geldiyevna
05.04.2024 23:43
Kän gözele lak atdy,
Diýdi: ýüregim berdim"
Ol jalaýdy, alçakdy,
Gaýtmady ýalan, şerden.

Her gün bir baga girdi,
Çykanda gülden çykdy.
Günler yüwrüp, aý uçup,
Wagt onuñ bagtyn çakdy.

Indi bolsa sergezdan
Şat geçilen günlere.
Gözläp ýör ol, Gün çykyp,
Girinçä-de Gün ýere.

Bilenok ol henizem,
Haýsy gyza berenin,
"Jalaý ýigit" agtaryp,
Gözläp ýör öz ýüregin.

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
32
459
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.