gokgi
19.01.2024 01:25
Ykbal gülüp bakar ýaly,
Eje, maña ak pata ber!
Öz ýolumy tapar ýaly,
Eje, maña ak pata ber!

Başymda gyzyl köz kürte,
Ýüzümde ak seçek perde,
Gelin bolýaryn bir merde,
Eje, maña ak pata ber!

Ösdüm çynara bäs edip,
Gulpagym her ýan tasadyp,
Çaga deýin bagra basyp,
Eje, maña ak pata ber!

Bilýän durmuş däldir oýun,
Bu gün baryn aldym boýun,
Gutlap jigerbendiñ toýun,
Eje, maña ak pata ber!

Durka sözleriñ ýañlanyp,
Gezmerin munda gamlanyp,
Gara bolmasyn mañlaýym,
Eje, maña ak pata ber!

Diýmerin:-Kän bolsun maly,
Bolsa bolýar kakam ýaly,
Aýandyr-la saña halym,
Eje, maña ak pata ber!

Ýürek däl, göz dursun ýanyp,
Ýörsem gussañ golun dañyp,
Bilermikäm sensiz oñup,
Eje, maña ak pata ber!

Mydam ýelden, Günden goran,
Her pursatda halym soran,
Käbäm hem-de syrdaş joram,
Eje, maña ak pata ber!

Ak ýüzüñde günüñ çogy,
Köpelipdir saçyñ agy,
Parlap dursun ykbal tugy,
Eje, maña ak pata ber!

Täleý gitmesin kejime,
Kalpda arzuw bar nijeme,
Garaşyp dur ak kejebe,
Eje, maña ak pata ber!

✒Gurbanjemal Annakowa
26
50
bitanem
20 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.