gokgi
11.04.2024 15:12
Halys başym alyp gidýän bir ýaña,
Ýöne pikirlerden bilemok ozup,
Şo ýerde-de bagtym alan şo gözel
Gaşynda ýarymyñ gözlerin süzüp
Otyr,
Näzi bilen ýakyp-ýandyryp.
Bu pursata ýanyp-bişmän bolanok.
Ellem bilen ýapyp,
Ýumýan gözümi,
Gaýta otyr pikirlerme dolanyp.

Göwnüme, ýarymam soñky günlerde
Hiç zatça görenok göwnüm ýykmany.
Ýeri, o gözele näme diýersiñ,
Pikirem edenok özge ykbaly.

Bir boýdaşym ýanyp-bişýär halyma,
Diýýär: \"Uçurapsyñ ýaman derde sen.
Bu keseliñ güneş ýaly ýüzüñden
Syrar juwanlygyñ näzik perdesin\".

Uka gitsem...
Bolýar bolubileni,
Ynjalyk tapamok oýanan wagtym.
Ýogsa ýar ýanymda gerip ganatyn
Göýä goragçysy bu sypjyk bagtyñ.

Ganyma siñipdir bu ýowuz \"kesel\",
Darkaş edýär ömrüñ juwan wagtyna.
Ýeri, onsoñ nädip bagtly bolarsyñ,
Ynanmasañ eliñdäki bagtyña!

✍🏼BIBI ORAZDURDYÝEWA
18
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.