň öňki däl"
Düşün keç hem şor maňlaýlaň içinde
Ikimiz ilki däl,hemem soňky däl
Bolmajak bolanda bolmaýar ahyr
Gögermeýär ekin eken bolsadyň.
Ýatlamalar on iki süňňüň eýelär
Ýüregiň aglaýar,gözleň gülsede.
Hasabyň nesibiň bolanda näme
Kişiň bagty,seni edenok bagtly
Durmuş nesýesine berenok hiç zat
Üzlüşmeli bolýar iru-giç nagtly.
Akylyň goýaldar bimöçber ýitgiň
Uýýansyň ýazgydyň munda barlygna
Seň gujagňa sygyp giň dünýä sygman
Göz yetirýän goja dünýäň darlygna.
Övrenişdim yoklugyňa kem-kemden
Bilýän gelişendir meň dakan öýmäm
Ýöne bagtly günlem ýa agyr günlem
Vah,senem ýanymda bolsadyň diýýän...
Sädi Sädiýew
14
34
0
gula
29.08.2024 17:34
Duýgulardan ýaňa döküljek bolýan
Püre-pür men, dos-doly men
Diri men!
Ah, şondada gözleriňe ilemmok
Başarammok ýüregiňe giribem.
Bulutlary demim bilen süýşürip
Nurlar sepýän seniň duran ýerlerňe
Ah,sen bolsa "- Ýagyş ýagýar" diýýäňde
Saýawan gözleýäň meniň deregme
Onsaň pikir bolup beýniňe girip
Gygyryp gygyryp adymy aýtýan
Ah,sen bolsa taşlap ähli işiňi
Ady meňzeş gyzyň ýanyna gaýtýaň.
Şahyrlygmyň, duýgurlygmyň, haýrynyň
degmejek ýerlerem bolýan ekeni
Alhepus seniň deý kütek adamam
Dogulaýjak eken dogaýjak eken...!
Aýgül Garaýewa
14
29
0
gula
28.08.2024 06:08
Bu ýerde birhili bulaşyklyk bar
Men "bar" diýsem, "ýok" diýjegne şübhe ýok
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.
Dört divardyr,
Üçegimiz bir biziň
Emma ol şonda-da etmeýär müýni
"Men gaýkyny söýýän,sen kimi?" diýýän
Ol arkaýyn jogap berýär:
"Küýküni!"
Diýýärin "-sen bileşleýin etýärsiň,
Çigişdirýäň aradaky düwüni"
Oň gözlegi tovuklaryň arpasy
Men söýýärin ýöne arpa suvuny.
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemmok.
Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän
Bolmajak bolanda,bolmaz ekeni
Ol-a meni söýýär!
Men ony söýýän!
Gurbannazar Ezizov
18
45
1
gula
26.08.2024 06:04
Söýmäge - bir pursat
Köýmäge - ömür
Diýmäge - birje söz...
Duýmağa köňül.
Daň ýyldyzy kibi
her täze günüň
işiginde sen düşýärsiň yadyma!
Kakamyrat Rejepov
20
28
0
gula
25.08.2024 17:44
" Bes et indi bar zady unudaly hoş gal...!"
diýip,soňky sözi aýdanam bolsam
Sähel zada çişip gaýdanam bolsam
Näme üçinka ýene sen ýadyma düşýäň?!
Arzuvlaň, ahmyrlaň, ýumagyn çöşläp
Şool duýgular meň daşyma geçende
Çyrpynyp, çyrpynyp, ýyllaň içinde
Näme üçinka ýene sen ýadyma düşýäň?!
Kämahal öz-özüm özüme duşman
Gövnüme giň dünýe daralýan ýaly
Hut şol pursat menden ar alýan ýaly
Näme üçinka ýene sen ýadyma düşýäň?!
Pagyşpara yşk derýasyn gulaçlap
Bu baharlar ömre ömür paýlanda
Salsal bolan köňli,alyp aýaňa
Näme üçinka ýene sen ýadyma düşýäň?!
Näme üçin bu söýgüň täleýi keçle..?
Senden ara açdym diýip ýörün men
Gör, sen bolsa mydam köňül törümde
Muny giç duýanym üçin bagyşla...!
Vagtal-vagtal...
Ah,sen ýadyma düşýäň.
Kakamyrat Rejepov.
21
56
1
gula
24.08.2024 16:15
Meni bugün terk edipdir duýgulam
Kalbymyň çuňunda sen galdyň-tenha
Maňa bu dünýäde hiçzat gerek däl
Saňa päk yşkymy govşursam...
Ynha.
Gövnümiň üstünden assa basyplar
Ýene geçip barýaň meniň duşumdan
Ýürek bir gobsundy: " Aýt aýdýan bolsaň ,
Belki günler gaýdyp sizi duşurmaz! "
Dogrusy...
Ýanyňa ýakynlaşdymam...
Aýtjak aýtjak bolýan,
Ýene ýaýdanýan
Näme üçin durmuşda iň zerur sözler
Kynlyk bilen aýdylýar...?!
Kakamyrat Rejepov
13
25
0
gula
23.08.2024 19:25
Birdenkä gitsem ömrüňden ýat bolup
Syrly syrly sözleriňi unutman
Şol galogoply duýgularyň icinde
Maňa beren yssy mähriň unutman
Her näçe avyly sözler diýsem-de
Käte gahar edip öýekelesem-de
"Git indi" diýip kalbyň oda atsam-da
Sensiz günüm geçmeýänin bilip goý
Her näçe tankytlar ýazyp övsemde
Hiçbir şahyr sençe ýokdur gövnümde
Şahyr diýip adyň aýtdym şu setirde
Yoklugyňda köz deý ýanarn unutma!
Ýitäýsem eger-de nätanyş bolup
Şool gaharly bakyşlarym ýatlagyn
Hiçhili yadygär yok bolsa menden
Şu goşgyny ýazypdy diýip ýatlagyn!
19
42
5
gula
22.08.2024 01:09
Uzaklara dikip ala gözleriň
Diýýäň "-Meni ýatlaýarmyň henizem?"
Köräp dursa ýakyp giden közleriň
Nädip seni ýatlamaýyn ezizim?!
Sensiz geçen gyşlar,ýagyşlar,garlar
Söndürmedi yşgymyzyň hovruny
Gaýta gozgap derdim ölçerip odum
Kän diňletdi,diňlemedik bövrümi.
Saman ýaly sovrulsada aý-ýyllar
Köne saman sovurmaklyk dogrumy?
Ýöne ilki duýgy,ilkinji söýgi
Unutmaga ysdyranok bognumy
Aýralygyň sebäbini gözledim
Dövüp,müň hyýaldan ýadan kelläni
Özümi diňlemän,özge diňledim
Başarmandym saňa "-Dolan" diýmäni...
Peýdasy ýok otly zovlap geçensoň
Hallan atyp,goluň bulap galanyň
Gözýaşlaryň şory siňip maňlaýa
Ýollarmyza saldy ençe talaňyn.
Ýatlamalar gurşap bütün durkuňy
Ýüreklermiz hasam beter diliner
Seň ýoluňa garap geçdi aý ýyllar
Kän garaşdym gelmejegňi bilibem.
Elde edenmizi eginde çekip
Aglamaly,ýazgarmaly ykbaly
Bir biregi günäkärläp her pursat
Mundan beter gövnümizi ýykmaly
Aýralykdan ar aljakdym bir kemsiz
Şonuň üçin gün geçmedi goşgusyz
Ykbal ýollarmyzy aýra salsada...
Munda baky ýaşar biziň yşgymyz...!
Sädi Sädiýew
17
29
1
gula
20.08.2024 02:30
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Ýylgyrşyň öňküdi,gözleriň öňki
Indi düýşlerdenem hyruç gözlämmok
Bir gez saralansoň bagtymyň reňki.
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Az gördüňmi öňki beren sütemiň?!
Bite gahar edip otlan ýorganyň
Ýüregimde lowlap ýatyr tütüni.
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Bir zatlar diýýärdiň,diýýärdiň aglap
Nädip ynanaýyn gözlem ýumukka
Gözlerim açykka gideňsoň aldap.
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Uz ýaşynyp oturdyň sen törümde
A men bolsa gözüm açyp ömündim
Ýatlamalar çykman eken serimden.
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Ýa düýşe ýazdymy seni täleýim
Men düýşde däl huşda ynanypdym-a
Sensiň öýdüp diregi bu älemiň.
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Bir dem ýatdan çykdy beren ezýetiň
Ýitireňsoň aýlanýarsyň aklyňa
Ýitirilse giňär eken gözýetim.
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Ýylgyrşyň gussaly,bakyşlaryň geň
Indi gelme! Girme! Ýalbarýan! çünki...
Gorkýan indi gelseň bagyşlaryn men...!
Sädi Sädiýev
16
47
6
gula
17.08.2024 18:01
Ynan indi garaşammok...
Garaşsamam bordy belki...
Ýöne ýadap "belkilerden"...
Umytlaň solupdyr reňki!
19
30
0
Yene yükle