garlawac
21.04.2024 10:39
Ýöremek hem iki görnüşli bolýar, gymmatlym! Seýilgählerde hem-de adamlaryň göwün köçelerinde...

20.04.2024
27
82
garlawac
20.04.2024 21:52
Hoşamaý sözler eşidesim gelenok meniň, sen maňa soňky okan kitabyň barada gürrüň ber, menem saňa näme üçin pandalary gowy görýänimiň syryny açaýyn... )))

@garlawac
20.04.2024
24
155
garlawac
20.04.2024 18:42
Maňa gül bergiň bar, ezizim! Her bir okan kitabymyň seni ýatladýan sahypasynda galdyrmak üçin.

@Garlawac
26
99
garlawac
19.04.2024 18:12
Böwürlerne sanjy bolup gijeleñ,
Kä surnugyp, kä ÿerliksiz tijenen,
Setirlere sygyp bilmän güÿjelen
Däli duÿgularmyñ eÿesi senmi?
Ÿykdym-ÿykyldymyñ söÿesi senmi?

Müñ gaÿtalap gezer ÿaly adyñy
Ÿa señ adyñ özi maña jadymy?!
Bašga zatdan mahrum edip ÿadymy,
Göwnümiñ iñ süÿji görgüsi senmi?
Hiç üzüp bolmaÿan bergisi senmi?

Adam tapman duÿgularmy añara,
Gošgularmy okap berdim daglara.
Sen bir indi gaÿdyp meni aldama!
Gör, señ näçe gezek gidesiñ geldi!
Gitmediñ.
Ÿa señem gijeleñ menmi?

Sen — derdimmiñ, wagt bejerip bilmeÿän?
Sen berdiñmi ol mukamy — diñmeÿän?
Heÿ, gördüñmi men deÿ takat bilmeÿän?!
Ÿa šol takatlarmyñ ogrusy senmi?
Ömrümiñ ÿalñyšy-dogrusy senmi?

Saña dušup: bilmen, näme — rahatlyk!
Ÿüzün tutup, aglap otyr sagatjyk!
Sagatlar nä!
Aÿ-günleri aglatdyk!
Ömrümiñ ykbaldan algysy senmi?
Ymtylan sa:lgymnyñ salgysy senmi?

Öÿkeläp bilemok,
Bilemok aldap,
Ökünip bilemok, kalbymy daglap —
Galanja günlermem adyña baglap,
Umytda, arzuwda gitjegim belli...
...Gulagym šyñlaÿar:
Ÿatlaÿan senmi?..


Çary Ataýew
29
67
garlawac
18.04.2024 16:50
Eger owadan bolasyñ gelse, adamlara ýagşy göz bilen seret. Saçyñ owadan görünmegini isleseñ, çagajyklañ saçyñdan tutmagyna ýol ber.Islegiñ syrdam beden bolsa, çöregiñi açlar bilen bölüşip iý. Pisse dodaklaryñ bolmagyny isleseñ, diñe ýagşy sözle.

©Odri Hepburn
35
207
garlawac
18.04.2024 09:42

Gel, gowsy, baryny başlaly başdan —
Birigen ýerinden ömür ýolumyz.
Sen öňki ýeriňde göwnüňi hoşlap
duruber,
Birdenem elwan ýaglygyň
Oýunçy şemala güýmenje bolsun.
Uçursyn ýaz ýeli, oklasyn öňme.
Täzeden tutaly sekuntlaň pulsun
Hem asla del zatlar gelmesin göwne.

Sen-ä näz eden bol, çekeýin menem.
Soňra-da öňki deý sumat bol gözden.
Men seni soraglap ygaýyn ýene,
(Ýene-de öňümden çykjagňa söz ber!)

Täzeden ýaşaly ýaşan ýaşymyz,
Biz bile bagtly, biz bile bir ten.
Ylhamyny alyp ýedi aşygyň,
Bile bitireli söýgüniň şertin...

...Günleri kowalap şu güne ýetsek,
Şu günki deý bölünende ýolumyz,
Gel, gowsy, baryny başlaly başdan:
Bahar ýeli göge zyňsyn ýaglygyň.


Aşyr HANOW
27
98
garlawac
17.04.2024 10:04
Seňem bir gün içiň gysar, görersiň,
Duýarsyň bir zadyň ýetmeýänini.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň
Hemem kem görmersiň geplemäniňi.

Göwnüň isleýäni gözden sowaşyk,
Akyly gözünde jemlenen dünýäm,
Indi gaýdyp duşmajaga duşanňa
Düşünersiň, sen hiç zada düşünmän.

Ajap, aýny wagty on dokuz ýaşyň,
Ýatladýan mahalyň ýuwaň seçegin,
Hakyda basylan möhür hasaplap,
Birin-birin ýatlar bu aň geçeni.

Baslygyp, berçigen arzuwlarymdan
Bir saňa orun bar ýeke serimde.
Sen weli, söýemok diýýäň, geregim,
Ýöne jaň aýlaýaň ýekesiräňde.

Hoş geçen günleriň hatyrasyna
Elenipler hötjetligňi gömersiň.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň,
Seňem bir gün içiň gysar, görersiň.


Myrat GURBANOW
ý
30
93
garlawac
17.04.2024 00:26
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Seni seredenden gabanyp ýörün,
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman, gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen maňa bir hili ýowuz görünýäň
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem onup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitaýjek ýaly.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Göwnüme sen meni söýmeýän yaly,
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly???

G. Eziz
29
164
garlawac
16.04.2024 23:03
Düşünmezlik eken, çagalyk eken
Ilki söýgimize agalyk eden,
Ýygralyk eken.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen günleň
Ahydyr zary bilen
Sen meni bagyşla, ýar!
Men seni bagyşlaýan.

Bizi duşurmadyk gijelermizi
Ýatlasam, ýatmasam gijelerine,
Aý aglap bakar.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen aýlaň
Ýagmyrdyr gary bilen
Sen meni unutma, ýar!
Men seni unutmaýan.

Bilmedik biz bagtyň nirde uklanyn,
Ýyllar bizi aýra salan ykbalyň
Bar syryn açar.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen ömrüň
Ysgyn-mydary bilen
Ýalňyz galsaň, agla, ýar!
Menem käte aglaýan...


Gurbandurdy Orazow
25
73
garlawac
16.04.2024 16:17
Ol gün ýyldyz süýner asmanda, meger,
Girerin men ýakynlarmyň düýşüne,
Dostum ýagşy ýorgutlary agtarar
Ýarygije düýşde gopan dişine.

A sen bolsa ýellendirip gözleriň,
Çirim etmän geçirersiň gijäni.
Menem gaýgy-hasratyma döz gelip,
Öz meýlime gazanmadyk bijämi
gitmegime edinemde tutaryk,
Gözleriňde sorag bilen nem galar.
Täleými gijäniň tümlügne garyp,
Şemdanymda ody öçen şem galar.

Aýdan her sözümden many gözlener,
Şemala-da bahana bor şuwlara.
Bu zatlardan bihabarka özgeler,
Itimem ýok, tebil tapyp uwlara.

Şonuň üçin ýyldyz süýner asmanda,
Girenimde ýakynlarmyň düýşüne,
Dostum gowy ýorgutlary gözlände
Ýarygije düýşde gopan dişine

Mukam Muhamow
27
304