garlawac
01.02.2024 14:56

Seni gynandyrmak ähtimallygyny nädip düşünip bilýäň? Men seniň göwnüňi ýyksam, ýykylan göwnüň bölekleri elime çümüp ganadar. Ýene iň hakyky duýgularymy saňa ýollaryn. Meň ýollarymyň hemmesi seň adyňdaky harplardan geçer. Senden gitsemem ýollarym saňa çykar. Menden saňa zyýan gelmez diýip biljek däl. Sebäbi, men seni biraz artyk söýüp bilerin. Belki, seni söýýärkäm ýa özümi ýa-da seni ýitirerin. Emma, ikimizden birini ýitirjegim belli. Seni ýitirme gorkusyndan kän ýene beýle içki duýgularyň edil ortasynda hiç kim üçin bogulmajagymyň gorkusy bar. Men sende bogularyn-da, sen meni halas edersiňmi… Ol ýeri näbelli.
Bile bagtly bolmak isleýän adamyma tarap ädim ätjek bolsam ýa oňa artykmaçlyk edýän ýa-da öz durmuşymda kemçilik…
Soňra gitjek ýerim bolmasa, duýgularym maňa ýalňyş saýlawlar etdirýär we men munuň jezasyny agyr çekýän. Durmuş ýadatýar….
 Barlygyny ysy bilen duýmak isleýäniňi, ýoklugy bilen synag edýär. Ýetmek üçin çykan her ýolum, elýetmez bolýar…
Sen meniň ysyň bilen barlygyňy duýmak isleýänim…
Ýoklugyň bilen synalýanym…
Ýetmek üçin çykan ýolumyň soňy…
Näçe elýeterli däl bolsaň-da, meniň ýolumyň ugry hemişe seniň adyňda…
Isleýşiňçe git, islemeýşiňçe gelerin saňa…
Elektrik togy öçen bir öýde ilki akla gelýän bir mum men. Diňe zerurlyk bolanda ulanylýan. Gijeler şöhle saçsyn diýip hemişe men ýakylýan. Ýüzüne seredemde iň halaýan goşgymy içimden okaýan ýaly duýýarkam, bizi ýaşaljak hemme zatdan mahrum edip içimdäki goşgularymy, portumy, gämimi, duýgularymy ýakdyň sen. Belki içinde senem ýanansyň. Emma şonda-da bize gynanmadyň. Ýakdyň…
Sen bir elipbiý, indi men saňa nähili sözlemler bilen içimdäki duýgulary beýan edeýin? Iki sany gapma-garşy magnit ýaly biri-birimizden uzaklaşdyran hökümlerimiz barka, haýsy duýgular çeker bizi bu yşga? Duýgularymam, janymam ýandy seniň ol döreden ýangynyňda.
Çykmadyk janda umyt bar diýýärler. Öldürmeýän Alla, däliler ýaly küýsedýär öňki günleri… Iň känem bizi…
Diňle! Bilýäňmi iň gowsy näme edeli? Feniks ýaly täzeden dogaly bu ýangynyň küllerinden. Bir araçäk belläli we ol araçäkden bir ädimem ýakynlaşmaly biri-birimize. Çünki biri-birimizi söýüp iň uly zyýany berýäs bize. Biz uzakdan söýeli. Iň bagtly günlerimizi görmän, özümizi nähili duýýanymyzy, näme pikir edýänimizi bilmän, oýaly-ukuly ses tonumyzy duýman…
Diňe we diňeje uzakdan söýeli.
Bize bolar bu bir tarap. Biziň ýolumyz bir tarap we sen hemişe garşy tarapdan gelýärsiň. Aslynda bu, bu ýagdaýyň mazmuny.
Men ikimize degişli bir taraply ýollarda hemişe size gabat geldim. Her gün sizi görüp ädimledim…
Sen muňa hijem düşünmersiň. Bize bolan ynanjymy ýitirdim. Maňa kalpsyz bolana mundan soňra duýgusyz men… hiç zatsyz, hiç zat men

(awtory näbelli)

29
166
melodie_me
10 Fewral 2024
Wow, ellerine saglik💕
Abat_
2 Fewral 2024
@garlawac_, Ugratdym:)
Abat_
2 Fewral 2024
Gowmy Enemahri, taze yazylanlardan birini ugradayynla, pikiriň beýan eday
Abat_
1 Fewral 2024
Sadece wouw❤️
sazsoft
1 Fewral 2024
@Karaleva, Bilemok 🤷🏻‍♂️
sazsoft
1 Fewral 2024
«Sen muňa hijem düşünmersiň. Bize bolan ynanjymy ýitirdim. Maňa kalpsyz bolana mundan soňra duýgusyz men… hiç zatsyz, hiç zat men» 😐☹️😖
king_tm
1 Fewral 2024
sazsoft
1 Fewral 2024
«Biz uzakdan söýeli. Iň bagtly günlerimizi görmän, özümizi nähili duýýanymyzy, näme pikir edýänimizi bilmän, oýaly-ukuly ses tonumyzy duýman…
Diňe we diňeje uzakdan söýeli.» 🥴😔
sazsoft
1 Fewral 2024
«Sen meniň ysyň bilen barlygyňy duýmak isleýänim… 😌
Ýoklugyň bilen synalýanym… 🥺
Ýetmek üçin çykan ýolumyň soňy…» 💜
king_tm
1 Fewral 2024
Salam, tanadynyzmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.