KÄBEDE BOLUP GEÇEN GEÑ-TAÑSY WAKALAR
Käbede içine demir sowutlar atylan bir guýy hakynda ähli taryhy we dini çeşmeler agzap geçýär. Dini çeşmelerde bu guýa hiç kimiñ girip bilmeýändiginden we bu guýynyñ bir ýylan tarapyndan goralýandygyndan söz açýar.
Belki-de, bu ýerde "ýylan" göni manyda düşünulişi ýaly bir jandar däl-de, bir simwoldyr. Bu simwolyñ näme many añladýandygyny biz kitabymyzyñ başynda gysgaça aýdyp geçipdik. Mälim bolşy ýaly "Ýylan" Nuhuñ tupanyndan öñki döwürde ýaşap geçen "Galaktiki kowumlaryñ" simwolydy. Ynha, Käbäniñ içindäki guýynyñ düýbünde bar diýilýän ýylan ~ "Galaktiki kowumlara" degişli syrlar diýmekdir. Özem şol wagtlar bu syrlar ýazuw çeşmeleri görnüşinde bolan bolmaly.
Muhammet pygamberiñ (s.a.w) 35 ýaşynda Käbäni abadanlaşdyryş işlerine gatnaşanlygy barada aýdypdyk. Bu abadanlaşdyryş wagtynda Muhammet pygamberiñ (s.a.w) hut öz şaýatlyk eden käbir geñ-tañsy wakalary bolup geçýär...
Käbäniñ abadanlaşdyryş işleri dowam edip durka agzalýan guýynyñ belli bir kysmynda öñ görülmedik, diýseñ üýtgeşik "ýaşyl daşlar" bilen örülen diwar gabat gelýär. Hiç hili söküp bolmaýan, göýä polatdan guýulan ýaly berk daşlary hernäçe çytraşylsa-da ýerinden gozgap bolmaýar. Hatda şol ýaşyl daşlaryñ arasyna demir lomlar sokulyp arasy açyljak bolnanda, tutuş Mekgäni gurşap alan ýer titreme peýda bolýar. Dessine bu iş goýbolsun edilýär we bu daşlar Käbäniñ binýady hökmünde el degrilmän goýulýar.
Ezoterik maglumatlar agzalýan ýeriñ Agarta alyp barýan gapy bolaýmagyndan söz açýar. Nuhuñ tupanyndan öñki siwilizasiýalar tarapyndan gurulan gizlin ýerasty Agarta medeniýetiniñ giriş gapylaryndan biriniñ şu ýerde bolaýmagynyñ ähtimallygyny orta atýan iñ sagdyn delilleriñ biri-de Muhiddin Araby tarapyndan gürrüñ berilmegi inkär edip bolmajak derejede ähmiýetlidir... Ibnül Araby başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüñ berýär:
- Mekgede, Käbä eden bir zyýaratymda menden hiç kimiñ gözüne kaklyşmadyk bir "kişiden" onuñ kimdigini soradym. Adamdygyny aýtdy. Ýöne bize meñzemeýärdi!.. Ol: "Siziñ atañyz bolan Adam atanyñ neslinden däl men. Jenaby Hak siziñ atalaryñyzy ýaratmazdan öñ ýer ýüzünde başga-da ynsan nesillerini ýaradypdy we has soñra azandyklary üçin olary ýok edipdi. Şeýlelikde adam nesli ýedi gezek emele geldi. Hezreti Adam ata bu ýaradylyşlaryñ ýedinjisi bolup, siziñ nesliñiziñ atasydyr. Men bolsa öñki nesillerden galan biri" - diýdi...
Eýse bu sözler düşündiriş talap edýärmikä?..
Ergun JANDAN.