garlawac
17.05.2024 18:30
Ýyllar geçýär. Köp ýatlaýan geçeni.
Başaramok çagalykdan gaýdyp men.
Ýagyşly howada kimdir birini
Gözleýän gussaly aýdym aýdyp men.

Şu ýaşymda äýnek dakdym gözüme,
Müňkürligim mejbur etmedi muny.
Dünýäde barlygmy unutdym, bilseň,
Garalan gijeden gözleýän Seni.

Ýagyş gelse, ýalňyzlygym terk edýär,
Soň teselli tapýar naçar ýüregim.
Ine, şeýdip men özüme erk edýän,
Hut Seni dünýäniň ýitiren ýerin
gözleýän, görejim hanama sygman.
Penjelenmez pikrim başga bir zada,
Çünki men gözleýän eziz birini,
Şu aýazly hem ýagyşly howada.


03.01.2019ý.
Gülnar GELDIMYRADOWA
14
69
Bitter
17 May 2024
@garlawac, haawa
Bitter
17 May 2024
Korey bir kinoda biri islerime yetisemok,islerimden unsumi sowyan dp soygulisinden ayrylanda geñ gorupdim. Is kopeliberse "tapmaga"," gozlemage","yitirmage" wagtam boljak dal ekn😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.