Meniň öýüme geleniňizde, gapymy ýüregiňiz bilen kakyň.
Öňüme goýulan her bir böwet meniň üçin ýokary galmaga basgançakdyr.
Dowar sürüsiniň hataryna sygmaýan bolsaň onda sen goýun däl.
Eger sen samsyk bolsaň, muny her gün subut etmegiň hajaty ýok.
Ç. Darwine: eger-de adam maýmyndan emele gelen bolsa, onda onuň ruhy kimden dörän?
"Hal-ýagdaý neneň?" soraga gözügidijilik ýa haýpygelijilik nazary bilen garamazlar ýaly ortatap jogaby nädip düzmeli?
“Dünýäde iň owadan gyza öýlendim” diýip begenip ýördüm welin, üstesine ol akylly bolup çykdy.
Hemme taýaklar iki uçly bolanok, arasynda ujy şahalysy hem duşýar.
Söýgem okaraly terezi ýalydyr. Iki okarasy deňleşmese, tereziniň çüňkleri gabatlaşýan däldir.
Uly şahyrlary söýýänleriň hiç biri hem olaryň täleýini arzuw edýän däldir.
Ýer togalagynyň çat atandygyny bilýärmiň?
Ýaşkam “Ýaş şahyr” diýdirmejek bolup ýazdym, indi bolsa “Sen şahyr däl ekeniň!” diýdirmejek bolup ýazýaryn.
Biziň dagy bilýän zadymyz ýok eken-ow” diýýänçäň öwrenibermeli.
Owlakly geçi ýöremän, aýagyny diräp duran bolsa, owlajygyny alyp gaýdybermeli.
Aý – Ýeriň ýeke-täk hemrasydyr. Aýalam şeýle bolmaly
Atajan Annaberdiýew