Aglady zenan - söýdùm söýmedi diýip
Aglady zenan - söýgülim taşlady diýip
Aglady zenan - bu gün toý günüm diýip
Aglady zenan - men agyr aýak diýip
Aglady zenan - men ene boldym diýip
Aglady zenan - öýe giç gelýäñ diýip
Aglady zenan - sähelçe zatlar üçin
Begensede, gynansada ol aglady
Çagasyna tiken çümsede aglady
Görýän welin zenanlara mahsusmyka aglamak,
Aglap aglap ýürek bagry daglamak
Heý görüpmidiñ aglamaýan zenany?
Gözýaş bilen ýeñjek bolýar bar zady.
Näme üçin aglaýar gözel zenanlar?
Ýa-da siz şeýle ejizmikäñiz?
Ejiz hem däl ýeri gelende
Dagy daşy eredip dur o gözýaşlar
Titreder zemini gözýaşy bilen
Ýöne ejiz görünsede onuñ daş keşbi
Ýeke damja nähak daman gözýaşy
Biliñ büküp ýassyga goýdurar başy
Ejizleme zenan goragçyñ bardyr
Haýat kimin daşyñda seniñ galañ bardyr
Enäniñ süýdin emen adamzat ogly
Zenan gözýaşlaryna bergisi bardyr...