garlawac
17.04.2024 00:26
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Seni seredenden gabanyp ýörün,
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman, gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen maňa bir hili ýowuz görünýäň
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem onup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitaýjek ýaly.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Göwnüme sen meni söýmeýän yaly,
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly???

G. Eziz
29
163
Abat_
17 Aprel 2024
@garlawac, @tmyigit76, bize-hä ýogaldy diýip aýdanam ýok. Doglan ýylyny görüp diriligi hakda oylamandyrynam. Diri bolsa oňa ýetesi zat barmy. ))
tmyigit76
17 Aprel 2024
@garlawac, ýogaldy diýip kim aýtdy
Abat_
17 Aprel 2024
@tim_, Gurbanaly aydan bolsa dogrydyr)
Abat_
17 Aprel 2024
@tim_, Sheylemi, bilýän daldirin. 1941-nji ýylda dogulandy ýalňyshmasam, (diri bolsa) Alla yalkap uzak ömür görüpdir
Abat_
17 Aprel 2024
@tim_, Beki Seýtäkowam şeyle gynandyryjy ýagdaýda aradan çykany bar eken. Düşünmedik yerim ol Moskwada aradan cykdymyka🤔 Atajan Taganynam görmedik güni ýok eken. Şonuň kitapda agzayan agtyjygy Ejeş şuwagt gelin. Ýakynda durmuşa çykypdyr.
PILOT👮‍♂️✈🛩
17 Aprel 2024
G ezizowyñ goşgylaryny gaty halayanda🤗
Abat_
17 Aprel 2024
@tim_, aýdyma öwrülen goşgular hakda "kyrk ý.ý kitapdada" bar eken-a. Kitapda İtalmaz Nuryýew hakda ýazylan her sözi höwes bilem okadym. Şahyryň haýran galdyryjy pespalligi bar. Bir tarapdan ýazyjy şahyrlaryň durmuşy gyzykly bolýan eken
Abat_
17 Aprel 2024
@tim_, diňlemeli etdiň)
sammysum
17 Aprel 2024
@garlawaç, başga saytlarda paýlaşmak üçin.
sammysum
17 Aprel 2024
@garlawaç, ugratda maňa!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.