garlawac
03.02.2024 13:20
Sen erkin bol!
Säher-säher saçyň ýaý!
Sen şat bolsaň, gözüňden nur saçylýar
Aç sen oňat kitaplaryň sahabyn.
Bil ýagşylyk, ýamanlygyň hasabyn.
Edepsiz sözüme öýkele sen, ýar,
(Käte size öýkelemek ýaraşýar).


Sen erkin bol!
Pikriň, duýgyň, ezýetiň,
Ýokarda ýyldyzyň, ýerde gözýetim.

Hemmesi diňe bir özüňki , bolsun,
Diňe bir, diňe bir özüňki bolsun.
Sen erkin bol,
Soňky günüňe çenli,
Isle ýigren, isle-de söý geçenňi,
Çünki birdir asman.
Milliarddyr asman,
Çünki erkli güni bagtlydyr ynsan.
Sen erkli bol,
Bir gün ýaşama şowsuz!
(Hudaýam bar bolsa, seni ýalkasyn),
Ýöne mydam inçe biliňde bolsun,
Meniň gollarymyň mäkäm halkasy.



Gurbannazar Eziz
32
101
melodie_me
10 Fewral 2024
💕💕💕
sazsoft
3 Fewral 2024
«Ýöne mydam inçe biliňde bolsun,
Meniň gollarymyň mäkäm halkasy». 💜
sabyrly
3 Fewral 2024
Salam gowumy nämede ýazdyñ bulary owadan çykypdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.