Doganlar Abigail we Brittani Hensel 1990-njy ýylyñ 7-nji martynda ABŞ-da doguldy. Olara seýrek duş gelýän patologiýa diagnozy goýuldy - uýalar ikitaraplaýyn ekizler. Gyzlar bedenine doly birleşdirilen, ýöne iki kellesi bar.
Iki adam üçin Brittani we Abigailiñ iki eli, iki aýagy, bir umumy göwresi, üç öýken , üç böwrek, iki ýürek(umumy gan aýlanyş ulgamy bilen), umumy çanaklyga akýan iki oñurga ýüpi bar. Disefalik ekizleriñ arasynda diri galmak derejesi şeýle bir pes welin, gyzlaryñ 29 ýaşa çenli diri galmagy we doly durmuşda ýaşamaga synaşmagy hakyky gudratdyr!
Olaryñ her biri bedeniñ diñe ýarsyny duýýar we dolandyryp bilýär. Emma muña garamazdan, uýgunlaşmaga synanyşýarlar we hatda sürüjilik şahadatnamasyny aldylar.
Abigail we Brittani käwagt birek- biregiñ sözlerini gutarýarlar we şol birzat hakda pikir edýärler.
Gyzlar bilim aldylar we mekdepde başlangyç synplarda matematika mugallymy bolup işleýärler. Dogry, bir aýlyk alýarlar, ýöne uýalar gaharlanmaýarlar.
Ykbalyñ özleri üçin taýarlan kynçylyklaryna üns bermän, oñyn zatlaran lezzet almaga wedostlary bilen wagt geçirmäge synanyşýarlar.
Gyzlaryñ dürli häsiýetleri we halaýan tagamlary bar, şonuñ üçin karar bermek üçin teññäni zyñýarlar ýa-da ýakynlaryndan maslahat soraýarlar.