Ynsanlaryň käbiri tä özüni bilen gününden başlap, ruhuna ruh goşjak ruhdaşy agtarýarlar. Üns berseňiz, ýanýoldaş ýa-da yşkdaş (bu meň oýlap tapan sözüm) diýýän däldirin.Gaýta-gaýta ýanjaýaryn: Ruhdaş. Ruhlaryň hatda meňzeşligem däl bir bolmagy, seniň ruhuň "göçürmesiniň" başga-da kimdir birinde bar bolmagy.
Mahal-mahal pikir edýärin: Haçan ruhdaşymyň gözlegine çykyp başladymkam?
Ýatkeşligime ýüz tutup, geçmişiň ýatlamalaryna dolanan pursadymda munuň çak edişimdenem ir ýüze çykandygyna göz ýetirýärin. On-on bir ýaşlarymda, belki ondanam irki ýaşlarda töweregimdäkileriň hiç haýsysynyň özüme meňzemeýändigine düşündim.
Göräýmäge, daşyndan barymyzam bir ýaly. Çuňluga aralaşsaň welin, men olardan juda parhly. Şahyr aýtmanmydyr:
"Olar juda meňzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meňzänok"...
"Parhly" diýmek bilen artykmaçlygy-da, kemçiligi-de göz öňünde tutamok. Diňe ruhy dünýälerimiziň başgaçadygyny nygtaýaryn. Şol başgaçalyga düşünenimden soň adamlardan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşyp ugradym. Töweregimdäkileri içgin-içgin synladym. "Bular maňa meňzänok. Ýöne bir ýerlerde maňa meňzeýän ynsan bolmaly ahyry". Şeýle pikirler bilen özümem bilmezden ruhdaşymy agtarmaga çykypdyryn.
Giden ýerlerimde, ýolda, awtobusda, köpçülik çärelerinde nätanyş adamlary synlap, gürrüňdeş bolup, gysga salymyň içinde içki dünýälerine mümkin boldugyça aralaşmaga synanyşdym. Eger aralaryndan ony tapsadym, duşsadym: "Sen meniň ruhdaşym! Ahyry gabatlaşdyk" diýip, öz akyl ýetiren hakykatymy oňa-da buşlajakdym.
MENI MENDEN SORA !
--------------------------------------
MAHYM NURGELDIÝEWA