Üsti güldür-gurjakly toý maşynyndan
ZAGS-daky gol çekilýän nika stoluna
çenli aralygy özbek gyzlary
dähedem-dessemläp geçýär.
Dähedem-dessem...
Ilki bilen gol çeksem!
Dähedem-dessem...
Onsoň golum çemenli
Täze öýmüze ýetsem!
Dähedem-dessem,
Dähedem-dessem,
Täze öýmüze baryp,
Ärime hyzmat etsem:
Süýji-süýji bişirsem,
Suw ýerine ýag içirsem,
Guşlar bilen oýansam,
Ýüpek parça geýinsem,
Nandyr, lagman ýugursam,
Ýuwsam, tiksem, egirsem,
Onsoñ günleñ bir güni...
Ekiz ogul dogursam!
Toba-toba, dähedem,
Toba-toba, dessem-leý,
Üstüm çaga basdyrman
Birki ýyl bir gezsem-leý!
...Dähedem-dessem, dähedem-dessem-
Gaýtmyşym ylla,
Çagasyz-çugasyz ýetäýseñ nätjek
Kyrka ýa ellä?!
Bolgusyz pikirler
Nirden gelip ýör
Diýsene kellä!
Dähedem-dessem, dähedem-dessem,
Ekiz bolsun,
Sekiz bolsun,
Derýa bolsun,
Deñiz bolsun,
Öýmüz mydam bazar ýaly
Şowhun alyp dolup dursun!
Dähedem-dessem,
Gyz bolanda-da,
Dähedem-dessem,
Ogul bolsa-da,
Görk berer öýümize
Ikisem des-deñ,
Ikisem des-deñ!
Dähedem-dessem...
Annaberdi Agabaýew. 1979