gul✿
15.04.2024 14:49
Zemin aylanyp dur.
Onatlyk öran!
Hiç bir güyje on yoluny tutma yok.
Dünyan her gülünde men seni göryan,
Şonun üçin bu dünyeden gitme yok.
- -
Düşündirip bolýan zatlaryñ bary
Söýgi däl biz muny owaldan bilýäs
@Gurbannazar_Ezizow

Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.
Men welin ölýänçam dem alman sensiz.
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam,
Her harpyň içinde Sensiň... Sensiň...Sensiň.
- -
Söýgiñ nämedigin bilýän adam ýok
Ýöne men şonda-da bir zada belet
Söýmek üçin söýülmegiñ gerekdir
Söýülmegiñ üçin söýmegiñ gerek.
@Kerim_Gurbannepesow

Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan
Eger-de söýmeseň…
Söýmeseň söýme.
Meniňki şol bir söz:
- Men seni söýýän
@Halyl_Kulyew

Goşgy ýazýar bu gün ýüregi para,
Aýralyk derdine tapylmaz çäre,
Aşyk oglan gözýaş döker biçäre,
Ahmyr-arman bilen ýatlarsyñ meni!
@Babageldi_Gurbanow (Aşykbaba)

Gyş howasy. Töwerek daş akja gar.
Geçen ol günleri ýadyma salýar.
Utanyp çekerdiň meniň gollarym,
Bagtym üçin alyslarda galan ýar.
@Batyr_Abdykadyrow ( Intizar )

Bagtly bolsaň, söýülseň sen, söýseň sen,
Maňa orun bolmaz seniň ýanyňda.
Bagtsyz bolsaň, gorkýan, görünerin men,
Seniň damja-damja daman ýaşyňda.
@Nobatguly_Rejepow

Oňde baharym, gyşym
Gowgasy kän bu başyň
Iň soňkuja haýyşym
Bu maňlaýy şor etme
@Sahribossan_Geldimammedowa

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...
@Berdinazar_Hudaynazarow

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,
Döredeli bile başga dünýäni .
Gel sen meni sensizlikden halas et ,
Soň ýaşabereli başgalar ýaly .

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .
Gitseň goşgylarym jemlener belki ,
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.
@Gerceknazar_Amannazarow

Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan,
“Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem.
Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň,
Wah, men muny juda anyk bilýänem
welin,
Nämüçindir, ynjalygym ýok,
Gursagymy gyýyp barýar bir ynjy.
Hawa, sen akylam, dünýä hem däldiň,
Ýöne gyzlaň arasynda birinji –
Ähli gyzdan zyýadadyň.
Melekdiň,
Owadandyň.
Ajaýypdyñ...
@Sapa_Hommadow

Seni küýsäpler mydama,
Keşbiň çekip hakydama,
Öwrülipler hak pidaňa,
Seň yşgyňda dälidimle,
Sen gitmejek ýalydyň-la!

Yşk dünýämi örtdi duman,
Aýralykda geçmez zaman,
Göwnümde galdyrman güman,
Meni ýüpsiz bagladyňla,
Sen gitmejek ýalydyň-la!
@Suleyman_Tekayew
34
203
myrataly_
9 May 2024
@gul✿, Okuwlar gowmy
myrataly_
9 May 2024
@gul✿, ozim Myrat bolsamam ŷagdaŷlam ŷagşy). Biz hacandan bari niz bolduk. Gynanma duzederis ony)
myrataly_
9 May 2024
@gul✿, Salam gowmy ŷagdaŷlaň. Indi gaytalamajagyna soz bersen,gecirimlilik etse bolar)
myrataly_
9 May 2024
Owrenmeliden yitip gitdenininz ucin sizi jenayat jogapkarciligine cekyas hormatly agza)
PILOT👮‍♂️✈🛩
9 May 2024
salam
tmyigit76
15 Aprel 2024
Dünýäň her gülünde men seni görýän 🌹👍🏻
Bitter
15 Aprel 2024
@gul✿, yoklay sahyr bln bir problemam yok. Barda gynansagam adamlarda sobir zatda donup galmak, sahyrlaram bar zady yazyandyrda
Bitter
15 Aprel 2024
...son yasabereli basgalar yaly..
Bitter
15 Aprel 2024
2nji gosgy yaly gosgular,ya sona menzes duygy,pikirdaki adamlary hlmk birhili
nabat_
15 Aprel 2024
🥺🥺👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.