garlawac
18.05.2024 12:57
Aýallar gülmeýär


Elini agzyna goýup kikirdäp ýa-da jakgyldap gülende...
Tapawudy ýok...
Aýallaryñ gülýän wagty ýok.
Çünki... Ýüreginiñ bir parçasy ýigidinde, ýene bir parçasy çagalarynda, galan ýakyn-daş hossarlarynda... Böleklenen ýüregi gaýgy-ünji, endişe, dert-alada, gorky bilen dilim-dilimdir...
Gülýändir öýdersiñ...
Ýüreginiñ özünde galan bölegi gülmäge ýetmez...
Iñ bagtly görünýän pursatynda-da, iñ şadyýan wagtynda-da ýapyşyp galan bir yzasy bardyr aýalyñ içinde...
Gülküsi leblerinde doñar galar...
Ony belentlige göteren enelik hem aýalyñ jezasydyr...
Idin bermeýär...

* * *

Edil hemmeler uklap ýatyrka bölünen ukusy ýaly... Aç görse bokurdagyndan geçmeýän lukmasy ýaly... Biri aglasa hemmelerden öñ oturyp aglamasy ýaly...
Aýalyñ jogapkärçiligidir...
Bu jogapkärçilik hiç gutarmaýar.

* * *

Aýalyñ gülküsi diýenimde "mertebeden" söz açýañ-a...
Mertebesiz erkekleriñ döreden şu ugur-utgasyz günlerinde... Çar ýanymyz gan añkaýarka... Erkekler aýallaryñ söwer ýarlaryny, ýigitlerini, çagalaryny, bäbeklerini öldürýärkä...
Öldürýänler mertebesizleriñ elinden sylag alýarka... Biriñiziñ "eneler aglamasyn" diýip, beýlekiñiziñ "aýallar gülmesin" samahyllap durşuñyzam... barça zatdan köp yzasydyr aýalyñ....
Gülmek ýadyna düşmeýär...

* * *

Haýsy mertebe barada aýdýañ sen?
Hemme zada güýji ýetýän erkeklerde ýok şo...
Ýalan sözlände aýalyñ ýüzi lap-lap gyzýar...
Aýalyñ ary-namysy bar...
Utanýar, uýalýar, ejap edýär...
Yzyña öwrülip seretsene olara: ogurlamagyñ, talamagyñ, urmagyñ, gyrmagyñ, döwmegiñ, zorluk-zulumyñ nämedigini bilýän däldir...

* * *

Mertebesizleriñ dünýäsinde aýalyñ paýyna diñe gynanç düşýär...
Islese elini agzyna goýup kikirdäp gülsün, islese jakgyldap gülsün...
Içindäki ölüm maý bermeýär...
Aýallar gülmeýär...

Bekir JOŞKUN.

"SÖZCÜ" gazeti, 03.08.2014 ý.
18
117
garlawac
17.05.2024 23:56
Yüregim agyrýar...
Bagyşla, serwim,
Men bir heňlän dünýä sepleşip barýan.
Yzymda galdyryp utuşym, görgim,
Göze görünmeýän nätanyş bilen
Bir düşnüksiz dilde gepleşip barýan.

Umytlam titreýär, ysgyn ýok halys
Urulyp-urulyp, egbarlan kalpda.
Höwes ýok, maksat ýok, toý-baýram — alys,
Gözlerim lezzetde, ýüregim - galpda.

Başym ýaş bolsa-da, arzuwlam - goja,
Ýaza ýaza garaýsym deý bakmayan.
Derdi dökmek küje, derdinmek küje!
Men olary miras kimin saklayan.

Bu dostlaryň dost boldugy däl heniz,
Ýansam ýanyp, öçenimde öçmese.
Sen meni bagyşla, Bagyşla, eziz,
Dözemok men duygularmy hiç kese.

Sapa HOMMADOW.
22
69
garlawac
17.05.2024 18:30
Ýyllar geçýär. Köp ýatlaýan geçeni.
Başaramok çagalykdan gaýdyp men.
Ýagyşly howada kimdir birini
Gözleýän gussaly aýdym aýdyp men.

Şu ýaşymda äýnek dakdym gözüme,
Müňkürligim mejbur etmedi muny.
Dünýäde barlygmy unutdym, bilseň,
Garalan gijeden gözleýän Seni.

Ýagyş gelse, ýalňyzlygym terk edýär,
Soň teselli tapýar naçar ýüregim.
Ine, şeýdip men özüme erk edýän,
Hut Seni dünýäniň ýitiren ýerin
gözleýän, görejim hanama sygman.
Penjelenmez pikrim başga bir zada,
Çünki men gözleýän eziz birini,
Şu aýazly hem ýagyşly howada.


03.01.2019ý.
Gülnar GELDIMYRADOWA
14
69
garlawac
06.05.2024 13:16

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar...
Çaga köwüşlermem zyňmaga dözmän.
A men bolsa ýat ýerlerde sergezdan,
Tapjak bolup ýörün göwnüni özgäň.

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar,
Ýatlap şo-ol gün «okuwa» diýp gaýdyşym.
Men bolsa unutdym onuň sesinem,
Diňläp şaňňy dünýäň aýdym aýdyşyn.

Indi erkimem ýok yza gaýdara,
Ýollar gaýdaňdan soň çolaşýan eken.
Nirede bolsamam, niçik bolsamam,
Ejem welin maňa garaşýan eken.

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar,
Garaşýar yzyma köwlenerime.
A men bolsa öýe gaýtmaň ýerine,
Gitdikçe alysa siňip barýaryn,
Men alçakdym öýden çykyp gaýdamda,
Indi...
Indi bolsa dymyp barýaryn.

Diňmän geçdi ömrüň ýagmyry-ýeli,
Öňde ýene näçe darkaş, göreş bar.
Ýöne bir zat berýär maňa teselli:
Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar

Mukam Muhamow
25
86
garlawac
04.05.2024 11:54
Ýetip bilmejek ýazym!
Seni göresim gelýär.
Dörüp köne samany
Gürrüň beresim gelýär.

Ýyllar geçdigi saýy,
Heser möwjeýärmi-kä?!
Ara aýralyk düşse
Söýgi güýjeýärmi-kä?!

Kaýyl bolup kysmata,
Derdi özüm çekýärin.
Hyýalda saňa duşup
Bolsadyny ekýärin.

Gözümde nem galmady,
Gözýaş dökmän aglaýan.
Setir ýazyp sen hakda,
Öz göwnümi aldaýan.

Yşkym çyndan bolmasa,
Beýle ýanyp köýmezdim.
Ykbal çatan bolsa,-da
Şundan artyk söýmezdim.

Hemra bolup ak ýollar,
Eltsin seni eşrete.
Gussa çekme men seni
Rowa görmen hesrete!

Ýüregimde ýaşaýan,
Unudamok ýeke gün!
Meniň gamly goşgymy
Sen şatlanyp okagyn!

Senaly
24
120
garlawac
01.05.2024 12:13

ÖWRENMELIDE POST PAÝLAŞMAK DÜZGÜNI

1). Diliň ulanylyşy: Postlaryň dili esasan türkmen dilinde bolmaly. Şeýle-de bolsa, beýleki Türk döwlet dilleri (mysal üçin türk, özbek, gyrgyz, gazak we ş.m.) ulanylyp bilner, ýöne bu dilleriň ulanylyşy aşa bolmaly däldir. Şu dillerden başga dil ulanylan postlar habar berilmezden öçüriler.

2). Bölüm saýlamak: Döredijiler paýlaşýan postynyň dogry bölüme degişlidigini üpjün etmeli. Ýalňyş bölümde bolan postlar öçüriler.

3). Postyň ady: Döredijileriň postyň umumy mazmunyny takyk görkezmek üçin atlaryny dogry saýlamagyna garaşylýar. Baglanyşyksyz ýa-da ýalňyş sözbaşylary ulanmak postyň ö.ürilmegine sebäp bolup biljekdigine üns beriň.

4). Surat ulanylyşy: Post döredijiler tarapyndan paýlaşylan suratlaryň ýokary hilli we düşnükli bolmagyna garaşylýar. Gara boşlukly suratly postlar habar berilmezden öçüriler.

5). Asyl Post: Post döredijiler özboluşly we öz mazmunyny döretmeli. Başga adamlaryň mazmunyny göçürmek ýa-da ogurlamak düýbünden gadagan.

6). Manysyz we gysga post: Döredijiler postlarynyň belli bir hil standartyna laýyk gelmegini üpjün etmeli. Manysyz ýa-da gaty gysga ýazgylar ulanyjynyň tejribesine ýaramaz täsir edip biler we şeýle ýazgylar duydurmazdan öçüriler.

7). Şahsy surat paýlaşmak: Şahsy suratlary paýlaşmak gadagan.
Şeýle mazmunyň gizlinlik düzgünini bozup biljekdigini we şonuň
üçin duýduryşsyz aýryljakdygyny unutmaň.

42
487
garlawac
28.04.2024 20:42
Men bu ýere gelemsoň köp zatlar öwrendim, kimdir biriniň birzat öwrenmegine sebäp bolup bildim. Bu ýerde köp dost gazandym. Şadyýan, bagtdan uçaýjak wagtlarym bu ýere gelip bilmesemem, gamgyn, gussaly wagtym şu ýere gelen wagtym az bolmady.

Dogry, men hiç kimi göz-göze görmedim, hiç kimem meni göz-göze görmedi, ýöne muňa garamazdan her bir gadyrdanymy duýýan, gaýybana göz öňümde janlandyrýan, sylaýan, hormatlaýan. We şoňa görä-de hormatlanýan.

Kimdir biriniň bilgeşleýin gaharyny getiresim gelýär käte-de, getirýänem. A kimdir birinň bolsa saçyny ütesim gelýär, ýöne nätjek :D

Kimdir biri üçin bu ýeri taşlap gitsem, ýene kimdir biri dolanyp gelmegime sebäp bolýar. We meniň şeýle sebäplerim köp...

Şu ýere gelen wagtyma ýakynda 4 ýyl bolýar. Ilki-ilkiler wagtymy gowy geçirmek üçin gelýädim, indi bolsa şu ýerde göresim gelýän kişiler üçin gelýän...

Özüm bilmän göwnüňize degen wagtlarym bolsa ötünç soraýan. Bilip, bilgeşleýin göwnüňize degen kişilerme-de ýene bir gezek gowy edipdirin diýýän. Gaty görüberiň aýplaşamok :D

Elbetde 4 ýyldan bäri tanaýanlarymam bar, we tananyma hat-da bir ýylam bolmadyk kişiler bar. Tananyma näçe wagt bolanynym ähmiýeti ýok herkimiň orny, gadyry, hormaty aýratyndygyny aýdasym gelýär.

Bu sözleri näme üçin diýýänim gyzykly bolsa gerek, näme üçin diýýänimi özümem bilemok, şu wagt içimden gelýär we sizlere gyzgynjagy bilen ýetirmek isledim.

Sözümiň soňunda şuny diýesim gelýär: ,,Ýanyňdaka ýylgyrdýan adamlar gowy, ýadyňa düşende ýylgyrdýan adamlar has gowy"...


Wi ýogsa-da göwnüme degenlerňiz bar bolsa hemmäňizi bagyşladym,
@Ylham akgamdan başgaňyzy 😁


garlawaç
29:36
28.04.2024.


35
236
garlawac
26.04.2024 13:35
Söýgi käwagt gitmek bilen galmagyň arasyndaky iň uly söweşdir. Söýmeýänleriň akly, hakykatdanam söýýänleriň ýüregi ýeňýär bu söweşde...

Nazym Hikmet Ran
31
154
garlawac
26.04.2024 00:01
Adamyň dostlary bolmaly. Gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagyň, ýüküňi düşürjegiň, gursagyňdaky tolkunlar gutarýança garaşjak…

Oraz Ýagmyr
23
149
garlawac
25.04.2024 13:39
Ähli aladalarňy unudyp, ýa:t adamlaryň ýüzündäki ýylgyryşy duýup gördüňmi? Ýa-da ylgap barýan çagajygyň gülki sesine özüňi ýitiripmidiň, heý?

13:29
20.04.2024
37
171