gokgi
02.05.2024 18:31
Çaga doglup, tä kyrk gün geçýänçä ol çileli hasaplanýar. Çile sözüniñ özi pars sözünden gelip çykyp, kyrk diýen manyny berýär. Ata-babalarymyz üç, ýedi, kyrk ýaly sanlaryñ durmuşda ähmiýetiniñ uludygyny hemişe tekrarlapdyr. Şeýle ynançlaryñ esasynda bolsa, çaganyñ kyrk çilesi diýen dessur döräpdir. Kyrk günlük çile dessury diñe türkmenlerde däl, eýsem beýleki türki halklaryñ birnäçesinde hem bolupdyr. Bu dessur häzirki döwre çenli dowam edip gelýär. Çilelidöwürde çaga gözden-dilden goraglap saklanýar. Çileli çaganyñ üstüne täze gelin, et, ýumurtga, mata getirilmeýär. Ata-babalarymyzyñ ynanjyna görä, eger-de şeýle edilse, çaga çile düşüp bilýär. Çile düşen çaganyñ ýañagynda we endamynda gyzyl örgünleriñ peýda bolmagy bilen, onuñ kesellemegi, iglemegi mümkin diýip düşünipdirler.
Çagany kyrk gün çileli döwründe iki gezek çileden çykylarylýar. Muny maşgalada zerurlyk ýüze çykanda, ýagny toý tutmak we başga bir bäbegiñ dogulmagy ýaly ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär. Oña ýedi gün geçenden soñ, ýedi çilesinden çykarmak, ýigrimi gün geçenden soñ, ýigrimi gün çileden çykarmak dessury diýilýär. Çagany doglandan kyrk gün geçenden soñ bolsa, ymykly çile suwuna düşürilýär.
Ene-mamalarymyzyñ gürrüñ bermegine görä, çile suwuna ýedi görnüşli zat atylýar: goýnuñ çöri, ýumurtganyñ gabygy, etiñ bölegi, matanyñ bölegi, kümüş, kyrk sany bugdaý dänesi we bir çümmük duz. Şol zatlaryñ atylmagynyñ her haýsynyñ öz sebäbi bolupdyr. Bularyñ ählisi çaga çileden çykýança çileli zatlar hasap edilendigi üçin, olar biliner-bilinmez ýagdaýda öýe gelwn bolsa, çiläni kessin diýen ynam bilen çile suwuna atylypdyr. Kümüş çaganyñ düşürilýän suwunyñ düzümini arassalaýar. Çagany çileden çykarylanda ol ýedi öýe eltip görkezilýär. Çagany görüp, ýüzlerine sylýarlar we sowgat berýärler. Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara eýerip, kyrk gün dolup, sag-aman çileden çykan çaga babasydyr mamalaryna myhmançylyga äkidilýär.
Umuman, çaganyñ durmuşy bilen baglanşykly dessurlaryñ hataryndaky çile dessury çaganyñ sagdyn synaly, berk bedenli ösmeginde täsiri uly bolupdyr.

Taýýarlan: Aýna Gurbangulyýewa
30
126
gokgi
31 Iýul 2024
@Adyl_G, Salam
gokgi
31 Iýul 2024
@zumerret_, hà ona bilemok
gokgi
31 Iýul 2024
@zumerret_, hawa şolam edilýà endamy berk bolar ýaly hemem mòr mòjek çakanda kàn bildirmez ýaly edýàn ekenler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.