gokgi
19.01.2024 01:25
Ykbal gülüp bakar ýaly,
Eje, maña ak pata ber!
Öz ýolumy tapar ýaly,
Eje, maña ak pata ber!
Başymda gyzyl köz kürte,
Ýüzümde ak seçek perde,
Gelin bolýaryn bir merde,
Eje, maña ak pata ber!
Ösdüm çynara bäs edip,
Gulpagym her ýan tasadyp,
Çaga deýin bagra basyp,
Eje, maña ak pata ber!
Bilýän durmuş däldir oýun,
Bu gün baryn aldym boýun,
Gutlap jigerbendiñ toýun,
Eje, maña ak pata ber!
Durka sözleriñ ýañlanyp,
Gezmerin munda gamlanyp,
Gara bolmasyn mañlaýym,
Eje, maña ak pata ber!
Diýmerin:-Kän bolsun maly,
Bolsa bolýar kakam ýaly,
Aýandyr-la saña halym,
Eje, maña ak pata ber!
Ýürek däl, göz dursun ýanyp,
Ýörsem gussañ golun dañyp,
Bilermikäm sensiz oñup,
Eje, maña ak pata ber!
Mydam ýelden, Günden goran,
Her pursatda halym soran,
Käbäm hem-de syrdaş joram,
Eje, maña ak pata ber!
Ak ýüzüñde günüñ çogy,
Köpelipdir saçyñ agy,
Parlap dursun ykbal tugy,
Eje, maña ak pata ber!
Täleý gitmesin kejime,
Kalpda arzuw bar nijeme,
Garaşyp dur ak kejebe,
Eje, maña ak pata ber!
✒Gurbanjemal Annakowa
26
50
gokgi
17.01.2024 15:37
💋Ogşaşmak näme ol?!
Ogşaşmak bu - 90% mikrop, 9% pomada, 1% söýgi
👫Gyzlarda söýgiñ başy gaty gowy başlanýar we şeýle gutarýar:
Ezizim, ýürejigim, akylym, gowjam, samsyjagym, kellesiz, petuh, dalban ,çurban, mal, görmek islämok seni, ýigrenýän.
🧑-Näçe söýgüliñ bar dost?
👨🦰- 4 hä näme boldy?
🧑- Hihh menem saña erkekdir öýtýädim.
👨🦰- Ikisini saña oñaryp bereýin.
🧑- Hakyky erkek sen dost.
😭 Aglamak bilen ähli meseleler çözülýän bolsady, dermanhanalar sogan satardy.
👨🧔 Iki dost öz aýallaryny öwýärler:
🧔- Meniñ gelinim tikine şeýle bir ökde, eşik ýamanda dagy ýamalan ýerini biler ýaly edenok.
👨 - Aý onuñ dagy näme dost! Meniñ aýalym şeýle bir kir ýuwýar welin ýulan eşikleriñ ýuwulandygam bildirenok.
🤵♂️Menä öýlenjek däl , sebäbi birine öýlensem beýlekiler menden gaty görerler.
🤬 Gaharlanmak- bu haçanda diliñ kelläñden tiz işlän halaty.
👨👩👦Ogly ejesi bilen kakasyna igenýär:
👦- Biri- biriñizi halañzok, söýeñzok onda meni näme üçin dogurdyñyz?
👨- Dükana ibermek üçin.
" ❤ " basmadygyñ gözi çyksyn, oda patlap öñüne gaçsyn onam görmän basyp, taýyp ýykylyp 12 gapyrgasy pytrasyn oñam 11si tapylsyn, tapylsada gyşyk bitsin, bereni bergi, göreni görgügi bolsun!
50
681
gokgi
27.12.2023 15:55
Agaçdan palta diläpdir,
Göýä bir ejizje gedaý,
Palta sapy eder ýaly,
Gury şaha peşgeş edäý!...
Razy boldy dub agajy,
Bu teklibe kaýyldy ol,
Ýöne üýtgedi bu palta,
Başga zada taýyndy ol.
Köküni çapyp başlady,
Palta boldy birden azgyn,
Aldanan dub agajy,
Gör, açyp ýatyr indi agzyn.
Rabindranat Tagor
27
46