🚢Haçanda Titanik gark bolanda töwereginde üç sany gämi bardy. Emma olryñ diñe biri kömege gelýär. Näme üçin?
Titanik 1912-nji ýylyñ 14-nji aprelinde gark bolýar sagat 23:40 da gark bolýar. Netijede 1600 adam wepat bolýar. Haçanda Titanik gark bolup başlanda ol kömek signaly bermäge başlaýar we onuñ töwereginde 3 sany gämi bardy:
🛥1. Sampson
⛴2. Kaliforniýa
🛳3. Karpatiýa
Sampson gämisi Titanikden bary ýogy 11km daşlykda ýerleşýärdi. Emma düwlenleri bikanun aw edensoñlar gaçyp gitmegi dogry bildiler.
Kaliforniýa gämisi Titanikde 20km daşlykda ýerleşýärdi. Emma olar buz harsañlary bilen gurşalansoñ, kapitan şertler oñaýly däl diýip ertire çenli garaşmaga karar beripdir .
3-nji gämi Karpatiýa günorta tarap ýüzensoñ 90km daşlykda ýerleşipdir. Kapitan Artur Rostron gäminiñ ugryny yza öwürip ähli tizlikde Titanige tarap ýüzüpdir. Olara bu ýere gelmegi üçin 3.5 sagat wagt gerek bolýar. Hut şu Karpatiýa gämisi 705 adamy halas edip ýetişipdir.
Eger beýleki iki gämi hem kömege gelen bolsalar, onda Titanikdäki ähli adamlar halas bolup ýetişerdiler.