gula
14.09.2024 00:55
Sen meni bagyşla gülüm,bagyşla
Diýip has kiçelen günüm bagyşla
Ynanyp bir kemsiz gözel ýoklugna
Çykarmadyk sesim üýnüm bagyşla!

Nijeme ýyl müýnli saýyp özümi
Bir ýazyksyz müýnüm üçin bagyşla
Eşretli sapaly daňa garaşyp
Boş geçiren düýnüm üçin bagyşla !

Şanyňa ýazylan sözleň baryny
Meň oraksyz oran dilim bagyşla
Şemala goşulşup zülpüň taryny
Hem daraksyz daran elim bagyşla!

Bir wagt synan duýgularňa öýkünip
Saňa tarap ätlemänim bagyşla!
Sakal ezmese-de soňky tüýkülik
Bugün ýene ýatlaýanym bagyşla!

Öňem gürlemedik,soňam kän dymdyk
Üýtjegek zat ýokdur,bu köne endik...
Ýatlamadan dolup duransoň sandyk,
Şu goşguny bagyşlanym bagyşla!

Elim bilen jaýlan ilki söýgümiň
Yzasymy,gara başy çalardan...?!
Öz biten ýerinde gadyrsyz gülüň
Jezasymy,gara başy çalardan?!

Sädi Sädiýew
11
28
okyyjy
14 Sentýabr 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.