Häzirki wagtda dünýäde QWERTY klawiaturalary giñden ulanylýar. Bu klawiaturadaky harplaryñ ýerleşişi ýazuw maşynkasynyñ oýlanyp tapylanynda bäri o diýen üýtgemedi. Ýazuw maşynyny oýlap tapan Kristofer Letem Şoulz 1867-nji ýylda ýazuw maşynkasynyñ patentini alýar. Emma bu enjamda tehniki näsazlyk ýüze çykýar. Bu enjamdaky harplar çalt-çaltdan basylanda, harplaryñ ýaýlary gysylýan eken. Şoulz bu meseläni çözmek üçin harplaryñ iñlis dilinde haýsy harpyñ näderejede ulanylýandygyna görä üýtgedýär. Şeýlelikde, başlangyjynda "Q" harpy duranlygy sebäpli "Q" klawiatura diýilýän harp tertibi döreýär. 1874-nji ýylda onuñ önümçilik hukuklaryny satyn alan "E.Remington & Sons" şereketi hem şol harp tertibini saklaýar. Şeýle hem ýazuw maşynynyñ iñlisçe "Type Writer" sözini emele getirýän ähli harp klawiaturanyñ ýokarky setirine ýerleşdirilipdir. Munuñ sebäbi şol döwür täze oýlanyp tapylan enjamyñ adyny añsatlyk bilen kagyza ýazyp, ony mahabatlandyrmak añsat bolupdyr.
Soñky ýyllarda has añsat ýazmak üçin başgaça tertipli klawiaturalar hem teklip edilipdir. Mysal üçin, Waşington uniwersitetiniñ professory Awgust Dworak 1932-nji ýylda iñlis dilinde has köp ulanylýan harplary ortaky setire ýerleşdirilen tertibi teklip edipdir. Emma, "Q" klawiatura öwrenişilensoñ, öñki düzgün dowam etdirilipdir. Bulardan başga-da, türk dili üçin "F", fransuz we beýleki käbir diller üçin has amatly bolan "A" klawiaturasy hem bar.