garlawac
21.02.2024 23:29
Eje haçana çen bukup saklaýyn,
Söýgi hakda ýazan setirlerimi...
Kän temmi alanym- seniň eliňe
(Jigim tarapyndan ýetirlenlermi?)
Şol gün nokat goýdurypdyň soňuna,
Ýadymda, men jigim bilen jetleşdim.
Eltip okadypdyr goşgularymy,
Şondan soňam söýgüden has çetleşdim..
Başga alajam ýok, kim islär dagy,
Olaryň tutaşdy:r bolmagny peje.
Gyzyň häli çagalykdan saýlandy,
İndi beri garşy bolmagyn ejee...!
Bazardan zat satyn almakçy bolup,
Göwnüme ýetýänçe esli aýlamda
"Kejirligiň galman geçjek" diýerdiň,
Gyzyň şol gylygyn gaýtalar ýene,
Ýalňyşmaz ol asla yiğit saýlanda... :)
#arhiw.
awtory näbelli.
29
77
garlawac
16.02.2024 08:25
ÖZÜŇDEN SOŇAM ÖZÜŇI GALDYRMALY...
(Şahsy gündelikdäki ýazgylardan)
Şu günden şeýläk:
1. Hemişe döredijilik, göçgünlilik hem-de dykgatlylyk ýagdaýy saklamaly. Hiç haçan sowuk-salalyga, biparhlylyga, dözümsizlige, samsyklyga ýüz urmaly däl. Hemişe ýürekdeşlikde, dertdeşlikde, mähribanlykda ýaşamaly.
2. Duýgularyň we pikirleriň sekuntsaýyn ewolýusiýasy bolmaly.
3. Duýgularyň we pikirleriň “sanitariýa”, “gigiena” we “profilaktika” düzgünlerini berjaý edip durmaly.
4. Başgalaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi, özünde duýulman geçýän ýagdaýlary duýmagy başarmaly.
5. Özüňdäki ýa-da özüňden daşarky ýagdaýlara akylly-başly, sypaýyçylykly çemeleşmeli.
6. Döredijilik ataşyna ýanmaly.
7. Ýazmaly, ýazmaly! Başardýanyna-başartmaýanyna garaman, ynsabyň we ýüregiň bilen ýazmaly! Bir zatlar çykjagyna-da berk ynanmaly.
8. Nägile, mydama nägile bolmaly.
9. Juda aldaman oňmaýan bolsaň, başgalary alda welin, öz-özüňe we hormatly kagyza ikilik etme!
10. Okamaly, okamaly! Näçe okap bilýän bolsan, okamaly!
11. Kinolardan mümkin boldugyça köp zat öwrenmäge çalyşmaly, teatrlaryň ezýetini çekmeli, kartinalaryň öňünde çöke düşmeli, sazlaryň ruhuna siňmeli, gudratly Allatagallanyň ýoluna göz dikip aglamaly. Tebigatyň al-ýaşyllyklarynyň içinde ýitirim bolup gitmeli, kümüş ýaly öwşün atýan Newanyň köprüsiniň üstünde durup, onuň “syratlylygyna we salykatlylygyna” tagzym etmeli, dükanlara aýlanyp çykmaly, gara kofeniň lezzetini görmeli, şowhunly kafelarda, tans edýän gyzlaryň owadan jemalyna syn edip, al-şerap süzmeli, adamlar bilen şady horramlyk etmeli, durmuşyň ýüregindäki gaýgy-ünjülerini unudyp, beýniň argynlygyny aýryp durmaly. Öýüň garaňky burçuna gysylyp, adamlary öwrenmeli, pikir eleginden geçirmeli, arzuw etmeli – DURMUŞY SÖÝMELI!
12. Paýhasa baş egmeli.
13. Ahyrsoňy men ussatlygyň üýtgeşik bir syrynyň ýokdugyna düşündim. Görüp otursam, kim ýürekden söýüp hem ýigrenip bilýän bolsa, şol ussat ekeni.
14. Ýazyjynyň alymlaryňam alymlary bolmagy gerek. Ýöne onuň öz eserlerine gatnaşmagy hökman däl. Sungat matematika (ylmy) takyklyk, guraksylyk, logiki hasaplylyk bilen bir ýere sygyşmaýar.
15. Meniň käte-käte peýda bolup, gözümi-başymy aýlap barýan galp ideýalardan arany açmagym gerek. Maňa özbaşdak dünýägaraýyşly, etiki we estetiki pozisiýaly bolmaga bireýýäm wagt ýetdi. Hiç bolmanda, öz hereketlerimiň goýan umumy hörpüni bilmeli. Ujypsyzam bolsa, pikirlerimiň we ideýalarymyň agramyny saldarlap görmeli. Olaryň howul-haralyklardan we harsallyklardan halas däldiginem bilýän. Gözlemeli! Özüňi we öz ýüzüňi tapýançaň gözlemeli!
16. Samsyk däldigiň entek akyllydygyňy aňlatmaýar. Men şu pikiri öň bir ýerde okadymmykam ýa eşidäýdimmikäm?! Köplenç biz başgalaryň pikirini özümiziňkidir öýdüp, özümiziňkini bolsa başgalaryňkydyr öýdüp çalyşýarys. Awtorlygyň, orginallygyň ölçeg taýajygu barmykan?! Eger pikir aňsatlyk bilen peýda bolup, sende hiç hili sarsgyn döretmese ýa-da kalbyňda gozgalaň tapmasa, onda ol ýa-ha başganyňkydyr ýa-da öň lenç edilen pikirdir.
17. Owadan jümleleriň hem-de görnüşleriň albaý perdelerini ýyrtyp taşlamaly.
18. Utançsyzlyk, müňkürlik, bimany hatyrjemlik, meşan pikirlilik, degimsizlik, ýeňleslik, gödeklik, mortalyk, gyzmalyk, bisabyrlylyk, was-waslyk ýaly gylyklardan arany üzmeli.
19. Iň soňy olary mazaryma äkitmeli boljak bolsam, maňa abraý, mertebe gazanyp ýörmek nämä gerek! Özüm bilen ölüp gitmek gazanan mertebäme gaty agyr deger ahbetin! Ýok, tersine meniň gözgyny ýagdaýa düşüp hem-de özüm barada erbet ýatlama galdyryp ölmeýänim üçin oňa ýeňil düşer.
20. Öňden belli zatlaryň, gymmatlyklaryň ählisini gaýtadan gözden geçirmeli. Täzelemeli we täzelemeli!
Çeşme: https://edebiyat.clan.su/news/ozunden_sonam_ozuni_galdyrmaly/2024-02-08-2608
© Akmyrat ŞIR
36
131
garlawac
15.02.2024 00:24
1). Ajymy? Geçmedi, diňe öwrenişdim.
2). Men bu şäherde iň köp seni söÿdüm.
3). Haýsysy has kyn? Jennetdäki bir bagtsyz bolmakmy ýa-da jähennemdäki bir bagtly?
4). Gorkyny ÿeñmäge çalyshma. Sebäbini ÿok etmegi bil.
5). Ýolumdan dönmedigim üçin däl, seniň bilen hiç bir ýolda ýöremejegimi bilýänim üçin gidýän. Ýer ýüzüniň bütin söÿgüleri seniňki we meni unudyp bilersiň.
6). Ajynyň täsiri, size güýçli bir häsiýet sowgat etmegidi.
7). Ýalňyzlygym ahy-perýatdy, hemmäňiz kerdiňizmi?!
8). Nähili geň. Içimdäki hasratlar sendiň, olary diňdirjek bolan-da.
9). "Unutmak" diýmegiň nämesi kyn-a; asyl unutmak mejburyýetinde galmak ÿykar adamy.
10). Yşkk barlygyň däl ÿoklugyň ýitgisidir.
11). Beýik söýen ýüregiň ajysy kiçi bolmaz.
12). Hemme zat geçmişde galýar, ýöne hiç bir zat geçmeÿär.
13). Görmeýän göz däl, ynsandyr aslynda we gözler dodaklar gymyldamasa hem sözleşip biler.
14). Mesele şu; durmuşy ýaşap düşünmekmi, ýa düşünip ýaşamakmy?
15). Ynjanjak hal galmady mende. Saňa bir maslahat; hoshlaşygymyz sowuk bolar, galyňrak geýin.
16). Söýgi, ynsanyň öz kemligini başgasynda tamamlamak islegidir. Terk edilmek bolsa kemliginiň
has-da kemelip yzyna tabşyrylmasydyr.
17). Uly hyýallaryň döwükleri-de uly bolar, ýöne nädeýin ÿyldyzlar hem diňe özüni ýakyp bilýän wagtynda ÿyldyzdyr.
Kahraman TAZEOGLU
32
151