gokgi
22.09.2023 08:57

Gyzlar şu kürte şu ýyl trend bolarmy,nähili pikir edýäñiz?🤔

24
245
gokgi
20.09.2023 00:04

👨‍⚕️Gadymy Gresiýada eger hassa operasiýa wagtynda ölse, lukmanyñ elini kesip taşlapdyrlar.


😥Dünýäde takmynan 210 million ýetim bar. Olaryñ 15% golaýy 18 ýaşyna ýetmänkä öz janyna kast edýär.


🧒Ýaponiýada 15 ýaşa çenli çagalara garanyñda öý haýwanlary köp.


🤯Adamyñ IQ näçe ýokary bolsa şonça-da ýatdan çykarýar we ünsüni sowýar.


👨‍👩‍👦Şwesiýada ene -atalaryñ ikisinede çaga dogurmak rusgady berilýär(dekret).


🐋Gök kitiñ ýüregi şeýle bir uly welin, onuñ arteriýasynda adam ýüzüp geçip biler.


☕Kofe benzinden soñra iñ köp satylýan harytlaryñ biridir.


🍔"Mcdonalds" gamburgeriniñ saklanyş möhleti 14 ýyl we ondanam köp.


👁Gözleriñizi goñurdan gök reñke hemişelik öwürmäge mümkinçilik berýän lazer prosedurasy bar.


🇬🇧Angliýada XVIII asyrda ýarmarkada aýalyny satypdyrlar.


🤤Tüýkülik bezleri her gün 1,5 litr tüýkülik öndürýär.


🧖Saçyñyzy şugundyr gaýnadylan suw bilen birnäçe gezek ýuwuñ goñak nämedigini ýatdan çykaryñ.

33
139
gokgi
17.09.2023 19:42

❤Sen söý seni söýeni


🧡Seni söýenem söýsin seni


💛Sen söýmeseñ seni söýeni


💚Seni söýenem söýmez seni


(Salam hemmäñize meñ öwrenmelimde hiç hili like goýup bolanok teswirem ýazyp bolanok näme etmelidigini bilýäniñiz bar bolsa aýdaýyñda please)

19
58
gokgi
13.09.2023 07:43

Irki döwürde bir jezalandyrmanyñ görnüşi. Adamy demirden ýasalan öküziñ içine salyp oda gyzdyryp ölürýän ekenler. Adamyñ gygyrýan sesi öküziñ sesine meñzäp çykmasy üçin ýörite tüýdük ýerleşdirilen. Ýanan adamyñ tüssesi hem şol tüýdük bilen öküziñ agzyndan çykýar. (Elhençlik)

31
177
gokgi
12.09.2023 00:23

Maşa aslynda sirkleri gowy görýän çagajyk. Maşgalasy mydama Maşany sirke äkidýän ekenler. Birzada üns berseñiz multiflimiñ birinji bölümi aýynyñ sirkde çykyş edişi bilen başlanýar. Ýöne şol sirk Maşanyñ iñ soñky sirke gidişi bolýar. Sirkde tomaşa gidip durka Maşa ýitirim bolýar. Maşa tapylanda hemme zat giç bolýar. Netijede Maşany aýynyñ oña topulup öldürenligi bilen tapylýar. Maşgalasy ony ünssiz goýbereni üçin wyždan azabyndan ölýärler. Üns berseñiz multifilmiñ hemme seriýalarynda Maşanyñ maşgalasy görkezilmeýär diñe haýwanlar görünýär. Maşany diñe haýwanlar görüp bilýär. Bu multifilm ýaş çagalara gowy multifilm hökmünde görkezilýär. Emma bu hakyky durmuşda bolup geçen hadysadan alynyp şatlykly multifilme öwrülýär.

30
121
gokgi
08.09.2023 19:04
🚢Haçanda Titanik gark bolanda töwereginde üç sany gämi bardy. Emma olryñ diñe biri kömege gelýär. Näme üçin?


Titanik 1912-nji ýylyñ 14-nji aprelinde gark bolýar sagat 23:40 da gark bolýar. Netijede 1600 adam wepat bolýar. Haçanda Titanik gark bolup başlanda ol kömek signaly bermäge başlaýar we onuñ töwereginde 3 sany gämi bardy:


🛥1. Sampson

⛴2. Kaliforniýa

🛳3. Karpatiýa


Sampson gämisi Titanikden bary ýogy 11km daşlykda ýerleşýärdi. Emma düwlenleri bikanun aw edensoñlar gaçyp gitmegi dogry bildiler.


Kaliforniýa gämisi Titanikde 20km daşlykda ýerleşýärdi. Emma olar buz harsañlary bilen gurşalansoñ, kapitan şertler oñaýly däl diýip ertire çenli garaşmaga karar beripdir .


3-nji gämi Karpatiýa günorta tarap ýüzensoñ 90km daşlykda ýerleşipdir. Kapitan Artur Rostron gäminiñ ugryny yza öwürip ähli tizlikde Titanige tarap ýüzüpdir. Olara bu ýere gelmegi üçin 3.5 sagat wagt gerek bolýar. Hut şu Karpatiýa gämisi 705 adamy halas edip ýetişipdir.


Eger beýleki iki gämi hem kömege gelen bolsalar, onda Titanikdäki ähli adamlar halas bolup ýetişerdiler.
81
717
gokgi
07.09.2023 00:58

Hezreti Alydan 7 zadyñ jogabyny soradylar


1.Asmandan agyr zat barmy?

- Günäsiz adama atylan töhmet asmandanam agyrdyr.


2.Ýerden giñ zat barmy?

- Hakykat ýerden hem giñdir.


3. Deñizden baý zat barmy?

- Kanagatly adamyñ kalby deñizdenem baýdyr.


4. Daşdan gaty zat barmy?

- Mynapygyñ (dine ynanmaýanlaryñ) kalby daşdanam gatydyr.


5. Otdan ýiti zat barmy?

- Patyşanyñ zulmy otdanam ýitidir.


6. Buzdan sowuk zat barmy?

- Husyda işiñ düşse buzdanam sowukdyr.


7. Awydan ajy zat barmy?

- Awydan ajy zat sabyrdyr.

26
98
gokgi
06.09.2023 08:20

😀 Awtobusda bir garry adam on ùç on dört ýaşly oglanjyga:

- Oglum seniñ ýeriñde men oturaýynda! Ýogsam bilim erbet agyrýar.

- A sen atam meniñ ýaşymdakañ ulylara ýer berýädiñmi?

- Hawa ýer berýärdim.

- Ana, şonuñ ùçinem häzir biliñ agyrýarda.


♡ ♡ ♡


😄 Kürrejik kellesini haýata urup zol gaýtalap dur:

- Masgaraçylyk gör nähili masgaraçylykl!

Onuñ ýanyna ejesi gelýär. Kürrejik oña sorag berýär:

- Eje meñ kakam dogrudanam eşekmi?

- Hawa kürrejigim.

Kürrejik ýenede kellesini haýata gütüledip başlaýar:

- Masgaraçylyk baryp ýatan masgaraçylyk.


♡ ♡ ♡


😁Aman söýgülisi bilen tans oýnap ýörkä o gyz oña ýüzlenýär:

- Aman senden ýakymsyz ys gelýär. Sen köpden bäri jorabyñy çalyşañokmy? Bar olary çykaryp gel.

Aman gidýäde derrew yzyna gelýär. Söýgülisi:

- Aman senden ýene şol porsy ys gelýär. Sen näme jorabyñy çykarmadyñmy?

- Çykardyma ynha olar penjegimiñ jübisinde.


♡ ♡ ♡


😆Haýwanat bagyna Afrikadan täze maýmyn getirýärler. Ol gözenegiñ içindäki beýleki maýmynlardan soraýar:

- Uzak gün bärde gabalyp oturmak ýüregiñize düşenokmy?

- Ýoklaý bize bärde her gün täze täze adamlary görkezýärler.


♡ ♡ ♡


🤣Nakyl dälde akyl " Barmagyñ barka burnuñy sokma".

25
353
gokgi
04.09.2023 22:15

Aglady zenan - söýdùm söýmedi diýip

Aglady zenan - söýgülim taşlady diýip

Aglady zenan - bu gün toý günüm diýip

Aglady zenan - men agyr aýak diýip

Aglady zenan - men ene boldym diýip

Aglady zenan - öýe giç gelýäñ diýip

Aglady zenan - sähelçe zatlar üçin

Begensede, gynansada ol aglady

Çagasyna tiken çümsede aglady

Görýän welin zenanlara mahsusmyka aglamak,

Aglap aglap ýürek bagry daglamak

Heý görüpmidiñ aglamaýan zenany?

Gözýaş bilen ýeñjek bolýar bar zady.

Näme üçin aglaýar gözel zenanlar?

Ýa-da siz şeýle ejizmikäñiz?

Ejiz hem däl ýeri gelende

Dagy daşy eredip dur o gözýaşlar

Titreder zemini gözýaşy bilen

Ýöne ejiz görünsede onuñ daş keşbi

Ýeke damja nähak daman gözýaşy

Biliñ büküp ýassyga goýdurar başy

Ejizleme zenan goragçyñ bardyr

Haýat kimin daşyñda seniñ galañ bardyr

Enäniñ süýdin emen adamzat ogly

Zenan gözýaşlaryna bergisi bardyr...

20
86
gokgi
27.08.2023 01:35

Her gürlände çörek ursun diýýän goñşymy düýn çörek maşyn kakypdyr.


🤣 🤣 🤣 🤣


Obadaky dükan ot aldy. Ýöne ony söndürmäge howlukmadylar. Her kim şol ýazgyly Depderiñ ýanyp gutarmagyna garaşdy.


🤣 🤣 🤣 🤣


Biri zeýrenip özüni asjak bolup dur diýýä:

-Nahhuý beýdip ýaşap dollar gymmat, taksi gymmar, zatlar gymmat, gyz gymmat.


🤣 🤣 🤣 🤣


- Soñky döwürde sizde-de et ýag bilen kynmy?

- Aýdýanyñ näme? Heý et ýag bilenem kyn bolarmy? Şolar bolmasa kyn.


🤣 🤣 🤣 🤣


- Sen näme beýle gussaly görünýäñ Guwanç?

- Düýn meniñ daýym öldi.

- Ýatan ýeri ýagty bolsun. Gam çekme kem kemden unudarsyñ.

- Heý näbileýin. Ol meniñ başlygymyñ başlygydy-da!


🤣 🤣 🤣 🤣


Ataly ogul surata düşmekçi bolýar. Surata alýan ýigit şeýle diýýär:

- Ogluňyz elini siziñ egniñize goýup düşse tebigyrak bolmazmy?

- Ýok - diýip atasy jogap berýär - Surat hakykata has ýakyn bolsun diýsek, ol elini meniñ jübüme sokup düşmeli.

32
205