geldiyevna
22.03.2024 19:02

Eser durmuşda bolan wakalar esasynda ýazyldy.Dowamy okyjylaryň isleglerine baglylykda uzalyp ýa gysgalyp biler.

1-nji bölüm.

22.03.2024. Sag 2:34. Indi bir hepde bäri \"öwrenmelide\" post goýmagyň pikirni edip ýörün, köpler üçin gülkünç bolar, ýöne men öz elim bn birzatlar çyrşasym gelýär, ony çyrşamaga-da gaýrat gerek, beý diýsem \"güýç-gurbatdan galypdyrow bi biçäre\" diýäýmäň. @Ylham Gurbanalyň aýdyşy ýaly bary-ýogy çärýek müçe ýaşadym😌(wah käşgä şeýle bolsady😔). Ine şu arzuwlaň astynda @Ylham Gurbanalydan bir günlüjek jadyly galamyny diledim, oda \"Sagadyna 10 dollar😎\" diýip, meselämi çürt-kesik edip oturyberdi🥺. Nämemiş o galamy ulanmagyň ugruny bilsem, men ondan ozdurjakmyşym🤟(agzymdan Hudaý edidip, perişdeler omyn diýsin🤲). Ýoldaşymyň öňňin ugradan bir müň bäş ýüz manadynyň(sanlar bn ýazaýman, uzyyyn edip sözde ýazyp görýän, hamala uzyyyn edip sozanyň bn puluň köööp bolaýjak ýaly🤣) ýary bergä gitdi, galanjasyna-da 30 gün hojalyk süýremeli. Ahyry jigime @leylo (şu ýerde agza, tapan adyny dagy🙄, ýoo ony @Relax başlyga haýyşt edip düzetdirmesek bolmyýa😑) sala salsam, oda maňa gönüýetmezçilik edip: \"@Paradiseň aýdanny eşitdiňmi\" diýen bole, \"Köp adam ýazybilmez\" diýenmiş Jennet😏.

-Men şo arzyly galamy ele salybilsem, galanny bir zat ederin, maňa şu wagt akyl däl, dollar gerek--diýsem, olam algy-bergisini sanap başlady (magazinçimiş😎), hiiiç tüketmedi, \"ýok\" diý-de goýda🤬. Ahyry öz başymy özüm çaramalydygyma düşündüm(10-12 ýaşly ýetginjeksiň sen öz başyňy çarabilmän😏). Hudaý geçirsin, çagalaram oňuşarda 1 aýjyk kartoşka bn.

Ýalbar-ýakar bn galamyň bahasyny sagadyna 8 dollara düşürdüm. Duşuşyk wagtyny, ýerini gepleşip, bardym ýyrşaryp😁, pulam şo ýoldaşymyň ugradyşy ýaly köneräk, skoçlyja 5-liklerem bar arasynda.

Göz öňüme syratly, kastýum balakly, eli güllüje💐(söýgülisi bn duşuşmaga gelýändir ol😂) @Ylham Gurbanaly gelýär. Iki gözüm töweregimde👀, ýalt-ýult edip gözümi alyp sataryň gözi ýaly edip, näçe ýaltaklasam hem @Ylham Gurbanalyny tapamok, ahyry jaň etdim:

--Hany nirde siz?-- oda göwnübir:

--Şu ýerde!

--Şu ýeri bolanda niri bole? diýsem,

--Baý bazaryň derwezesiniň öňünde-- diýe,

--Hew menem şörde--diýip, ýene ýaltaklap başlasam, gözüm telefonda gepleşip, çigit çakyp duran kelte paýça, garaýagyz, girdenejik birine düşdi👀, şu töwerekde şondan başga telefonda gepleşip duran ýok. Içime üç gezek tüýkürip, Hudaýy çagyryp ugradym o huliganyň🤣 ýanyna. Geýnişi dagy nähilek gy onuň, o ýyrtyk jinsi modadan galmadymaý, ahyry dähedem-dessemläp ýetdim, indem durun ýüzüne çiňňerilip🙄. Öňki dogumymdan zat galmady, ýüzümem.lap-lap gyzýar🥵, zordan:

--Salam -diýdim, Oda ýüzümden öňinçä depämden dabanyma çenli göz aýlady-da, \"näme gerek\" diýýän ýaly manyda:

--Hmm -etdi, menem gyzaryp, bozaryp durşuma zordan:

--Siz @Ylham Gurbanalymy -diýdim, oda dilegçä seredýän ýaly nazar bn:

--Hawwa, hä? -diýdi.

--M men G @Geldiyevna -diýdim(sakawlar bola, başga wagta dil iýdirlen ýaly bolup, eňegime jaň dakylandan beterdirin weli, hany şuwat o saýrak dilden peýda ýok😁). Reska @Ylhamyň ýüzi-gözi üýtgedi. O barmana daýaw biri: Gubadaga gitjekmi dogan?\" diýip, alkymymyza dykylyp geldi, wah başga wagt bolanlygynda şü \"baýyň\" öňündäki taksistleň deňinden jigim bn her geçende prikol tutup geçerdik welin, häzir ýeri däl. Oňa çenli ýene bir garynlak pyýada: "dollor bamy dollor?" diýip geläýse nädersiň😂, "wah sataşmaga ýer tapan ekenik" diýip, elimi @manolyaň edişi ýaly maňlaýma ursam🤦, suw-sil bolup ýüzümden der akýar😰. "Bu nä men ýaman derleýänaý" diýip, görsem beýlekilerem suw der boluşyp ýörler😦. Ýagyşyň ýagyp başlanny duýman, aljyrap, sakawlap duruşym, şu pormyň gursyn @Ylham Gurbanala aşyk bolana meňzeýä😱, ýooo siz gülmäň, adamyň duýgusy bn oýun etmäň🥺, geň görseňiz alnyňyza barsyn🙏(maňa geň galyp, özleri meň günüme düşen, yzy bir süri gyzly @Ylham göz öňüme gelýä🤣). Ýöne men ýoldaşym bn duşuşyga çykanymda-da beýle aljyrap görmändim-ä, ýa şü şahyrsumagyň syrtlan çöpi dagysy bamyka dogan🤔, häzirkilerden her zat çykar.

Ýaňky gürrüňiň yzyna gelsek, taksistleriň gohundan ýaňa arkaýyn gepleşip boljak däldi. Onsoň \"Çeträge, adamlaň azrak ýerine süýşeli\" diýsem, \"Hany dollar\" diýýä bu naýynsap (ynsaplylaryň naýbaşysy)🙄. Şu wagt bildim içi pully sumkajygymy şunça wagt gujaklap ýörenligimi🤦, sumkadan iki pakede dolanyp gaýymlanan bir peyde 5 -ligi çykardym (pul görmedik adam üçin 20 sany 5-ligem bir petde bolarda🔥). @Ylham ýüzüni bir kürşertdi erbet zat gören ýaly edip🥴, menem näm bolduka diýip, bir elimdäki pullara seredýän, birem @Ylhamyň ýüzüne. O ýüzi gözüň bn görmeseň söz bn suratlandyrmak kyn, edil erbet içi towloýan adamyň ýüzüdä😵😖. Reska kellä geldi, düýnki @Serwiň aýdyboturan injirli (soganly) somsasyndan doýan bolmaly bi bedibagt ( bedibagt-başgalara garanda ýedi esse bagtly adam*💯). Zordan:

--Hä, näm boldy? - diýňäge ýaradym çekinip. Oda ýüzüni öňküdenem beter egşedip🥴:

-- Munyň nämow -diýdi,

--Şoş-şo n nemäň o galamyň pulydy -diýip, geň galyjylyk bn ýüzüne çiňňerildim🙄.

--Ýogadow onyňy, dollardan gepleşdig-ä biz -diýdi welin, duýgudan püre-pür bolup, näzlenip duran ýüzüm hyýrsyzlanyp, saçym hüžžerdi, dodagymy ýalap başlanymdan aňdy züwwetdin rejäň geň däldigini. Indi @Ylham mylaýym görnüşe geçipdi:

--Senem düşün-ä birzada gelneje, @Garlawac sagadyna 30 dollar teklip edende-de bermedim -diýdi,

--Oňa nämä gerekmiş, özi ökdä oň -diýsem,

--Wah ony şu derejä ýetiren men -diýdi. Gözümiň agyny köpeldip ugranymdan aňşyrdy petigara, @Garlawaja degilse ýeňsäm gataýanlygyny.

--Wiý meň galamym -diýip, howlukmaç ýalňyşyny düzetdi biçäre. Galama bolan islegim öňküdenem güýjedi. Eýdip-beýdip ele salmaly, eger @Garlawajy arşa çykaran @Ylham Gurbanalyň galamy bolsa, onda men dagy hooo ýokary (göz öňüme @Relaxyň oturan ýeri gelýä😎) galaýmaly, Nädersiň şü @TSoltanowdan başlap bütin öwrenmeli menden awtograf almak üçin nobata dursa(natdim😂, bolsady ekmänem menden öwreniň)🤣.

Birden ýagyşyň şabyrdysyna ukudan oýanan ýaly boldum🌧️, süllümbaý ezilen ekenim. Arzuwa berilip, başym aýlanyp, ýagyşa ezilenimem duýmandyryn. Beýläme seretsem @Ylhama biri saýawan tutup dur(gyzmy oglanmy biler ýaly däl🤔). Hany ho gün gije \"men holostýakdyryn\" diýip, gyzlary aldap oturan ekeni-dä. Menem dykyljyrap bardym ýanlaryna, saýawanyň teýine girdim-de: \"Kim bi\" diýdim. \"@Bitter bu\" dip tanyşdyrdy. Göwnüm üçin äýneginem aýyraýyn diýmedi(ýagyşda-da äýnekli😄). Gözünden başga ýerini gördüm👀, şo wagt erkek bolup dogulmadygym üçin Hudaýdan närza boldum. Älhepus, üýtgeşik zat ekeni, ýaşlygymy ýada saldy, ýöne syr bildirmedim. Agrassyran boldum-da, çalaja kellämi kakdym \"hmm\" diýip.

O barmana @Ylham:

-- ........



Üns bn okanyňyza minnetdar💥 okamadyklara iki esse minnetdar🔥. Hä dowamymy? Elbetde bar, ýöne haçan ýazyljagy belli däl, esasy zat şo galamy ele salmagym üçin dileg ediň🙏, ana şonda ady agzalman galjak agza bolmaz!

Sözüm sözdür💯(aýdan men däl)

71
685
XL-19
28 Mart 2024
@arzuw_myradovna, we geldiyewan yerine kimin nikini yazsan sonun profiline baryan
XL-19
28 Mart 2024
@arzuw_myradovna, chromeden geldiyewan profilene baryan yol 🦥
XL-19
28 Mart 2024
ine kod goyyanlar 🦥
arzuw2015
28 Mart 2024
@geldiyevna https://owrenmeli.app/user/geldiyevna
arzuw2015
28 Mart 2024
@geldiyevna https://owrenmeli.app/user/geldiyevna
arzuw2015
28 Mart 2024
Salam hemmä gyzykly hem öwrenmeli zatlar köp eken postuňyzda
garajaoglan
25 Mart 2024
@garlawac, boledeý, zyýany ýok))
garajaoglan
25 Mart 2024
@garlawac, ýene-de gurnajak diýdiler, başlaber täze şygra))
garajaoglan
25 Mart 2024
@garlawac, şonda-da Enemähri diýseler men ýerimden turup el çarpjakdymda))
garajaoglan
25 Mart 2024
@garlawac, ýok((
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.