gul✿
10.05.2024 23:54
Bir ge­zek­ ýe­ne bir Sarygülüñ aşygy hemde sa­ty­jysy ma­ňa şeý­le söz­le­ri
aý­dyp­dy:
«Goý, bi­ze bu tä­sin dün­ýä­niň äh­li ah­wa­latla­ry­na dü­şün­mek mi­ýes­ser et­mese etmesin ýöne kal­by­myz
bir sa­ry gü­lüň ýü­re­gi­ni du­ýup bil­jek de­re­je­de­ syzgyr bol­sun!
28
186
gul✿
15.04.2024 14:49
Zemin aylanyp dur.
Onatlyk öran!
Hiç bir güyje on yoluny tutma yok.
Dünyan her gülünde men seni göryan,
Şonun üçin bu dünyeden gitme yok.
- -
Düşündirip bolýan zatlaryñ bary
Söýgi däl biz muny owaldan bilýäs
@Gurbannazar_Ezizow

Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.
Men welin ölýänçam dem alman sensiz.
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam,
Her harpyň içinde Sensiň... Sensiň...Sensiň.
- -
Söýgiñ nämedigin bilýän adam ýok
Ýöne men şonda-da bir zada belet
Söýmek üçin söýülmegiñ gerekdir
Söýülmegiñ üçin söýmegiñ gerek.
@Kerim_Gurbannepesow

Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan
Eger-de söýmeseň…
Söýmeseň söýme.
Meniňki şol bir söz:
- Men seni söýýän
@Halyl_Kulyew

Goşgy ýazýar bu gün ýüregi para,
Aýralyk derdine tapylmaz çäre,
Aşyk oglan gözýaş döker biçäre,
Ahmyr-arman bilen ýatlarsyñ meni!
@Babageldi_Gurbanow (Aşykbaba)

Gyş howasy. Töwerek daş akja gar.
Geçen ol günleri ýadyma salýar.
Utanyp çekerdiň meniň gollarym,
Bagtym üçin alyslarda galan ýar.
@Batyr_Abdykadyrow ( Intizar )

Bagtly bolsaň, söýülseň sen, söýseň sen,
Maňa orun bolmaz seniň ýanyňda.
Bagtsyz bolsaň, gorkýan, görünerin men,
Seniň damja-damja daman ýaşyňda.
@Nobatguly_Rejepow

Oňde baharym, gyşym
Gowgasy kän bu başyň
Iň soňkuja haýyşym
Bu maňlaýy şor etme
@Sahribossan_Geldimammedowa

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...
@Berdinazar_Hudaynazarow

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,
Döredeli bile başga dünýäni .
Gel sen meni sensizlikden halas et ,
Soň ýaşabereli başgalar ýaly .

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .
Gitseň goşgylarym jemlener belki ,
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.
@Gerceknazar_Amannazarow

Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan,
“Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem.
Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň,
Wah, men muny juda anyk bilýänem
welin,
Nämüçindir, ynjalygym ýok,
Gursagymy gyýyp barýar bir ynjy.
Hawa, sen akylam, dünýä hem däldiň,
Ýöne gyzlaň arasynda birinji –
Ähli gyzdan zyýadadyň.
Melekdiň,
Owadandyň.
Ajaýypdyñ...
@Sapa_Hommadow

Seni küýsäpler mydama,
Keşbiň çekip hakydama,
Öwrülipler hak pidaňa,
Seň yşgyňda dälidimle,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Yşk dünýämi örtdi duman,
Aýralykda geçmez zaman,
Göwnümde galdyrman güman,
Meni ýüpsiz bagladyňla,
Sen gitmejek ýalydyň-la!
@Suleyman_Tekayew
34
203
gul✿
15.04.2024 02:05
Sen hakda oýlara batanymda, gel!
Çöl egne gök donun atanynda, gel!
Ak topugňy gizläp, uzyn köýnekli
Garrylar-gurtular ýatanynda, gel!
Başga-başga zatlaň oýun edýärkäm,
Bir pursat ýadymdan çykanyňda, gel!

@G_EZIZOW
31
165
gul✿
14.04.2024 21:26
Bir oglanjykdan: «Bagyşlamak näme?»
diýip soranlarynda, ol täsin jogap beripdir: «Bu tötänden üstüne basylanda gülüň müşki-anbar ysyny eçilmegidir».
52
421
gul✿
11.04.2024 15:51
Ýigreniñ meni.

Söýýän sözün ýele sowrup ýörenler,
Size haýpym gelýä ýigreniñ meni.
Nädeýin gödek men, ýasalşym şeýle
Ikilenç halamok ýigrenenlerimi.
Namart siz, mahluk siz, ruhy hassa siz,
Ynanjan ýürekler siziñ pidañyz,
Ajdarha deý doýdum-doldum ýok sizde,
Sizi hem görýändir siziñ hudañyz.
Gözüñüz gorkanok duýdyryşlardan,
Ant içýäñiz öñ, soñuna seretmän.
Diliñizde toba, ýasama iman,
Wyjdany bir yzyñyzdan ýöretmäñ!
Ýukalygym gursun, ,,düýedaban,, däl,
Ikilenç halamok ýigrenenlermi.
Söýýän sözün ýele seçip ýörenler,
Sizi men ýigrenýän, ýigreniñ meni.

✓Ýazmyrat Çörli 22.02.14.ý.
41
336
gul✿
10.04.2024 19:16
Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyñy nur edip üstüme dökýäñ.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryñ gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyñy sylyp ýüzüme,
Gararyn belentden ýeriñ ýüzüne.

@G_EZIZOW
36
91
gul✿
26.03.2024 21:01
Tekepbir Gül 🌹


 Mylaýym bahar günleriniň birinde, gyzylja gül daş-töweregine gözellik paýlap, açylyp otyrdy. Gülüñ golaýyndaky ananas agajy: “Nähili owadan gül. Menem şonuň ýaly ajaýyp bolsadym” diýýär. Başga bir agaç bolsa: ”Mähriban ananas, gamlanma. Hemme zat bir zatda jemlenip bilmez” diýip, ananasa göwünlik berýär.

 Bu gürrüňlerden özüçe many çykaran gül: “Bu sözler tokaýyň iň owadan güli mendigimi aňladýar” diýip, buýsançly dillenýär. Şolbada Günebakar sary kellesini ýokary galdyryp, gülden soraýar: “Näme üçin beýle diýýäň? Tokaýda owadan güller köp. Sen olaryň içinden diňe birisi ahyry”. Gül ulumsylyk bilen jogap berýär: “Hemmeler meniň gözelligime haýran galmak bilen seredýärler”. Soňra bägül kaktusa seredip, göwnüýetmezçilik bilen sözüni dowam edýär: “Hana, ähli ýeri tiken-tiken bolup duran kaktusa serediň, maňa serediň!”

 Gülüň bu sözlerinden göwni suw içmedik ananas agajy dillenýär: ”Gyzyl gül, sen nämeler diýýäň?! Seniňem tikenleriň bar ahyry. Owadanlygyň, gözelligiň aslynda, nämededigini bir bilsediň, beýle gürlemezdiň!”

 Tekepbir gül ananas agajyna gaharly seredip, jedirdäp başlaýar: ”Men seniň gowy tagamyň bardyr öýdüp pikir edýärdim. Sen bolsa gözelligiň nämedediginem anyk bilmeýän ekeniň. Meniň tikenlerimi hiç haçan kaktusyň tikenleri bilen deňeşdirip bilmersiň”.

 Gülüñ bu sözlerinden soň agaçlar başlaryny ýaýkaşdylar: ”Nähili tekepbir gül”.

 Şondan soňra gül gahar edip, köklerini kaktusdan uzaklaşdyrmaga synanyşýar, emma başaryp bilmeýär. Şol bolşuna-da hüňürdeýär: “Şeýle ösümligiň goňşusy bolanyma diýseň gynanýan. Gynansak-da, tebigatda hiç zada peýdasy bolmadyk ösümliklerem ýaşaýar”.

 Kaktus bu sözleri birjikde göwnüne almaýar, hatda gedem gülüň sözlerine jogabam bermeýär.

 Bahar sowlup, howa gün-günden yssy bolup başlaýar. Ýagyş ýagmaýandygy üçin, tokaýda ýaşaýyş kynlaşýar. Biziň tekepbirje gülimiz bolsa yssa çydaman, ýuwaş-ýuwaşdan solup ugraýar. Şeýle jöwzaly günleriň birinde gül serçeleriň kaktusa gonýandyklaryny soňra janlanyp, uçup gidýandiklerini görýär. Gül bu ýagdaýa düşünmän, ananas agajyndan soraýar. Ananas agajy bolsa serçeleriň kaktusdan suw alýandyklaryny aýdýar. Gül ananasdan: ”Olar kaktusyň janyny agyrtmaýarmyka?” diýip soraýar. “Elbetde, agyrdýar, ýöne ol guşlaryň halyna dözmeýär”. Bu jogaba gül tolgunyp, gözlerini uludan açýar. “Diýmek, kaktusda suw köp-dä?” “Elbetde, ondan senem içip bilersiň. Sen kaktusdan kömek sorasaň, serçeler saňa-da suw getirip bererler”.

 Gül kaktusdan suw soramaga diýseň utanýar, şonda-da ahyry gyzaryp-bozaryp soraýar. Kaktus bolsa gül bilen mähirli ylalaşyp, dessine oňa suw berýär. Serçeler agyzlaryny suwdan dolduryp, güliň köklerini suwa ýakýarlar.

 Şeýlelikde, gül daşky görnüşe garap, baha bermegiň dogry däldigini öwrenýär we bu oňa uly sapak bolýar.

Iňlis dilinden terjime eden: Ogulsuraý MEDEDOWA
40
130
gul✿
26.03.2024 12:18
1.Söýgi – bu göwün göteriji we güýje-güýç goşýan zat. Söýgi bagtsyzlara bagt paýlaýar.
* Lew Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy.

2. Biz öz-özümizi öňküden-de beter söýmegi­miz üçin, beýlekileriň söýgüsini gazanmaga çalyşýarys.
*Didro Deni, fransuz filosofy.

3. Söýgüden gorkýan durmuşdanam gorkýan­dyr, durmuşdan gorkýan bolsa, ölüniň üç­ den biri ýalydyr.
* Rassel Bertran, iňlis filosofy.

4.Söýgi biziň ýaşaýşymyzyň gözbaşy hem-de ahyrydyr. Söýgisiz ýaşaýyş ýokdur.
* Konfusiý, gadymy hytaý akyldary.
34
108
gul✿
25.03.2024 09:46
KONFUSIÝ

1.Diňe ýagşylyk bagta eltýär.
2.Adamda ýeterlik derejede synanyşyk bolmasa üstünlik gazanyp bilmez.
3.Akylly adam özi üçin ýakymsyz bolan zady başgalara etmez.
4.Bilime eltýän üç ýol bar, olardan: pikirlenmek ýoly iň asylly ýol, öýkünmek ýoly iň aňsat ýol we iň kyn ýoly bolsa tejribe ýoly.
5.Bilimiňiziň ýoklugyny yzygiderli duýýan ýaly we bilimiňizi ýitirmekden elmydama gorkýan ýaly öwreniň.
6.Hiç haçan ýykylmadyk beýik däl, ýykylyp ýerinden turan beýikdir.
7.Oýlanman öwrenmek peýdasyz.
8.Hemme zatda gözellik bar, ýöne ony görmek hemme kişä başardanok.
9.Asylly adam özünden talap edýär, nadan adam başgalardan.
10.Aslynda durmuş ýönekeý, ýöne biz ony çylşyrymlaşdyrýarys.
11.Uly bagty söýülende, hakyky bagt söýeniňde taparsyň.
12.Diňe nadanlygyny bilip, bilim gözleýän adama görkezme ber.
13.Näçe haýal ýöreýändigiňiz möhüm däl, esasysy durmasaňyz bolýar.
14.Işleriňiziň çalt ýerine ýetilimegini islemek, olaryň düýpli ýerine ýetirilmegininň öňüni alýar.
15.Beýik adam gürleýşinde sada, hereketlerinde beýikdir.
16.Beýik adamyň maksady hakykatdyr.
17.Dymmat hiç wagt dönüklik etmeýän dost.
18.Size mynasyp däller bilen dostlaşmaň.

Toplan: A.KURÝAZOWA.
39
84
gul✿
25.03.2024 00:17
“Zäherlenýän başga güli ysgasam...”

Her kimiň öz dünýäsi bar dünýäde
(Täleýden, kysmatdan, ykbaldan başga),
Parhy ýok: şu günmi, ertir, düýn ýa-da
Sensiz ýaşap bilýänimi bagyşla;
.
Bagyşla kalbyma, aňyma siňen
Perişde deý durkuň bilen oňýanym —
Gazanmadym, ýüz müň dürli öwsübem,
Birje gezek eden işim oňlanyň.
.
Tas özümi ýitiripdim ýoluňda,
Tas elden gidipdi kelebiň ujy.
Duýdum: perişde-de galmaz ornuňda,
Özüm bilen deň ýitirsem hyrujy.

Düşün meň düşünip bilmeýänime,
Kesgitlemäň ýokdugyna heserme,
Özüm ýazyp, özüm geňleýänime,
Özüň kürsäp urşuň her bir eserme;
.
Düşün ahyr: men düşünip bilemok,
Zäherlenýän başga güli ysgasam,
Seň bilenem degşip-gülşüp bilemok —
Artyk sözleň uzynlaram, gysgasam.
.
Öz-özüme artýan ýigrenjiň ujy
Ýeter öýdüp gorkýan senli dünýäme;
Ol bolsa şeýlebir, şeýlebir süýji —
Meň nähili söýýänimi bilýäň-ä!..

Parhy ýok oň: sogapdamy, günäde —
Her gülüñ öz dünýäsi bar dünýäde…

©Çary ATAÝEW
34
85