gula
21.09.2024 06:56
Ýok ýatlama
Ýakmasana barybir.
Geçenleri ýatlap didäň ýaşlama
Ökünç bile
Ötünç bilen barybir
Gaýdyp barabilmeris biz ýaşlyga

Geçmişiň kölgesi gül deý keşbiňe
Ýakal kimin düşüp artmasyn müýnüň
Ras, düýnüň bagtyndan düşdikmi jyda
Gamynam unutmak derkardyr düýnüň!

Ähli zatda dolansa bor yzyňa
Hatda dolansa bor köýdürlen yşga
Emma hiczat galan däldir ýylanara
Ahmyrly,lezzetli gussadan başga...

Gaýdyp maňa ysnyşjagam bolma sen
Ýadyňa-da salma meni düýbünden
Çykaryn men uwnup çydap bilmeseň
Entek gyz päkligin saklan düýşüňden.

Diňe käte tötänden sataşan pilläň
Endam janyň jümşüldese,elense...
Özüňi ýitirip nätjegiň bilmän
Erk tapmasaň lagşap galan bedende

Şol pursat özüňi Serwim saýda sen
Kynam bolsa gitgin arany açda...
Birdem bagtyýar bol
Köýen söýgüden
Şondan uly bagta bolsa garaşma...!

Nobatguly Rejepov
10
39
gula
20.09.2024 06:43
Indi giç bulaň baryna
Wagt berdi netijesin
Umyt etmek didaryňa
Sabyr,gorky...
Netijesiz.

Gömüldi ýeriň göbegi
Seň baky mesgen ýeriňde
Ýetmez kimsäniň kömegi
Ykbalyň guran şerinde

Asmanyň aglasy gelýär
Çök düşemsoň dergähinde
Ýoluňy baglasym gelýär
Akyp ömrüň derýasynda

Ruhum bir ýan,janym bir ýan
Soňsuzlygyň serhedinde
Eje ot yakmaga baryan
Köýen bagtyň peltesinde...

Gülşirin Hanova
18
102
gula
19.09.2024 16:09
Senli umytlarmy özüň sökäýseň
Ýatda sakla gaýta nagyşlap bilmen
Göwnüň durman özgä yşkly bakaýsaň
Zynhar ol işiňem bagyşlap bilmen.

Çünki " ynam " bagtly durmuş sütüni
Şol sütüni ýykjak närse ikilik.
Eger vepaly ýar bolmajak bolsaň
Goý,ykbalma ýazylaýsyn ýekelik...

Onsuzam kän meň alada dertlerim...
Ýüregimiň bitmez ýaralary bar.
Başarsaň melhem bol,ynjytma hergiz
Ömür gysga,bir gün jan alary bar.

Bagtygül Taganowa.
9
110
gula
19.09.2024 00:14
Seni ýatlap birzat ýazasym geldi
Ah,senli günlere dolandy hyýal
Öňler joşup joşup goşgy goýýardym
Indem aglap otur elimde syýam...

Gözlem bir nokatda oýlanýan ýene
Ýa meň sada söýgüm dälmidi aýan?
Seniň pynhan sözleň,syrly bakyşlaň
Seniň çyn söýgüňi edýärdi beýan.

Ýa takdyry şeýlemika duýgulaň
Neçüýn myrat tapmadyka yhlasym?!
Ýeke jaýlap öz duýgumy gursaga
Ýeke tutdum şu güne çen,oň ýasyn...

Ýeke aglamaklyk hasam ejirli
Erbet eken hiçkim bermese hä-sin
'Geçeni geçdi bil" diýýän ýürege
Diýýär "Vah düşünýänä aýdýarsyň näsin?!"

Senli ýatlamalam günüme goýman
Ýene saňa alyp gitdi hyýallar
Demir ganat baglap uçanda näme
Saňa tarap äkitmese bu ýollar...!

Sädi Sädiýew
18
89
gula
17.09.2024 17:16
Bu ýaglyk dideleň röwşen nurumy
Gyz göwnüniň didarymy bu ýaglyk?!
Gudrat bilen,ýar,ýaglyga döndümi
Joşgun dilimizi bagladan ýaşlyk.

Ýa bu söýgüň göze görnen ruhumy,
Akdyran ýaşymy nerkes gözleriň?
Şu ýaglyk,
şu ýaglyk...
Şu ýaglyk dälmi?
Ejap edip aýtman giden sözleriň?!

Keşdeleri yşkyň pynhan dilinde
Ýürekden ýürege ýazylan hatmy?
...Ah,men söýgä düşünmändim gelende
Indi weli ol söýgi däl
Sungatdy...!

Nobatguly Rejepow
11
37
gula
16.09.2024 16:24
Sen goşgy okadyň söýgi hakynda
Meniň bolsa arzuwlarma baglanyp
Saňa!
Söýgüm gaýyp ýördi aklymda

Durmuş hakda toýda okadyň goşgy
Men durmuş gurupdum,bilýänem dälsiň...!
Diňläpdim kürteli,gözlerim ýaşly.

Ondan bäri köp goşgular okadyň!
Her okan goşguňda özümi gördüm
Mende jemlenerdi soňky nokadyň.

Haýyşym...
Ýüzüme düşüpdir ýygyrt
Ömür hakda,bagt hakda goşgy düz
Ölüm hakda ýazan goşgularňy ýyrt...!

Remezan Mätgurbanow
14
180
gula
15.09.2024 09:58
Hoş gal
hoş hyýal
boş hyýal
hoş gal.
Gaýdyp meniň gövnüm düýş deý aldama
Men seniň däl
men söýgüniň alnynda
Bütün durkum bilen bataýyn gama.

Söýgüniň sönenin satdy gözleriň
Hoşlaş,ýalbarmaýyn ýansada jiger.
Durmuş Nobatguly däldir ezizim!
Durmuş irde-giçde gövnüňe deger...!

Bagtly bolsaň
Söýülseň sen,
Söýseň sen,
Maňa orun bolmaz seniň ýadyňda
Bagtsyz bolsaň (gorkýan)görünerin men
Seniň damja-damja,damýan ýaşyňda...

Nobatguly Rejepov
9
34
gula
14.09.2024 06:48
Gamlanma sen...
Nemlenmesin dideleň
Hem soldurma ol hal atan terligi
Kim betbagt ol saňa özün ideden
Saňa goýup yşkyň elhenç derdini...

Gama batmak-ýitirmekdir ömürden
Sylsana ýaşyňy kirpikmen owaň
Yşkyň ýatlamasy bilen aşyklar
Söýgüsin ýedi ýyl edermiş dowam
Sen merdem bol
Merdem bol sen!
diňe şol
Söýgüde maksada ýetilýän ýoldur
Söýen bolsa ğaýdyp geler iru-giç
Bolmasa ýatlanňa degýänem däldir

Nobatguly Rejepow
11
34
gula
14.09.2024 00:55
Sen meni bagyşla gülüm,bagyşla
Diýip has kiçelen günüm bagyşla
Ynanyp bir kemsiz gözel ýoklugna
Çykarmadyk sesim üýnüm bagyşla!

Nijeme ýyl müýnli saýyp özümi
Bir ýazyksyz müýnüm üçin bagyşla
Eşretli sapaly daňa garaşyp
Boş geçiren düýnüm üçin bagyşla !

Şanyňa ýazylan sözleň baryny
Meň oraksyz oran dilim bagyşla
Şemala goşulşup zülpüň taryny
Hem daraksyz daran elim bagyşla!

Bir wagt synan duýgularňa öýkünip
Saňa tarap ätlemänim bagyşla!
Sakal ezmese-de soňky tüýkülik
Bugün ýene ýatlaýanym bagyşla!

Öňem gürlemedik,soňam kän dymdyk
Üýtjegek zat ýokdur,bu köne endik...
Ýatlamadan dolup duransoň sandyk,
Şu goşguny bagyşlanym bagyşla!

Elim bilen jaýlan ilki söýgümiň
Yzasymy,gara başy çalardan...?!
Öz biten ýerinde gadyrsyz gülüň
Jezasymy,gara başy çalardan?!

Sädi Sädiýew
11
33
gula
12.09.2024 22:27
Ýok lukman ýüregmi hiç kime bermen
Oň üçin pyçagňy gynama,lukman
Başga kişiň ýüregini götärne
Derdi-azar çekerine hovlukmaň!

Ony arzan alyp,arzan satmadym
Ol maňa berilen ömrüň ykbaly.
Men ony köçeden gözläp tapmadym
Indi bun çykaryp berärim ýaly.

Bolgusyz joşanda sesin diňdirdim
Hak söz diýeninde erk berdim doly.
Men oňa juda kän zehin siňdirdim
Gel-gel bun çykaryp bermezim ýaly.

Sag günüm bäsdeşim ummandy-umman
Höwesimdi köňlüm alan ýerlerim
Meniň bu dünýäde bir baýlygym bar-
Olam aýdyp ýetişmedik syrlarym...

Başga biri üçin gursagma kakyp
Hakyň ýok syryma gulak asmana,
Ýürekler diwar däl...
Oňa çüý kakyp
Soň şo çüýden başga pikir asmaga!

Nämä degseňizem degmäň ýürege
Mydam ýürekleri sylamak gerek
Salmaň ony başga bir del kükrege
Agyr düşer del syrlary götermek?!

Gurbannazar Ezizov.
14
119