gokgi
20.12.2024 14:48
Hemmä Salam. Geliñ biraz çagalygmyzy ýatlalyñ...
9
467
gokgi
19.12.2024 17:30
Siziñki dogry gelýärmi?
(suraty arhiwden tapdym😅)
7
262
gokgi
26.09.2024 13:57
Seni alan ýigdi synladym agşam,
Olam edil biz deý ne artyk, ne kem.
Dilewar däl ýa-da bir akyllam däl,
Ýöne welin ýerçeken
Bize görä biraz bagtlyrak eken.
9
85
gokgi
25.09.2024 15:55
Üsti güldür-gurjakly toý maşynyndan
ZAGS-daky gol çekilýän nika stoluna
çenli aralygy özbek gyzlary
dähedem-dessemläp geçýär.

Dähedem-dessem...
Ilki bilen gol çeksem!
Dähedem-dessem...
Onsoň golum çemenli
Täze öýmüze ýetsem!

Dähedem-dessem,
Dähedem-dessem,
Täze öýmüze baryp,
Ärime hyzmat etsem:
Süýji-süýji bişirsem,
Suw ýerine ýag içirsem,
Guşlar bilen oýansam,
Ýüpek parça geýinsem,
Nandyr, lagman ýugursam,
Ýuwsam, tiksem, egirsem,
Onsoñ günleñ bir güni...
Ekiz ogul dogursam!

Toba-toba, dähedem,
Toba-toba, dessem-leý,
Üstüm çaga basdyrman
Birki ýyl bir gezsem-leý!

...Dähedem-dessem, dähedem-dessem-
Gaýtmyşym ylla,
Çagasyz-çugasyz ýetäýseñ nätjek
Kyrka ýa ellä?!
Bolgusyz pikirler
Nirden gelip ýör
Diýsene kellä!

Dähedem-dessem, dähedem-dessem,
Ekiz bolsun,
Sekiz bolsun,
Derýa bolsun,
Deñiz bolsun,
Öýmüz mydam bazar ýaly
Şowhun alyp dolup dursun!

Dähedem-dessem,
Gyz bolanda-da,
Dähedem-dessem,
Ogul bolsa-da,
Görk berer öýümize
Ikisem des-deñ,
Ikisem des-deñ!
Dähedem-dessem...

Annaberdi Agabaýew. 1979
12
129
gokgi
02.09.2024 17:21
⚜ Meşhur aktrisa Natali Portman 13 ýaşynda kinoda çykyş etmäne başlaýar. Meşhur fransuz aktýory Žan Reno bilen surata düşen "Leon" filmi bilen başlanan kämil aktrisalyk ýoly oña uly üstünlik getirýär. Häzirki wagtda ol "Oskar", "Golden Globe", "BAFTA" ýaly abraýly kino baýraklarynyñ eýesidir. Natali mekdepde okan döwründe iñlis, fransuz, ýapon, nemes we arap dillerini özleşdirýär. Ol okuwyna şeýle bir yhlasly ýapyşýar, hatda özüniñ gatnaşan "Star Wars" filminiñ ilkinji dabaraly görkezilişigine hem gatnaşman, gutardyş synagyna taýýarlanýar.


⚜ Meşhur ýazyjy Agata Kristiniñ öz eserlerindäki ýygy-ýygydan ulanan añtaw hem-de halas ediş wakalaryny gowy bilmeginiñ sebäbi, onuñ harby şepagat uýasy bolup işlemegi bilen baglydyr.


⚜ Halkara derejesinde iñlis skripkaçysy hökmünde tanalýan sazanda Wanessa Meý 3 ýaşynda pianino, 5 ýaşynda bolsa skripka çalmaga başlaýar. Ginnesiñ Bütindünýä rekordlar kitabyna giren Wanessa 13 ýaşynda Bethoweniñ we Çaýkowskiniñ konsertlerini ýazgy edýär.


⚜ Nobel baýragyna mynasyp bolan ilkinji zenan Mariýa Kýuri , şol bir wagtda şol bir baýraga iki gezek mynasyp bolmagy başaran ilkinji alym hökmünde hem bellidir.

Taýýarlan: Şamyrat Muhammetgurbanow(Zenan kalby žurnalyndan)
13
45
gokgi
22.06.2024 17:07
🔅 Äleme sygmaýan beýik adam bolup gideñde-de, dar gujakda aglap ýatanyñy unutma.


🔅Eý ýaş ýigit, depäñde galdyrap duran garra ýer berip bermezlik özüñe bagly. Ol señ hiç kimiñ däl, diñe "Menem oñ ýaşyna ýetermikäm" diýip öz-özüñden sorap görseñ besdir.


🔅 Adamzadyñ aýbynyñ özüne duýulmaýanam bir gowy zat. Ýogsam dünýäde ýekeje abat aýna galmazdy.


🔅 Ýigrimi ýaşdaky aşyk-magşuklykdan, ýetmiş ýaşdaky mähir-mylakata çenli ýetip baran aýal bilen adamsy sabyr-kanagat perişdeleridir.


🔅 Durmuşyñyzda begenje görä ökünç köpräk bolsa geñ galmañ. Ynsan balasy aglap dogulýa, gülmegi bolsa has soñ öwrenýär.


🔅 Dünýäde enä meñzetmek mümkin bolan iki zat bar: Ene dili, Watan.
19
49
gokgi
29.05.2024 17:56
Hakyky söýgi uzak ýyllaryñ aýralygyna döz gelýän söýgi däl-de, uzak ýyllaryñ ýakynlygyna döz gelýän söýgüdir.
Helen Roulend

❤❤❤❤❤

Hiç haçan gülşüp görmedik adamyñy çyn ýürekden söýüp bolmaýar.
Agnes Replaýer

❤❤❤❤❤

Söýýän mahalyñ hiç zat barada pikir etmeýärsiñ. Eger pikirlenip başladyñmy, onda eýýäm söýýän dälsiñ.
Nihon de Lanklo

❤❤❤❤❤

Biriniñ söýgüsine eýe bolmagyñ iñ ygtybarly we dogry ýoly oña öz söýgiñi bagyş etmekdir.
Žan Žak Russo

❤❤❤❤❤

Söýmek diñe birek-birege seretmek däl-de, bilelikde bir tarapa garamakdyr.
Sent Ekzýuperi

❤❤❤❤❤

Hakyky söýgi kyn günlerde ýüze çykýar. Ol edil ot ýalydyr, gije näçe garañky boldugyça, hakyky söýgi şonça-da güýçli alawlaýar.
Leonardo da Winçi

❤❤❤❤❤

Söýmek söýýän adamyñ bagtynda öz söýgiñi tapmakdyr.
G.Leýbnis
22
104
gokgi
22.05.2024 16:02
Zenan - iýdiren iýmitiñden däl, siñdiren söýgiñden doýýar. Çykaran çykdajyña görä däl, beren ünsüñe görä gözelleşýär.
Zenan - oña beren ynamyñ bilen ýaşaýar, onuñ näçe göwnüne degseñem ol seni bagyşlar, ýöne unutmaz, ýüreginde saklar.
25
92
gokgi
02.05.2024 18:31
Çaga doglup, tä kyrk gün geçýänçä ol çileli hasaplanýar. Çile sözüniñ özi pars sözünden gelip çykyp, kyrk diýen manyny berýär. Ata-babalarymyz üç, ýedi, kyrk ýaly sanlaryñ durmuşda ähmiýetiniñ uludygyny hemişe tekrarlapdyr. Şeýle ynançlaryñ esasynda bolsa, çaganyñ kyrk çilesi diýen dessur döräpdir. Kyrk günlük çile dessury diñe türkmenlerde däl, eýsem beýleki türki halklaryñ birnäçesinde hem bolupdyr. Bu dessur häzirki döwre çenli dowam edip gelýär. Çilelidöwürde çaga gözden-dilden goraglap saklanýar. Çileli çaganyñ üstüne täze gelin, et, ýumurtga, mata getirilmeýär. Ata-babalarymyzyñ ynanjyna görä, eger-de şeýle edilse, çaga çile düşüp bilýär. Çile düşen çaganyñ ýañagynda we endamynda gyzyl örgünleriñ peýda bolmagy bilen, onuñ kesellemegi, iglemegi mümkin diýip düşünipdirler.
Çagany kyrk gün çileli döwründe iki gezek çileden çykylarylýar. Muny maşgalada zerurlyk ýüze çykanda, ýagny toý tutmak we başga bir bäbegiñ dogulmagy ýaly ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär. Oña ýedi gün geçenden soñ, ýedi çilesinden çykarmak, ýigrimi gün geçenden soñ, ýigrimi gün çileden çykarmak dessury diýilýär. Çagany doglandan kyrk gün geçenden soñ bolsa, ymykly çile suwuna düşürilýär.
Ene-mamalarymyzyñ gürrüñ bermegine görä, çile suwuna ýedi görnüşli zat atylýar: goýnuñ çöri, ýumurtganyñ gabygy, etiñ bölegi, matanyñ bölegi, kümüş, kyrk sany bugdaý dänesi we bir çümmük duz. Şol zatlaryñ atylmagynyñ her haýsynyñ öz sebäbi bolupdyr. Bularyñ ählisi çaga çileden çykýança çileli zatlar hasap edilendigi üçin, olar biliner-bilinmez ýagdaýda öýe gelwn bolsa, çiläni kessin diýen ynam bilen çile suwuna atylypdyr. Kümüş çaganyñ düşürilýän suwunyñ düzümini arassalaýar. Çagany çileden çykarylanda ol ýedi öýe eltip görkezilýär. Çagany görüp, ýüzlerine sylýarlar we sowgat berýärler. Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara eýerip, kyrk gün dolup, sag-aman çileden çykan çaga babasydyr mamalaryna myhmançylyga äkidilýär.
Umuman, çaganyñ durmuşy bilen baglanşykly dessurlaryñ hataryndaky çile dessury çaganyñ sagdyn synaly, berk bedenli ösmeginde täsiri uly bolupdyr.

Taýýarlan: Aýna Gurbangulyýewa
30
133
gokgi
11.04.2024 15:12
Halys başym alyp gidýän bir ýaña,
Ýöne pikirlerden bilemok ozup,
Şo ýerde-de bagtym alan şo gözel
Gaşynda ýarymyñ gözlerin süzüp
Otyr,
Näzi bilen ýakyp-ýandyryp.
Bu pursata ýanyp-bişmän bolanok.
Ellem bilen ýapyp,
Ýumýan gözümi,
Gaýta otyr pikirlerme dolanyp.

Göwnüme, ýarymam soñky günlerde
Hiç zatça görenok göwnüm ýykmany.
Ýeri, o gözele näme diýersiñ,
Pikirem edenok özge ykbaly.

Bir boýdaşym ýanyp-bişýär halyma,
Diýýär: \"Uçurapsyñ ýaman derde sen.
Bu keseliñ güneş ýaly ýüzüñden
Syrar juwanlygyñ näzik perdesin\".

Uka gitsem...
Bolýar bolubileni,
Ynjalyk tapamok oýanan wagtym.
Ýogsa ýar ýanymda gerip ganatyn
Göýä goragçysy bu sypjyk bagtyñ.

Ganyma siñipdir bu ýowuz \"kesel\",
Darkaş edýär ömrüñ juwan wagtyna.
Ýeri, onsoñ nädip bagtly bolarsyñ,
Ynanmasañ eliñdäki bagtyña!

✍🏼BIBI ORAZDURDYÝEWA
18
34