gula
04.09.2024 18:38
Edepli gyz duşuşyga giç gelýär
Garaşdyryp sabryň soňuna çenli
Eý,katdy-kamatyn küýseden bagtym
Sen juda edepli bolmaga çemli

Giç açylýar hoşboý ysly bägüller
Kemsiz ganyp tylla günüň nurundan
Bir gün beýhuş eder öýdüp ysyna
Ynamyma beýhuş bolup ýörün men...

Dolan aý giç dogýar
giç dogýar çenden,
Gijäni ýagtyldyp gündiz ýaly ol
Garaşaryn bagtym \"mümkin däle\"çen
Ýöne ýarym ýalta däl-de doly gel.

Özgäniň bagtyýar aýdymyn aýdyp
Garaşýan men saňa garaşýan bagtym
Sen gelersiň,ýöne men ynan gorkýan
Gelersiň öýdüp,bagta mätäç däl vagtym...

Nobatguly Rejepow
11
72
gula
13 Sentýabr 2024
@Tayler, Menem şeýle:)
Tayler
12 Sentýabr 2024
Şu şahyry halaýan👍
sazsoft
6 Sentýabr 2024
«Sen gelersiň, ýöne men, ynan, gorkýan
Gelersiň öýdüp, bagta mätäç däl wagtym» 😔💗
sazsoft
6 Sentýabr 2024
«Eý, katdy-kamatyn küýseden bagtym,
Sen juda edepli bolmaga çemli» 💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.