“Zäherlenýän başga güli ysgasam...”
Her kimiň öz dünýäsi bar dünýäde
(Täleýden, kysmatdan, ykbaldan başga),
Parhy ýok: şu günmi, ertir, düýn ýa-da
Sensiz ýaşap bilýänimi bagyşla;
.
Bagyşla kalbyma, aňyma siňen
Perişde deý durkuň bilen oňýanym —
Gazanmadym, ýüz müň dürli öwsübem,
Birje gezek eden işim oňlanyň.
.
Tas özümi ýitiripdim ýoluňda,
Tas elden gidipdi kelebiň ujy.
Duýdum: perişde-de galmaz ornuňda,
Özüm bilen deň ýitirsem hyrujy.
Düşün meň düşünip bilmeýänime,
Kesgitlemäň ýokdugyna heserme,
Özüm ýazyp, özüm geňleýänime,
Özüň kürsäp urşuň her bir eserme;
.
Düşün ahyr: men düşünip bilemok,
Zäherlenýän başga güli ysgasam,
Seň bilenem degşip-gülşüp bilemok —
Artyk sözleň uzynlaram, gysgasam.
.
Öz-özüme artýan ýigrenjiň ujy
Ýeter öýdüp gorkýan senli dünýäme;
Ol bolsa şeýlebir, şeýlebir süýji —
Meň nähili söýýänimi bilýäň-ä!..
Parhy ýok oň: sogapdamy, günäde —
Her gülüñ öz dünýäsi bar dünýäde…
©Çary ATAÝEW