garlawac
06.05.2024 13:16

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar...
Çaga köwüşlermem zyňmaga dözmän.
A men bolsa ýat ýerlerde sergezdan,
Tapjak bolup ýörün göwnüni özgäň.

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar,
Ýatlap şo-ol gün «okuwa» diýp gaýdyşym.
Men bolsa unutdym onuň sesinem,
Diňläp şaňňy dünýäň aýdym aýdyşyn.

Indi erkimem ýok yza gaýdara,
Ýollar gaýdaňdan soň çolaşýan eken.
Nirede bolsamam, niçik bolsamam,
Ejem welin maňa garaşýan eken.

Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar,
Garaşýar yzyma köwlenerime.
A men bolsa öýe gaýtmaň ýerine,
Gitdikçe alysa siňip barýaryn,
Men alçakdym öýden çykyp gaýdamda,
Indi...
Indi bolsa dymyp barýaryn.

Diňmän geçdi ömrüň ýagmyry-ýeli,
Öňde ýene näçe darkaş, göreş bar.
Ýöne bir zat berýär maňa teselli:
Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar

Mukam Muhamow
25
86
bordai
6 May 2024
☺️
sabyrly
6 May 2024
👍
XL-19
6 May 2024
😔 sad music
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.