Uzaklara dikip ala gözleriň
Diýýäň "-Meni ýatlaýarmyň henizem?"
Köräp dursa ýakyp giden közleriň
Nädip seni ýatlamaýyn ezizim?!
Sensiz geçen gyşlar,ýagyşlar,garlar
Söndürmedi yşgymyzyň hovruny
Gaýta gozgap derdim ölçerip odum
Kän diňletdi,diňlemedik bövrümi.
Saman ýaly sovrulsada aý-ýyllar
Köne saman sovurmaklyk dogrumy?
Ýöne ilki duýgy,ilkinji söýgi
Unutmaga ysdyranok bognumy
Aýralygyň sebäbini gözledim
Dövüp,müň hyýaldan ýadan kelläni
Özümi diňlemän,özge diňledim
Başarmandym saňa "-Dolan" diýmäni...
Peýdasy ýok otly zovlap geçensoň
Hallan atyp,goluň bulap galanyň
Gözýaşlaryň şory siňip maňlaýa
Ýollarmyza saldy ençe talaňyn.
Ýatlamalar gurşap bütün durkuňy
Ýüreklermiz hasam beter diliner
Seň ýoluňa garap geçdi aý ýyllar
Kän garaşdym gelmejegňi bilibem.
Elde edenmizi eginde çekip
Aglamaly,ýazgarmaly ykbaly
Bir biregi günäkärläp her pursat
Mundan beter gövnümizi ýykmaly
Aýralykdan ar aljakdym bir kemsiz
Şonuň üçin gün geçmedi goşgusyz
Ykbal ýollarmyzy aýra salsada...
Munda baky ýaşar biziň yşgymyz...!
Sädi Sädiýew