gula
20.08.2024 02:30
Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Ýylgyrşyň öňküdi,gözleriň öňki
Indi düýşlerdenem hyruç gözlämmok
Bir gez saralansoň bagtymyň reňki.

Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Az gördüňmi öňki beren sütemiň?!
Bite gahar edip otlan ýorganyň
Ýüregimde lowlap ýatyr tütüni.

Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Bir zatlar diýýärdiň,diýýärdiň aglap
Nädip ynanaýyn gözlem ýumukka
Gözlerim açykka gideňsoň aldap.

Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Uz ýaşynyp oturdyň sen törümde
A men bolsa gözüm açyp ömündim
Ýatlamalar çykman eken serimden.

Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Ýa düýşe ýazdymy seni täleýim
Men düýşde däl huşda ynanypdym-a
Sensiň öýdüp diregi bu älemiň.

Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Bir dem ýatdan çykdy beren ezýetiň
Ýitireňsoň aýlanýarsyň aklyňa
Ýitirilse giňär eken gözýetim.

Sen ýenede meniň düýşüme girdiň
Ýylgyrşyň gussaly,bakyşlaryň geň
Indi gelme! Girme! Ýalbarýan! çünki...
Gorkýan indi gelseň bagyşlaryn men...!

Sädi Sädiýev
15
44
gula
21 Awgust 2024
@sazsoft, Mümkin...:)
g_nva06
21 Awgust 2024
Gorkyan indi gelseñ bagyşlaryn men..🥀
sazsoft
21 Awgust 2024
@gula, Dogry bolmaly şol :):(
gula
20 Awgust 2024
@sazsoft, Düýşler tersine bolýar diýip eşidipdim...)
sazsoft
20 Awgust 2024
«Indi gelme! Girme! Ýalbarýan! Çünki...,
Gorkýan indi gelseň bagyşlaryn men!» 😓
sazsoft
20 Awgust 2024
Düýn agşam düýşüme girdi. Bu agşam huşumda-da ýok. 😓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.