garlawac
18.04.2024 09:42

Gel, gowsy, baryny başlaly başdan —
Birigen ýerinden ömür ýolumyz.
Sen öňki ýeriňde göwnüňi hoşlap
duruber,
Birdenem elwan ýaglygyň
Oýunçy şemala güýmenje bolsun.
Uçursyn ýaz ýeli, oklasyn öňme.
Täzeden tutaly sekuntlaň pulsun
Hem asla del zatlar gelmesin göwne.

Sen-ä näz eden bol, çekeýin menem.
Soňra-da öňki deý sumat bol gözden.
Men seni soraglap ygaýyn ýene,
(Ýene-de öňümden çykjagňa söz ber!)

Täzeden ýaşaly ýaşan ýaşymyz,
Biz bile bagtly, biz bile bir ten.
Ylhamyny alyp ýedi aşygyň,
Bile bitireli söýgüniň şertin...

...Günleri kowalap şu güne ýetsek,
Şu günki deý bölünende ýolumyz,
Gel, gowsy, baryny başlaly başdan:
Bahar ýeli göge zyňsyn ýaglygyň.


Aşyr HANOW
27
94
atakulyyewa_humay
18 Aprel 2024
atakulyyewa_humay
18 Aprel 2024
# Baryny başdan başlaňda, barysy başdaky ýaly bolarmy?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.