gokgi
24.10.2023 16:02

♦️Adam ýylda ortaça 5 million gezek dem alýar.


♦️Bir bit her dişlände 0.008 gram gan sorýar.


♦️Ýaponiýadaky öýjükli telefonlaryñ 90% suw geçirmeýär, sebäbi ýapon ýetginjekleri hatda duşda-da telefon ulanýarlar.


♦️Adam ömri boýunça 20 kg tozan ýuwtýar.


♦️Içýän suwlarymuz 3mlrd ýaşyndadyr.


♦️Adamyñ bütin ömrinde ýöreýän uzaklygy dünýäniñ daşyndan 3 gezek aýlanana barabardyr.


♦️Pişik saklaýan adamlar uzak ýaşaýarlar we stresese az täsirlidirler.


♦️Ýagyş gurçygynyñ 9 sany ýüregi bardyr.


♦️Dünýadäki iñ zäherli jandar gurbagadyr.


♦️Hytaýyñ köpçülik ýerlerinde tüýkürmek adaty bir zat bu hiçkimi gaharlandyrmaýar. Aýallar bn birlikde hemmeler tüýkürýär, penjireden, ulaglardan hatda jaýyñ içindenem tüýkürýärler.


♦️Diñe 1 jübüt syçanyñ nesli 6 aýda 15 müñ syçana ýetip biler.


♦️Gonkongda adamsy tarapyndan aldanan aýalyñ ony öldürmäge kanuny hukugy bar, ýöne muny diñe ýalañaç eli bilen edip biler.


♦️Çipsi gaplaryndakt boşluk azot bilen doldurylýar howa bn däl. Howa çipisleriñ ajamagyna getirýär.


♦️Siziñ bn birlikde şol bir wagtda 20 mln gowrak adam doglan gün belleýär.


♦️Kosmonawtlar orbitadan ýere gelenlerinde ýöremegi täzeden öwrenmeli bolýarlar.

32
123
gokgi
20.10.2023 08:52

Palestinadaky çagalaryñ ganhory Israile garşy:

Dünýä kör.

Dünýä ker.

Dünýä dilsiz.

26
171
gokgi
15.10.2023 01:32

Doganlar Abigail we Brittani Hensel 1990-njy ýylyñ 7-nji martynda ABŞ-da doguldy. Olara seýrek duş gelýän patologiýa diagnozy goýuldy - uýalar ikitaraplaýyn ekizler. Gyzlar bedenine doly birleşdirilen, ýöne iki kellesi bar.

Iki adam üçin Brittani we Abigailiñ iki eli, iki aýagy, bir umumy göwresi, üç öýken , üç böwrek, iki ýürek(umumy gan aýlanyş ulgamy bilen), umumy çanaklyga akýan iki oñurga ýüpi bar. Disefalik ekizleriñ arasynda diri galmak derejesi şeýle bir pes welin, gyzlaryñ 29 ýaşa çenli diri galmagy we doly durmuşda ýaşamaga synaşmagy hakyky gudratdyr!

Olaryñ her biri bedeniñ diñe ýarsyny duýýar we dolandyryp bilýär. Emma muña garamazdan, uýgunlaşmaga synanyşýarlar we hatda sürüjilik şahadatnamasyny aldylar.

Abigail we Brittani käwagt birek- biregiñ sözlerini gutarýarlar we şol birzat hakda pikir edýärler.

Gyzlar bilim aldylar we mekdepde başlangyç synplarda matematika mugallymy bolup işleýärler. Dogry, bir aýlyk alýarlar, ýöne uýalar gaharlanmaýarlar.

Ykbalyñ özleri üçin taýarlan kynçylyklaryna üns bermän, oñyn zatlaran lezzet almaga wedostlary bilen wagt geçirmäge synanyşýarlar.

Gyzlaryñ dürli häsiýetleri we halaýan tagamlary bar, şonuñ üçin karar bermek üçin teññäni zyñýarlar ýa-da ýakynlaryndan maslahat soraýarlar.

31
199
gokgi
08.10.2023 15:38

Dünýäniñ iñ meşhur iki jümlesi:

❤I love you

🇨🇳Made in China

Ikisinede garantiýa ýok!

25
153
gokgi
05.10.2023 16:26

Siz nähili pokaleniýa diýlende:

-Tamdyryñ başynda ýañy bişen çöregi suwa batyryp iýen

-Çagalykda aşyk, malçok, para, nakileýka oýnap ulanan

-Mekdep döwri mugallym haýsyñyz öý işi aýtjak? diýende tutuş klas bolup ölensirän bolup mugallymyñ özine öý işi aýtdyran

-Çüýşe tabşyryp gününi gören

-Doganlarmyzyñ kiçi bolýan eşigini geýip ulanan

-Swidaniýa 4 sagat öñünden taýynlyk görüp başlap bary bir gijä galyp baryp bilýän

-Saçyny bet edip darap daşaryk çykanda oglanlaryñ biri özüñ daradyñmaý diýende ýoklaý ýatyp turdym özi şeýle bolupdyr diýip bilýän

-Papakly marožna iýip gören

-Dar köýnegi daraldyp geýip gören pokoleniýa biz.

Şonuñ üçin bizden hiç zady gaty görmäñ. Biz kän zady gördük. Biz haýran galmaýan pokoleniýa.

32
280
gokgi
03.10.2023 17:54

🔅Dünýädäki altyn ätiýaçlyklarynyñ 11% hindi öýhojalykçylaryndadyr.


🏢Mumbaý (Hindistan) şäherinde bir güniñ dowamynda dem almak 2,5 paçka çilim çekeniñ bilen deñdir.


☠Halkara statistikasy boýunça ganhorlaryñ köpüsiniñ ýyldyzy Sünbüle♍


👨‍🦽Her ýylda 8000 gowrak adam daýwing bilen meşgullanyp ömürlik maýyplyga sezewar bolýar.


🇨🇳Hytaý milletiniñ 35 mln sanysy entäk hem gowaklarda ýaşaýar.


👶Bäbek entäk ejesiniñ göwresinde wagty aglap, gülüp hatda tans etmegi hem başarýar.


🏆Sportda goýulýan stawkalaryñ 80%-i utuşsyz netije berýär.


📝Norwegiýada 8-nji synpa çenli okuwçylara baha goýulmaýar.


☀️Uran Gün sistemasyndaky iñ sowuk planeta hasap edilýär. Onuñ temperaturasy -224⁰C.


⚖Aýsbergiñ agramy ortaça agramy 20mln tonna barabar.


🏷Dünýäde iñ köp satylýan 3 sany haryt:

1.Iphone

2.Harry Potter eseriniñ kitaby

3.Kubik rubik


🍚Eger ýarañyza şeker sepseñiz ol agyryny köşeşdirip, ýara bitiş prosesini çaltlandyrar.


😐Dünýä boýunça dem saklamagyñ rekordy: 22 minut 30 sekunt.


🧂Günbatar Hytaýda çaýa şekeriñ deregine duz goşýarlar.


😴Giç ýatýan adamlaryñ ir uklaýanlara garanyñda akyl derejesiniñ has ýokarydygy subut edildi.

29
144
gokgi
01.10.2023 19:17

1928-nji ýylda iñlis alymy Aleksandr Fleming ýaşyl heñiñ bakteriýalara garşy güýçli täsire eýedigini tötänden ýüze çykarýar. Ol laboratoriýada ulanýan gap-gajyny ýuwmagu halamaýan eken. Bir gezek alym hapa gabyñ içinde heñiñ emele gelendigini görýär. Ol heñiñ daş-töwereginde bakteriýalaryñ ýok bolandygyna üns berýär. Fleming: "Heñ bakteriýalary ýok edýär" diýen netijä gelýär. Ol kärdeşleri Houard Flori we Ernst Çeýn bilen bilelikde ýaşyl heñden penisillin taýýarlaýar. Bakteriýalary ýok edýän, ýöne adama we haýwanlara zyýan ýetirmeýän bu heñ "penicillium notatum" diýlip atlandyrylýar. Alymlar bolsa, ylmy açyşy weony amala aşyrmak boýunça eden işi üçin 1945-nji ýylda Nobel baýragy bilen sylaglanýarlar.

26
89
gokgi
30.09.2023 00:42

Tik Tok

Türkmeniñ mukaddes saýýan namysyn,

On epläp üstünden ädäýdiñ "Tik Tok".

Unutdyryp gerçek ýigitleriñ jynsyn,

Arly gyzlarmyzy nädäýdiñ "Tik Tok".


Süýji dilli gyzlañ agzynda "kalýan",

Ownan ýigitleriñ üstünden gülýäñ.

Bizi nädip beýle täsire salýañ,

Adamy sygyr dek idäýdiñ "Tik Tok".


A how sizde kaka, dogan bir barmy,

Ýa olaram "gyzym öldi" diýip ýörmi?

Ýa gulagy kermi, gözleri körmi,

Şol soragdan halys ýadaýdym "Tik Tok".


Dostuñ oýnatgydyr, şeýtandyr ýaryñ,

Barha däliredip barýa humaryñ,

Peýdañam kän welin, goja ýer şaryñ,

Paýhasly geljegin gädäýdiñ "Tik Tok".


Kerim Hallyýew

33
214
gokgi
27.09.2023 16:04

Bir gün gelip äkiderler öýüñden,

Allanyñ adyny aýyrma hiç diliñden,

Gaçan ýokdyr Ezraýylayñ elinden,

Dünýä ýaly malyñ bolsa ne peýda.

25
52
gokgi
26.09.2023 16:30

🔴Jeki Çan "Iñ köp trýuklary ýerine ýetiren diri aktýor" hökmünde Ginnesiñ rekordlar kitabyna girizildi.


🟠Taylor Swiftiñ pişiginiñ hasabynda 97 mln dollar bar.


🟡Гарри Поттер и Орден Феник filiminiñ bir kadyrynda aktýor Daniel Redcliffe(Garri Potter) daýysy Siriýusy ýitirýänligi üçin aglaýar. Emma bu aglaýyş aktýorçylyk oýny dälde eýsem hakykatdygy bellenip geçilýär. Munuñ sebäbi bolsa kadr çekilmezden birnäçe minut öñ onuñ enesiniñ ölendigi barada habar gelýändigi bilen baglanyşyklydyr.


🟢Jeki Çan 3000den gowrak şikes aldy.


🔵Bethowen köpeldip hem bölüp bilmeýän eken.


🟣Albert Enşteýn 9 ýaşyna çenli gürläp bilmändir.


🟤Meşhur aktýor Leonardo Dicaprionyñ ejesi oglunyñ adyny Leonardo da Winçiniñ galereýasyna syn edip durka pikirlenýär. Hut şol wagt Dicaprio ejesiniñ göwresindäki ilkinji herekedi edýär.


⚪Çingiz han jynsy gatnaşykda wagty aradan çykypdyr.


⚫Wladimir Putin dünýäde iñ seksualny erkek diýip yglan edildi.


🔴Gaýçyny Leonardo da Winçi oýlap tapypdyr.


🟠Dünýä meşhur "Queen" toparynyñ aýdymçysy Fredi Merkuri iki jynsly eken muny diñe onuñ aýaly bilýän eken.

50
1 026