gula
16.09.2024 16:24
Sen goşgy okadyň söýgi hakynda
Meniň bolsa arzuwlarma baglanyp
Saňa!
Söýgüm gaýyp ýördi aklymda

Durmuş hakda toýda okadyň goşgy
Men durmuş gurupdum,bilýänem dälsiň...!
Diňläpdim kürteli,gözlerim ýaşly.

Ondan bäri köp goşgular okadyň!
Her okan goşguňda özümi gördüm
Mende jemlenerdi soňky nokadyň.

Haýyşym...
Ýüzüme düşüpdir ýygyrt
Ömür hakda,bagt hakda goşgy düz
Ölüm hakda ýazan goşgularňy ýyrt...!

Remezan Mätgurbanow
13
165
gula
Düýn 00:03 wagtda
@okyyjy, mümkin,galan goşgularynda nämäni aýtjak bolyanyny azda kände seljerip bolýar...
okyyjy
Wednesday 19:50 wagtda
@flowers_, şony aýtýanda
okyyjy
Wednesday 19:50 wagtda
@gula, çylşyrymly pikir ýöretmäni başarýa. Bu goşgysynada çylşyrymly pikirleri kemçilik etýär(meň pikirimçe)
flowers_
Wednesday 14:59 wagtda
Mañzyña batanok birhili
flowers_
Wednesday 14:58 wagtda
@okyyjy,hawa, başam soñam ýok ýaly bolupdyr😐
gula
Wednesday 14:38 wagtda
@okyyjy, Mümkin menem şeýle govy ýazýar...) Ýöne aýtjak bolýan pikirlerini bukuvyrak beýan etýä diýmeseň...
okyyjy
Wednesday 00:13 wagtda
@gula, Remezan agaň goşgylaryny halap okaýan aslynda, gündelikdäki setirler bolmagy ahmal onda.
zumer_chas
Tuesday 16:07 wagtda
Post goyup bolanokla dine menkide sheylemi
gula
Tuesday 16:00 wagtda
@matsuriken, Dogry bu bir gyzyň durmuşy ýa-da gündeliginden alynan...
gula
Tuesday 15:47 wagtda
@okyyjy, Näme ýetmän biler? Bu goşgy däl hem bir gyzyň gündeligi bolşuna görä bent görnüşinde ýazam bolmagy ahmal...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.