gul✿
03.10.2024 20:31
Ynsanlaryň käbiri tä özüni bilen gününden başlap, ruhuna ruh goşjak ruhdaşy agtarýarlar. Üns berseňiz, ýanýoldaş ýa-da yşkdaş (bu meň oýlap tapan sözüm) diýýän däldirin.Gaýta-gaýta ýanjaýaryn: Ruhdaş. Ruhlaryň hatda meňzeşligem däl bir bolmagy, seniň ruhuň "göçürmesiniň" başga-da kimdir birinde bar bolmagy.
Mahal-mahal pikir edýärin: Haçan ruhdaşymyň gözlegine çykyp başladymkam?
Ýatkeşligime ýüz tutup, geçmişiň ýatlamalaryna dolanan pursadymda munuň çak edişimdenem ir ýüze çykandygyna göz ýetirýärin. On-on bir ýaşlarymda, belki ondanam irki ýaşlarda töweregimdäkileriň hiç haýsysynyň özüme meňzemeýändigine düşündim.
Göräýmäge, daşyndan barymyzam bir ýaly. Çuňluga aralaşsaň welin, men olardan juda parhly. Şahyr aýtmanmydyr:

"Olar juda meňzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meňzänok"...

"Parhly" diýmek bilen artykmaçlygy-da, kemçiligi-de göz öňünde tutamok. Diňe ruhy dünýälerimiziň başgaçadygyny nygtaýaryn. Şol başgaçalyga düşünenimden soň adamlardan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşyp ugradym. Töweregimdäkileri içgin-içgin synladym. "Bular maňa meňzänok. Ýöne bir ýerlerde maňa meňzeýän ynsan bolmaly ahyry". Şeýle pikirler bilen özümem bilmezden ruhdaşymy agtarmaga çykypdyryn.
Giden ýerlerimde, ýolda, awtobusda, köpçülik çärelerinde nätanyş adamlary synlap, gürrüňdeş bolup, gysga salymyň içinde içki dünýälerine mümkin boldugyça aralaşmaga synanyşdym. Eger aralaryndan ony tapsadym, duşsadym: "Sen meniň ruhdaşym! Ahyry gabatlaşdyk" diýip, öz akyl ýetiren hakykatymy oňa-da buşlajakdym.


MENI MENDEN SORA !
--------------------------------------
MAHYM NURGELDIÝEWA
11
97
gul✿
02.10.2024 21:18
Göwünlik

Zeleli ýok, undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.

Kim bilipdir öňden beýle boljagyn,
Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar.
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim
Ahmyryny ýele-göge sowurýar.

Aý, nätjek-dä, pelek işi, gysylma,
Baky däldir munda hiç zat, hasradam.
Bir gün geler, bagt gysdyrar gysymňa
Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.

Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň,
Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen!
Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän,gama boglup gezme sen!



A.HANOW
14
43
gul✿
01.10.2024 23:44
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Sapa HOMMADOW
13
59
gul✿
30.09.2024 13:25
Kiçijik çagañ iç sesi

Täze ejem öýden haçan giderkä,
Köne ejem öýe haçan gelerkä?
Kakam ýokka maňa "Ýetimçe" diýýär,
Muny täze ejem näme üçin diýýär?
~
Ony köne ejem gelen mahaly,
Aýtsam täze ejeme geler gahary.
Köne ejem gelenok,
Eýýäm ýaz düşdi,
Köne ejem gelenok,
Bugdaýlar bişdi.
Köne ejem gelenok,
Döwek döwülýär,
Ýa öýmüzden ýagşymyka öwlülýä?


O. Daşgynow.
17
113
gul✿
29.09.2024 12:24
AHWAL

Ýüregim kagyza ýara salmasa,
Ahwalyma kim düşüner, ýogsa-da.
Indi, hiç zat meni yza dolamaz
Däliräp, sil bolup çabga ýagsa-da,
Gözlärin dünýämi doldurjak zady.
Käte adamlary siňe synlasaň,
Baglanyşyklydyr dady-perýady.
Hatda meňzeş gözden gaçan damjada.
Käte öz-özümi görýärin menem,
Şindi açylmadyk näzik gunçada.
Bilbil saýramasa, aşyk bolmasa,
Gunça açylara sebäp barmyka?!
Meni tapman, gözýaş döküp bilbilim,
Sülleren del güli suwarýarmyka…

°°°

ÖZELENMEK

Maňa “dem alma” diý,
Ýok, “ýaşama” diý,
Men bularyň ählisine kaýylam.
Men bir-ä seň gara gözleň aşygy,
Birem dünýäň şygyrlarna maýylam.
~
Ýüregimi ikä böldüm, bir taýy
Şygyrlamda,
Ikinjisi gözleňde.
Ikisini birleşdirmesem eger,
Ýokdur maňa bu bolşumdan özgerme.
~
Ah, jansyz jemendä öwrüljegimi
Bilip durkaň “ýazmagyňy kes” diýme.
Haýyş, maňa “bes” diýme.
~
Goý, ýarasyn il derdine
Derdimden çykarsyn meni,
Sazlaşykly sözleň jemi.


A. ANNABAÝEWA.
10
80
gul✿
28.09.2024 14:24
☆..Biziñ ýylgyrşymyza sebäp bolan ynsanlary aňsatjak unudyp, gözýaşlarymyza sebäp bolanlary ömürlik ýatda saklaýarys.

☆..Köplenç, biziň şu günki tukatlygymyza düýnki şatlygymyz hakdaky gamgyn ýatlamalar sebäp bolýar.

☆..Özüňe kömek etmegiň ýeke-täk ýoly başgalara sylagyñy, hormatyñy saklap, hemaýat bermekdir.

☆..Dünýädäki ähli soraglara jogap tapan men, diňe bir soraga jogap tapyp bilmedim. Ol sorag: «Men kim?»"
9
46
gul✿
27.09.2024 22:35
"Ruh gözelligi."







Içimiz owadan bolmasa, daşky keşbimizem, gylyk-häsiýetimizem owadan bolmaz. Ynsan üçin daşky dünýä, özüni synlaýan bir aýnasy ýalydyr. Ynsanyň daşky gözelligi, içine täsir etmez, emma, içki gözelligi daşyna täsirini ýetirer. Sebäbi, daşky gözelligi Alla berýär. Içki gözelligimiz üçin, akylly saýlawlar, islegli tagalla etmegimiz gerek. Içi, ýagny, ruhy owadan ynsanlar, ilki içinde bir yşyk ýakyp soňra ony daşlaryna çykaryp bilýänlerdir.
Halama we halanylma şekil ýoly bilen bolýar. Çünki, daşky dünýäni duýmakda wizual kanallar has agdyklyk edýär. Umuman, göz bilen beýni arasyndaky nerwler, gulak bilen beýin arasyndaky nerwlerden takmynan ýigrimi esse güýçlidir. Täze tanyşan adamymyzyň adyny unudyp bileris, emma ýüz şeklini unutmarys. Çünki ýüz, şekilli bir surat hökmünde beýne, aňymyza has güýçli ýazga geçirilýär.
Daşky görnüş, isle halamagyň, isle halanmagyň jan damarydyr.
Täsir etmekde we täsir edilmekde ilkinji täsir örän zerudyr. Birini ilkinji gezek görenimizde ýa özüne çekiji ýa-da ýigrenji göreris. Bu ilkinji täsir aňsat-aňsadam üýtgemez. Şu sebäpli, ynsanlara daşky görnüşimiz we hereketlerimiz bilen gowy täsir etmäge synanyşmaly. Başgalaryň üstünde galdyrylan täsiriň möhüm bölümem daşky görnüş, bakyşlar (nazar) we ses bilen baglydyr. Başgalaryna gowy täsir eden ynsanlaryň daşky görnüşleri özüne çekiji, gözleri parlap duran, ses tony mylaýymjadyr.
Daşky görnüş, halanylmagyň açarydyr. Birnäçe gözlegleriň netijesinde, erkekleriň özlerine ýar saýlanlarynda daşky görnüşe has üns berýändigi mälim boldy. Umuman erkekleriň köpüsi owadan görmedik zenanlaryndan ýüz öwürýärler. Bu hakykaty bilýän zenanlaram, owadan bolmak üçin bol-bol pul sowýarlar. Belki şonuň üçindir, ekonomika sektorynda gözellik we kosmetika serişdeleri dünýäde öňde durýar.
Aslynda, zenanlar ýar saýlanlarynda daşky keşbe erkeklerden az üns berýärler. Emma, zenanlaryňam görmegeý erkekleri saýlaýandyklaryny subut edýän gözleglerem bar.
Ýagny, owadan daş görnüş, ynsanlary durmuşda möhüm artykmaçlyklar bilen üpjün edýär.
Diňe adamlarda däl, haýwanlarda-da daşky görnüşe üns berilýär. Haýwanlaram owadan haýwanlar bilen jübütleşýärler.
Geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde, daşky görnüşde ynsanlara täsir edýän zatlar: gözler, ýüz, ýylgyryş, beden ölçegleri (figura), duruş, el hereketleri we egin-eşik. Bulara dykgat edip, özümize üns bersek, täsirleýiji bolup bileris. Bulary aýratynlykda soňra ýazaryn.

Içiňizi näçe köp bezeseňiz, daşyňyz şonça-da owadan bolýar.

"Ruh gözelligi kitabyndan."
7
42
gul✿
23.09.2024 00:25
Men ony söýmändim. Söýmek hakynda
Pikirem etmändim. Söýüpdi özi.
Özi, özi, özi! Onsoñ men söýdüm.
Soñy näme boldy?
Agyrdy yzy.

Ýöne öñde-soñda aýtmaly bolsa,
Aýdylmagy gerek. Galmasyn kaza:
Söýülenim,
emma söýmänim üçin
Ol maña beripdi şeýle bir jeza,
Şol jezañ astynda çekilen jepañ
Näçe tonnadygyn
bir ýürek aýdar.

- Dünýäniñ ýüzünde iñ betbagt kimkän
- Söýülen mahaly söýmedik ynsan.

K.GURBANNEPESOW.
15
85
gul✿
22.09.2024 03:14
Şu gün saña köp zat aýdasym geldi...

Şu gün saña köp zat aýdasym geldi,
Goýdum takdyrymy pelek çarhynda.
Arman, umytlarym eýläpdir bendi,
Öýkeli men günleñ ötüp barşyndan.
~
Şu gün saña köp zat aýdasym geldi,
Utuldym, unutdym, eýledim puşman.
Hasrata bukulyp ýörenim geñmi,
Geñmi gezip ýörmäm şatlyga duşman?
~
Men şol arzuwlary guran serwi dal,
Perwana men yşkym, yşygym senmi?!
Iki dünýäñ arasynda sermisal,
Şu gün saña köp zat aýdasym geldi...

#G.HANOWA.
11
87
gul✿
16.09.2024 22:33
KÄBEDE BOLUP GEÇEN GEÑ-TAÑSY WAKALAR

Käbede içine demir sowutlar atylan bir guýy hakynda ähli taryhy we dini çeşmeler agzap geçýär. Dini çeşmelerde bu guýa hiç kimiñ girip bilmeýändiginden we bu guýynyñ bir ýylan tarapyndan goralýandygyndan söz açýar.
Belki-de, bu ýerde "ýylan" göni manyda düşünulişi ýaly bir jandar däl-de, bir simwoldyr. Bu simwolyñ näme many añladýandygyny biz kitabymyzyñ başynda gysgaça aýdyp geçipdik. Mälim bolşy ýaly "Ýylan" Nuhuñ tupanyndan öñki döwürde ýaşap geçen "Galaktiki kowumlaryñ" simwolydy. Ynha, Käbäniñ içindäki guýynyñ düýbünde bar diýilýän ýylan ~ "Galaktiki kowumlara" degişli syrlar diýmekdir. Özem şol wagtlar bu syrlar ýazuw çeşmeleri görnüşinde bolan bolmaly.
Muhammet pygamberiñ (s.a.w) 35 ýaşynda Käbäni abadanlaşdyryş işlerine gatnaşanlygy barada aýdypdyk. Bu abadanlaşdyryş wagtynda Muhammet pygamberiñ (s.a.w) hut öz şaýatlyk eden käbir geñ-tañsy wakalary bolup geçýär...
Käbäniñ abadanlaşdyryş işleri dowam edip durka agzalýan guýynyñ belli bir kysmynda öñ görülmedik, diýseñ üýtgeşik "ýaşyl daşlar" bilen örülen diwar gabat gelýär. Hiç hili söküp bolmaýan, göýä polatdan guýulan ýaly berk daşlary hernäçe çytraşylsa-da ýerinden gozgap bolmaýar. Hatda şol ýaşyl daşlaryñ arasyna demir lomlar sokulyp arasy açyljak bolnanda, tutuş Mekgäni gurşap alan ýer titreme peýda bolýar. Dessine bu iş goýbolsun edilýär we bu daşlar Käbäniñ binýady hökmünde el degrilmän goýulýar.
Ezoterik maglumatlar agzalýan ýeriñ Agarta alyp barýan gapy bolaýmagyndan söz açýar. Nuhuñ tupanyndan öñki siwilizasiýalar tarapyndan gurulan gizlin ýerasty Agarta medeniýetiniñ giriş gapylaryndan biriniñ şu ýerde bolaýmagynyñ ähtimallygyny orta atýan iñ sagdyn delilleriñ biri-de Muhiddin Araby tarapyndan gürrüñ berilmegi inkär edip bolmajak derejede ähmiýetlidir... Ibnül Araby başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ berýär:

- Mekgede, Käbä eden bir zyýaratymda menden hiç kimiñ gözüne kaklyşmadyk bir "kişiden" onuñ kimdigini soradym. Adamdygyny aýtdy. Ýöne bize meñzemeýärdi!.. Ol: "Siziñ atañyz bolan Adam atanyñ neslinden däl men. Jenaby Hak siziñ atalaryñyzy ýaratmazdan öñ ýer ýüzünde başga-da ynsan nesillerini ýaradypdy we has soñra azandyklary üçin olary ýok edipdi. Şeýlelikde adam nesli ýedi gezek emele geldi. Hezreti Adam ata bu ýaradylyşlaryñ ýedinjisi bolup, siziñ nesliñiziñ atasydyr. Men bolsa öñki nesillerden galan biri" - diýdi...

Eýse bu sözler düşündiriş talap edýärmikä?..

Ergun JANDAN.
14
84