gokgi
12.01.2024 15:34
Aýaly garradýan zat gündiz adamsynyñ iññirdisi, gijesine-de horruldusy.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

- Halypa sagat näçe?
Satyjy:
- On birden 25 manat işleýä.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

Pul karz alyp soñam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goñşysynyñ ýanynda zeýrenýär:
- Adamlaryñam tüýs nekgedi çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim weli, ýüzüne gara çekip hakyt bermedidä.
- Goñşy, menem şol nekgetleriñ biridirin.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

- "Ondan gyşda gar alyp bolýarmy?" diýşip, maña töhmet atýarlar. Ýalan. Her ýyl gyş jaýymyñ üçegindäki gary goñşylarymyñ howlusuna tarap süpürýänä.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

- Näme üçin okuwdan gijä galdyñ?
- Biri magazinde pulyny ýitirdi.
- Tapyp berjek bolduñmy?
- Ýok-la aýagymy puluñ üstünde aýryp bilmedim.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

-Näme üçin aýalyñy oklaw bilen urduñ?
- Şol aýal señki bolan bolsa, pilsapy bilenem urardyñ.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

- Garrylygy boýun alýarmyñ?
- Ýok, özi boýnuma münýär.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

Mugallym:
- Transformator nähili işleýär?
Okuwçy:
- Huññ - edip.

🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣

Äri:
- Señ bilen hiç oñuşup bilemok.
Aýaly:
- Onda meni almaly däl ekeniñ.
- Aý öwdilerdä.
- Kim öwdi?
- Wah kimdigi ýadyma düşenok ýadyma düşse öýüni otlap gaýtjak.

BILDIRIŞ: "LIKE" GOÝMADYGYÑ TELEFONY TOK TUP ÖLSÜN.
48
392
edelweiss
13 Yanwar 2024
😂😂😂😂
0008
13 Yanwar 2024
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️ine like
yurek
13 Yanwar 2024
Surat jupune dusen
loona_girl
12 Yanwar 2024
Böwregiňiz gacyanca guluň 🤣🤣
loona_girl
12 Yanwar 2024
Mnä like goýdum 😂
Miss_Minnosh❤️
12 Yanwar 2024
Goydum goydum❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.