garlawac
14.02.2024 00:34
Täsin sorag:


Eger ýkardaky Jozef Farquarsonyň 1919-njy ýylda çeken eserine seredip, roman ýazmaly bolanyňyzda, birinji sözlemi nähili başlardyňyz? Teswirlerde belläň


Hany göreli iň täsirli başlangyç kimiňki bolar-ka?! :)))
41
385
garlawac
13.02.2024 07:11
Meşhur iňlis ýazyjysy Wirginiýa Wolf (Virginia Woolf) romanlarynyň köpüsini dik durup ýazypdy...

Onuň meşhur eserleri:

Gije we gündiz - 1919 ý

Maýak - 1927 ý

Orlando - 1928 ý




onedio.com
30
119
garlawac
12.02.2024 20:48
Dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň aslynda kagyza allergiýasy bardy ...

onedio.com
31
259
garlawac
11.02.2024 08:33
Bildiriş 



Salam gadyrly agzalar! Postlarňyza at goýanda ünsli boluň, postuň adynda dyngy belgileri ulansaňyz postuňyza laýk basyp bolmaýar, posty düzedip hem bolmaýar, dyngy belgileri ulanmajak boluň!


Meselem aşakdaky ýaly belgiler


: " * # _ - ; ... § : ' / ,, we.şm.

15
92
garlawac
04.02.2024 00:59
Zenan edil o:t ýalydyr: ýakynlaşsaň ýanarsyň, daşlaşsaňam üşärsiň. Ünssiz galdyrsaň ýa öçer ýa-da ähli zady kül eder!
35
291
garlawac
03.02.2024 13:20
Sen erkin bol!
Säher-säher saçyň ýaý!
Sen şat bolsaň, gözüňden nur saçylýar
Aç sen oňat kitaplaryň sahabyn.
Bil ýagşylyk, ýamanlygyň hasabyn.
Edepsiz sözüme öýkele sen, ýar,
(Käte size öýkelemek ýaraşýar).


Sen erkin bol!
Pikriň, duýgyň, ezýetiň,
Ýokarda ýyldyzyň, ýerde gözýetim.

Hemmesi diňe bir özüňki , bolsun,
Diňe bir, diňe bir özüňki bolsun.
Sen erkin bol,
Soňky günüňe çenli,
Isle ýigren, isle-de söý geçenňi,
Çünki birdir asman.
Milliarddyr asman,
Çünki erkli güni bagtlydyr ynsan.
Sen erkli bol,
Bir gün ýaşama şowsuz!
(Hudaýam bar bolsa, seni ýalkasyn),
Ýöne mydam inçe biliňde bolsun,
Meniň gollarymyň mäkäm halkasy.



Gurbannazar Eziz
32
101
garlawac
01.02.2024 14:56

Seni gynandyrmak ähtimallygyny nädip düşünip bilýäň? Men seniň göwnüňi ýyksam, ýykylan göwnüň bölekleri elime çümüp ganadar. Ýene iň hakyky duýgularymy saňa ýollaryn. Meň ýollarymyň hemmesi seň adyňdaky harplardan geçer. Senden gitsemem ýollarym saňa çykar. Menden saňa zyýan gelmez diýip biljek däl. Sebäbi, men seni biraz artyk söýüp bilerin. Belki, seni söýýärkäm ýa özümi ýa-da seni ýitirerin. Emma, ikimizden birini ýitirjegim belli. Seni ýitirme gorkusyndan kän ýene beýle içki duýgularyň edil ortasynda hiç kim üçin bogulmajagymyň gorkusy bar. Men sende bogularyn-da, sen meni halas edersiňmi… Ol ýeri näbelli.
Bile bagtly bolmak isleýän adamyma tarap ädim ätjek bolsam ýa oňa artykmaçlyk edýän ýa-da öz durmuşymda kemçilik…
Soňra gitjek ýerim bolmasa, duýgularym maňa ýalňyş saýlawlar etdirýär we men munuň jezasyny agyr çekýän. Durmuş ýadatýar….
 Barlygyny ysy bilen duýmak isleýäniňi, ýoklugy bilen synag edýär. Ýetmek üçin çykan her ýolum, elýetmez bolýar…
Sen meniň ysyň bilen barlygyňy duýmak isleýänim…
Ýoklugyň bilen synalýanym…
Ýetmek üçin çykan ýolumyň soňy…
Näçe elýeterli däl bolsaň-da, meniň ýolumyň ugry hemişe seniň adyňda…
Isleýşiňçe git, islemeýşiňçe gelerin saňa…
Elektrik togy öçen bir öýde ilki akla gelýän bir mum men. Diňe zerurlyk bolanda ulanylýan. Gijeler şöhle saçsyn diýip hemişe men ýakylýan. Ýüzüne seredemde iň halaýan goşgymy içimden okaýan ýaly duýýarkam, bizi ýaşaljak hemme zatdan mahrum edip içimdäki goşgularymy, portumy, gämimi, duýgularymy ýakdyň sen. Belki içinde senem ýanansyň. Emma şonda-da bize gynanmadyň. Ýakdyň…
Sen bir elipbiý, indi men saňa nähili sözlemler bilen içimdäki duýgulary beýan edeýin? Iki sany gapma-garşy magnit ýaly biri-birimizden uzaklaşdyran hökümlerimiz barka, haýsy duýgular çeker bizi bu yşga? Duýgularymam, janymam ýandy seniň ol döreden ýangynyňda.
Çykmadyk janda umyt bar diýýärler. Öldürmeýän Alla, däliler ýaly küýsedýär öňki günleri… Iň känem bizi…
Diňle! Bilýäňmi iň gowsy näme edeli? Feniks ýaly täzeden dogaly bu ýangynyň küllerinden. Bir araçäk belläli we ol araçäkden bir ädimem ýakynlaşmaly biri-birimize. Çünki biri-birimizi söýüp iň uly zyýany berýäs bize. Biz uzakdan söýeli. Iň bagtly günlerimizi görmän, özümizi nähili duýýanymyzy, näme pikir edýänimizi bilmän, oýaly-ukuly ses tonumyzy duýman…
Diňe we diňeje uzakdan söýeli.
Bize bolar bu bir tarap. Biziň ýolumyz bir tarap we sen hemişe garşy tarapdan gelýärsiň. Aslynda bu, bu ýagdaýyň mazmuny.
Men ikimize degişli bir taraply ýollarda hemişe size gabat geldim. Her gün sizi görüp ädimledim…
Sen muňa hijem düşünmersiň. Bize bolan ynanjymy ýitirdim. Maňa kalpsyz bolana mundan soňra duýgusyz men… hiç zatsyz, hiç zat men

(awtory näbelli)

29
167
garlawac
30.01.2024 00:53
Cemal Sürreya'nin: ,,Ben seni yazdım, her kes şiir sandı!" dediği yerdeyim...


Cemal Sürreýanyň: ,,Men seni ýazdym, her kim goşgydyr öýtdi" diýen ýerine ýetip geldim
1
151
garlawac
29.01.2024 11:22
Benjamin Frankliniň pentleri:


1. Puluň köpelmek ukybyna eýedigini ýatda saklaň.


2. Artykmaç zady satyn alýan kişi ahyr netijede zerur zadyny satmaly bolýandyr.


3. Gapjygyň içindäkini kelläňe guýsaň, soň ony hiç bir kişi alyp bilmez.


4. Işgärlere gözegçilik etmezlik — olaryň öňünde gapjygyňy açyp goýmakdyr.


5. Pully bolmaklygyň ähli artykmaçlygy ony peýdalanyp bilmek mümkinçiliginde jemlenýändir.


6. Günde-günaşa ýanyňa gatnap, ýüregiňe düşýän kişiden dynmak isleseň, oňa karz pul ber.


7. Algydarlaryň huşy bergidarlaryňka garanyňda ýitiräk bolýar.


8. Keýpi-sapa bilen geňeşmezden öňürti gapjygyň bilen geňeş.


9. Gazanýanyňyza görä azrak sowuň — ine, size filosofiýa daşy.


10. Wagt — pul.


11. Söwda şu çaka çenli hiç bir halky tozduran däldir.


12. Akylly-başlylyk peçiňe odun salar, pitiňe et atar, saçagyňa çörek goýar, gapjygyňa pul salar, bedeniň gujur, kuwwat berer, egniňe eşik berer, kelläňe akyl berer, maşgalaňa bolelinlik berer.

terjime eden: Orazmyrat Myradow
33
152
garlawac
26.01.2024 13:39



Meniň öýüme geleniňizde, gapymy ýüregiňiz bilen kakyň.




Öňüme goýulan her bir böwet meniň üçin ýokary galmaga basgançakdyr.




Dowar sürüsiniň hataryna sygmaýan bolsaň onda sen goýun däl.




Eger sen samsyk bolsaň, muny her gün subut etmegiň hajaty ýok.




Ç. Darwine: eger-de adam maýmyndan emele gelen bolsa, onda onuň ruhy kimden dörän?




"Hal-ýagdaý neneň?" soraga gözügidijilik ýa haýpygelijilik nazary bilen garamazlar ýaly ortatap jogaby nädip düzmeli?




“Dünýäde iň owadan gyza öýlendim” diýip begenip ýördüm welin, üstesine ol akylly bolup çykdy.
Hemme taýaklar iki uçly bolanok, arasynda ujy şahalysy hem duşýar.




Söýgem okaraly terezi ýalydyr. Iki okarasy deňleşmese, tereziniň çüňkleri gabatlaşýan däldir.




Uly şahyrlary söýýänleriň hiç biri hem olaryň täleýini arzuw edýän däldir.




Ýer togalagynyň çat atandygyny bilýärmiň?




Ýaşkam “Ýaş şahyr” diýdirmejek bolup ýazdym, indi bolsa “Sen şahyr däl ekeniň!” diýdirmejek bolup ýazýaryn.




Biziň dagy bilýän zadymyz ýok eken-ow” diýýänçäň öwrenibermeli.




Owlakly geçi ýöremän, aýagyny diräp duran bolsa, owlajygyny alyp gaýdybermeli.




Aý – Ýeriň ýeke-täk hemrasydyr. Aýalam şeýle bolmaly




Atajan Annaberdiýew
36
185