Her gürlände çörek ursun diýýän goñşymy düýn çörek maşyn kakypdyr.
🤣 🤣 🤣 🤣
Obadaky dükan ot aldy. Ýöne ony söndürmäge howlukmadylar. Her kim şol ýazgyly Depderiñ ýanyp gutarmagyna garaşdy.
🤣 🤣 🤣 🤣
Biri zeýrenip özüni asjak bolup dur diýýä:
-Nahhuý beýdip ýaşap dollar gymmat, taksi gymmar, zatlar gymmat, gyz gymmat.
🤣 🤣 🤣 🤣
- Soñky döwürde sizde-de et ýag bilen kynmy?
- Aýdýanyñ näme? Heý et ýag bilenem kyn bolarmy? Şolar bolmasa kyn.
🤣 🤣 🤣 🤣
- Sen näme beýle gussaly görünýäñ Guwanç?
- Düýn meniñ daýym öldi.
- Ýatan ýeri ýagty bolsun. Gam çekme kem kemden unudarsyñ.
- Heý näbileýin. Ol meniñ başlygymyñ başlygydy-da!
🤣 🤣 🤣 🤣
Ataly ogul surata düşmekçi bolýar. Surata alýan ýigit şeýle diýýär:
- Ogluňyz elini siziñ egniñize goýup düşse tebigyrak bolmazmy?
- Ýok - diýip atasy jogap berýär - Surat hakykata has ýakyn bolsun diýsek, ol elini meniñ jübüme sokup düşmeli.