garlawac
16.04.2024 23:03
Düşünmezlik eken, çagalyk eken
Ilki söýgimize agalyk eden,
Ýygralyk eken.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen günleň
Ahydyr zary bilen
Sen meni bagyşla, ýar!
Men seni bagyşlaýan.

Bizi duşurmadyk gijelermizi
Ýatlasam, ýatmasam gijelerine,
Aý aglap bakar.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen aýlaň
Ýagmyrdyr gary bilen
Sen meni unutma, ýar!
Men seni unutmaýan.

Bilmedik biz bagtyň nirde uklanyn,
Ýyllar bizi aýra salan ykbalyň
Bar syryn açar.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen ömrüň
Ysgyn-mydary bilen
Ýalňyz galsaň, agla, ýar!
Menem käte aglaýan...


Gurbandurdy Orazow
25
71
ATOMIC
17 Aprel 2024
@garlawac, bildirýänem däldir skreen edileni
ATOMIC
17 Aprel 2024
@garlawac, of course
ATOMIC
17 Aprel 2024
@garlawac, ogurlandy suratyñ omin boldy😁
ATOMIC
17 Aprel 2024
@garlawac, şoň üçinem sсreen edildi suratyñ
manolya
16 Aprel 2024
Täsin suratlaram tapaýýaň :-)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.