1928-nji ýylda iñlis alymy Aleksandr Fleming ýaşyl heñiñ bakteriýalara garşy güýçli täsire eýedigini tötänden ýüze çykarýar. Ol laboratoriýada ulanýan gap-gajyny ýuwmagu halamaýan eken. Bir gezek alym hapa gabyñ içinde heñiñ emele gelendigini görýär. Ol heñiñ daş-töwereginde bakteriýalaryñ ýok bolandygyna üns berýär. Fleming: "Heñ bakteriýalary ýok edýär" diýen netijä gelýär. Ol kärdeşleri Houard Flori we Ernst Çeýn bilen bilelikde ýaşyl heñden penisillin taýýarlaýar. Bakteriýalary ýok edýän, ýöne adama we haýwanlara zyýan ýetirmeýän bu heñ "penicillium notatum" diýlip atlandyrylýar. Alymlar bolsa, ylmy açyşy weony amala aşyrmak boýunça eden işi üçin 1945-nji ýylda Nobel baýragy bilen sylaglanýarlar.