geldiyevna
05.04.2024 23:43
Kän gözele lak atdy,
Diýdi: ýüregim berdim"
Ol jalaýdy, alçakdy,
Gaýtmady ýalan, şerden.

Her gün bir baga girdi,
Çykanda gülden çykdy.
Günler yüwrüp, aý uçup,
Wagt onuñ bagtyn çakdy.

Indi bolsa sergezdan
Şat geçilen günlere.
Gözläp ýör ol, Gün çykyp,
Girinçä-de Gün ýere.

Bilenok ol henizem,
Haýsy gyza berenin,
"Jalaý ýigit" agtaryp,
Gözläp ýör öz ýüregin.

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
32
463
geldiyevna
04.04.2024 15:04
Salam gadyrdanlar, geliň gowusy biraz peýdaly güýmenje bilen güýmeneliň. Oýnuň şerti hemmä tanyş şertler:
Apple ➡️ email ➡️ later ➡️ really ➡️... şuň yzyny dowam edibermeli. Hemmeler üçin gapy açyk, gozüňiz kaklyşdygy, göni girişibermeli.
Lets go...
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️
32
426
geldiyevna
02.04.2024 07:59
GÖZÜŇ AÝDYŇ MILLET!
34
232
geldiyevna
30.03.2024 21:55
Salam gadyrdanlar! Şu gün bir meselede siz bilen pikir alyşasym geldi. Goňşymyzyň açyk duran gapysyndan, köçe itleriniň biri girip, tamdyrdan ýaňja çykaryp, sowasyn diýip, ýazyp goýan çöreklerniň birini agzyna alyp ötägidipdir. Goňşymam:
--Aý bolýa, sadakam bolsun -- diýipdir. Menem:
--Öz eliň bilen bermeseň sadaka bolmaýar -- diýsem,
-- Ýok, aç it iýse sadaka borda -- diýip, goňşym maňa garşy çykdy. Ýeňdirmejegini bilenimden soň menem: "Hä, hm" diýip, oňaýdym...
Belki bu orta alyp, çişirip oturarlyk zadam däldir-le welin, ýöne men siziňem bu meselede pikiriňizi bilmek isledim...
Halal gazanjyňdan, masgala agzalarynyň ählisiniň razylygy bilen, minnetsiz we oňardygyňdan äşgär edilmedik sadakanyň kabul bolma mümkinçiligi has ýokarydyr elbetde, ýöne aç itiň öýüňden alan çöregi (nesibesi), sadaka bolup bilermikä?
Teswirlerňize garaşýan...💬💬💬
36
220
geldiyevna
29.03.2024 23:37
\"Men özümi aýamadym...\"
Gurbannazar Ezizow

Men ýüregmi dözmedim hiç özüme,
Aýamadym, özgelere berdim men.
Ýama boldy, paralanan ýüregim,
Özgeleriñ agyryly derdinden.

Ýaş halyma goja boldum, büküldim,
Öz iýjegmi berdim açgöz bolana.
Al bilen el serýänden utuldym,
Özgä peşgeş berdim, öz nesibämi,
Üşän wagty mahmal düşän ýorganym.

Menem öz bolsumça Hatama döndüm
Paýladym, özüme dözmedik zadym.
Ýüregimi dözdüm...
\"Aklyndan azaşan\" dakyldy adym.


© Remezan Mämetgurbanow
27
47
geldiyevna
28.03.2024 23:58

Şatlygymy gözlerimden gusaýyn,

Gözlerine derman bolaýyn körüñ.

Gara geýen niýetimi busaýyn,

Zyndana öwreýin ýüregmiñ törün.


Goý ysyda, kokuda çykmasyn ondan,

Çilim çekip, tüssä demikdireýin,

Ýeter indi, meni gussa gömeni,

Özümi bagt bilen höwrükdireýin.


Göwnimi ýykjaga, etjek mürähet,

Mizemez ýüregim ýykylmaz indi.

Diñdi gussalarym, gaharym rahat,

Bagtly men indi...


© Remezan MÄMETGURBANOW

26
37
geldiyevna
27.03.2024 21:20
Keşbim özgeripdir,
Sözlerim yalan.
Eleşan eşigim bolupdyr moda,
Men şeyle yaş görünyän...
"Jillette" alaýyn,
Kepgamy sümüreýin başyma.
Äýnegiñ añyrsynda uwlaýar Hüwi,
Äýnegi aýyrsam aÇyljak syrym.
Gowy,
Selfi düsen suratym.
Türgenleşik geÇenimem gowy zat,
Özümem tanamok.
Aýnadaky keşbim edipdir endik,
SaÇ-sakalyñ ak gylyny aýyryp.
ÇarÇuwa salypdym,
Yaşamak üÇin,
Özümi öz- özümden ýok edip.

© Remezan MÄMETGURBANOW
42
213
geldiyevna
22.03.2024 19:02

Eser durmuşda bolan wakalar esasynda ýazyldy.Dowamy okyjylaryň isleglerine baglylykda uzalyp ýa gysgalyp biler.

1-nji bölüm.

22.03.2024. Sag 2:34. Indi bir hepde bäri \"öwrenmelide\" post goýmagyň pikirni edip ýörün, köpler üçin gülkünç bolar, ýöne men öz elim bn birzatlar çyrşasym gelýär, ony çyrşamaga-da gaýrat gerek, beý diýsem \"güýç-gurbatdan galypdyrow bi biçäre\" diýäýmäň. @Ylham Gurbanalyň aýdyşy ýaly bary-ýogy çärýek müçe ýaşadym😌(wah käşgä şeýle bolsady😔). Ine şu arzuwlaň astynda @Ylham Gurbanalydan bir günlüjek jadyly galamyny diledim, oda \"Sagadyna 10 dollar😎\" diýip, meselämi çürt-kesik edip oturyberdi🥺. Nämemiş o galamy ulanmagyň ugruny bilsem, men ondan ozdurjakmyşym🤟(agzymdan Hudaý edidip, perişdeler omyn diýsin🤲). Ýoldaşymyň öňňin ugradan bir müň bäş ýüz manadynyň(sanlar bn ýazaýman, uzyyyn edip sözde ýazyp görýän, hamala uzyyyn edip sozanyň bn puluň köööp bolaýjak ýaly🤣) ýary bergä gitdi, galanjasyna-da 30 gün hojalyk süýremeli. Ahyry jigime @leylo (şu ýerde agza, tapan adyny dagy🙄, ýoo ony @Relax başlyga haýyşt edip düzetdirmesek bolmyýa😑) sala salsam, oda maňa gönüýetmezçilik edip: \"@Paradiseň aýdanny eşitdiňmi\" diýen bole, \"Köp adam ýazybilmez\" diýenmiş Jennet😏.

-Men şo arzyly galamy ele salybilsem, galanny bir zat ederin, maňa şu wagt akyl däl, dollar gerek--diýsem, olam algy-bergisini sanap başlady (magazinçimiş😎), hiiiç tüketmedi, \"ýok\" diý-de goýda🤬. Ahyry öz başymy özüm çaramalydygyma düşündüm(10-12 ýaşly ýetginjeksiň sen öz başyňy çarabilmän😏). Hudaý geçirsin, çagalaram oňuşarda 1 aýjyk kartoşka bn.

Ýalbar-ýakar bn galamyň bahasyny sagadyna 8 dollara düşürdüm. Duşuşyk wagtyny, ýerini gepleşip, bardym ýyrşaryp😁, pulam şo ýoldaşymyň ugradyşy ýaly köneräk, skoçlyja 5-liklerem bar arasynda.

Göz öňüme syratly, kastýum balakly, eli güllüje💐(söýgülisi bn duşuşmaga gelýändir ol😂) @Ylham Gurbanaly gelýär. Iki gözüm töweregimde👀, ýalt-ýult edip gözümi alyp sataryň gözi ýaly edip, näçe ýaltaklasam hem @Ylham Gurbanalyny tapamok, ahyry jaň etdim:

--Hany nirde siz?-- oda göwnübir:

--Şu ýerde!

--Şu ýeri bolanda niri bole? diýsem,

--Baý bazaryň derwezesiniň öňünde-- diýe,

--Hew menem şörde--diýip, ýene ýaltaklap başlasam, gözüm telefonda gepleşip, çigit çakyp duran kelte paýça, garaýagyz, girdenejik birine düşdi👀, şu töwerekde şondan başga telefonda gepleşip duran ýok. Içime üç gezek tüýkürip, Hudaýy çagyryp ugradym o huliganyň🤣 ýanyna. Geýnişi dagy nähilek gy onuň, o ýyrtyk jinsi modadan galmadymaý, ahyry dähedem-dessemläp ýetdim, indem durun ýüzüne çiňňerilip🙄. Öňki dogumymdan zat galmady, ýüzümem.lap-lap gyzýar🥵, zordan:

--Salam -diýdim, Oda ýüzümden öňinçä depämden dabanyma çenli göz aýlady-da, \"näme gerek\" diýýän ýaly manyda:

--Hmm -etdi, menem gyzaryp, bozaryp durşuma zordan:

--Siz @Ylham Gurbanalymy -diýdim, oda dilegçä seredýän ýaly nazar bn:

--Hawwa, hä? -diýdi.

--M men G @Geldiyevna -diýdim(sakawlar bola, başga wagta dil iýdirlen ýaly bolup, eňegime jaň dakylandan beterdirin weli, hany şuwat o saýrak dilden peýda ýok😁). Reska @Ylhamyň ýüzi-gözi üýtgedi. O barmana daýaw biri: Gubadaga gitjekmi dogan?\" diýip, alkymymyza dykylyp geldi, wah başga wagt bolanlygynda şü \"baýyň\" öňündäki taksistleň deňinden jigim bn her geçende prikol tutup geçerdik welin, häzir ýeri däl. Oňa çenli ýene bir garynlak pyýada: "dollor bamy dollor?" diýip geläýse nädersiň😂, "wah sataşmaga ýer tapan ekenik" diýip, elimi @manolyaň edişi ýaly maňlaýma ursam🤦, suw-sil bolup ýüzümden der akýar😰. "Bu nä men ýaman derleýänaý" diýip, görsem beýlekilerem suw der boluşyp ýörler😦. Ýagyşyň ýagyp başlanny duýman, aljyrap, sakawlap duruşym, şu pormyň gursyn @Ylham Gurbanala aşyk bolana meňzeýä😱, ýooo siz gülmäň, adamyň duýgusy bn oýun etmäň🥺, geň görseňiz alnyňyza barsyn🙏(maňa geň galyp, özleri meň günüme düşen, yzy bir süri gyzly @Ylham göz öňüme gelýä🤣). Ýöne men ýoldaşym bn duşuşyga çykanymda-da beýle aljyrap görmändim-ä, ýa şü şahyrsumagyň syrtlan çöpi dagysy bamyka dogan🤔, häzirkilerden her zat çykar.

Ýaňky gürrüňiň yzyna gelsek, taksistleriň gohundan ýaňa arkaýyn gepleşip boljak däldi. Onsoň \"Çeträge, adamlaň azrak ýerine süýşeli\" diýsem, \"Hany dollar\" diýýä bu naýynsap (ynsaplylaryň naýbaşysy)🙄. Şu wagt bildim içi pully sumkajygymy şunça wagt gujaklap ýörenligimi🤦, sumkadan iki pakede dolanyp gaýymlanan bir peyde 5 -ligi çykardym (pul görmedik adam üçin 20 sany 5-ligem bir petde bolarda🔥). @Ylham ýüzüni bir kürşertdi erbet zat gören ýaly edip🥴, menem näm bolduka diýip, bir elimdäki pullara seredýän, birem @Ylhamyň ýüzüne. O ýüzi gözüň bn görmeseň söz bn suratlandyrmak kyn, edil erbet içi towloýan adamyň ýüzüdä😵😖. Reska kellä geldi, düýnki @Serwiň aýdyboturan injirli (soganly) somsasyndan doýan bolmaly bi bedibagt ( bedibagt-başgalara garanda ýedi esse bagtly adam*💯). Zordan:

--Hä, näm boldy? - diýňäge ýaradym çekinip. Oda ýüzüni öňküdenem beter egşedip🥴:

-- Munyň nämow -diýdi,

--Şoş-şo n nemäň o galamyň pulydy -diýip, geň galyjylyk bn ýüzüne çiňňerildim🙄.

--Ýogadow onyňy, dollardan gepleşdig-ä biz -diýdi welin, duýgudan püre-pür bolup, näzlenip duran ýüzüm hyýrsyzlanyp, saçym hüžžerdi, dodagymy ýalap başlanymdan aňdy züwwetdin rejäň geň däldigini. Indi @Ylham mylaýym görnüşe geçipdi:

--Senem düşün-ä birzada gelneje, @Garlawac sagadyna 30 dollar teklip edende-de bermedim -diýdi,

--Oňa nämä gerekmiş, özi ökdä oň -diýsem,

--Wah ony şu derejä ýetiren men -diýdi. Gözümiň agyny köpeldip ugranymdan aňşyrdy petigara, @Garlawaja degilse ýeňsäm gataýanlygyny.

--Wiý meň galamym -diýip, howlukmaç ýalňyşyny düzetdi biçäre. Galama bolan islegim öňküdenem güýjedi. Eýdip-beýdip ele salmaly, eger @Garlawajy arşa çykaran @Ylham Gurbanalyň galamy bolsa, onda men dagy hooo ýokary (göz öňüme @Relaxyň oturan ýeri gelýä😎) galaýmaly, Nädersiň şü @TSoltanowdan başlap bütin öwrenmeli menden awtograf almak üçin nobata dursa(natdim😂, bolsady ekmänem menden öwreniň)🤣.

Birden ýagyşyň şabyrdysyna ukudan oýanan ýaly boldum🌧️, süllümbaý ezilen ekenim. Arzuwa berilip, başym aýlanyp, ýagyşa ezilenimem duýmandyryn. Beýläme seretsem @Ylhama biri saýawan tutup dur(gyzmy oglanmy biler ýaly däl🤔). Hany ho gün gije \"men holostýakdyryn\" diýip, gyzlary aldap oturan ekeni-dä. Menem dykyljyrap bardym ýanlaryna, saýawanyň teýine girdim-de: \"Kim bi\" diýdim. \"@Bitter bu\" dip tanyşdyrdy. Göwnüm üçin äýneginem aýyraýyn diýmedi(ýagyşda-da äýnekli😄). Gözünden başga ýerini gördüm👀, şo wagt erkek bolup dogulmadygym üçin Hudaýdan närza boldum. Älhepus, üýtgeşik zat ekeni, ýaşlygymy ýada saldy, ýöne syr bildirmedim. Agrassyran boldum-da, çalaja kellämi kakdym \"hmm\" diýip.

O barmana @Ylham:

-- ........



Üns bn okanyňyza minnetdar💥 okamadyklara iki esse minnetdar🔥. Hä dowamymy? Elbetde bar, ýöne haçan ýazyljagy belli däl, esasy zat şo galamy ele salmagym üçin dileg ediň🙏, ana şonda ady agzalman galjak agza bolmaz!

Sözüm sözdür💯(aýdan men däl)

71
685
geldiyevna
06.03.2024 18:43
Жил с женой и думал, "куда она деньги мои девает?"
Розощёлся, месяц пожил один. Теперь вот думаю: "Откуда она их брала?"
*************************
Жена так достала мужа, что он ограбил магазин, чтобы отдохнуть в тюрьме от неё. А суд дал ему 3 года домашнего ареста!
**************************
Поссорились с любимым, сижу в маршрутке плачу и вдруг мальчишка лет пяти, сидевший рядом, заглянул мне в глаза и ласково спросил: "Ты плачешь потому что жирная, да?"
**************************
Лежим с мужем на диване, смотрим фильм. Мой телефон на кухне. Слышу, что пришла СМС.
Неохотно иду к телефону. А там сообщения от мужа:
"Если ты встала, то сделай мне, пожалуйста, чай"
45
561
geldiyevna
02.03.2024 00:56

Salam mähribanlar, şu sudokuny düşündürip çözüp bilene baýrak garaşýar!

48
314