Salam gadyrdanlar! Şu gün bir meselede siz bilen pikir alyşasym geldi. Goňşymyzyň açyk duran gapysyndan, köçe itleriniň biri girip, tamdyrdan ýaňja çykaryp, sowasyn diýip, ýazyp goýan çöreklerniň birini agzyna alyp ötägidipdir. Goňşymam:
--Aý bolýa, sadakam bolsun -- diýipdir. Menem:
--Öz eliň bilen bermeseň sadaka bolmaýar -- diýsem,
-- Ýok, aç it iýse sadaka borda -- diýip, goňşym maňa garşy çykdy. Ýeňdirmejegini bilenimden soň menem: "Hä, hm" diýip, oňaýdym...
Belki bu orta alyp, çişirip oturarlyk zadam däldir-le welin, ýöne men siziňem bu meselede pikiriňizi bilmek isledim...
Halal gazanjyňdan, masgala agzalarynyň ählisiniň razylygy bilen, minnetsiz we oňardygyňdan äşgär edilmedik sadakanyň kabul bolma mümkinçiligi has ýokarydyr elbetde, ýöne aç itiň öýüňden alan çöregi (nesibesi), sadaka bolup bilermikä?
Teswirlerňize garaşýan...💬💬💬