garlawac
22.02.2024 00:12
Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm,
Gül keşbiňi küýsänok bu didelem.
Hem, öňki bolşumdan biraz üýtgedim,
Hasrat bilen geçiremok gijelem.

Ýüregimem aglamasyn bes etdi,
Kalbymy gynanok gaýgydyr gussa.
Durmuş şeýle ýaşamagy öwretdi,
Şat aýdym diňleýän ýüregim gyssa...

Gör nähili düşnüksizlik ömrümde,
Ýalňyz wagtyň ýalňyzlygyň duýmasaň.
Men seni bir eýýäm unutdym dünýäm,
Her demimde ýada düşýäň diýmeseň 😞

Kalbymda ýaňlanýar bir zaryn mukam,
...Men seni çyndanam unutdymmykam???

Söhbet Orazmuhammedow
35
133
gulshatayewa97
23 Fewral 2024
@sabyrly, Bolýa...
sabyrly
23 Fewral 2024
@gulshatayewa97, post edip goýuñ aýdaryn okyjyñyz bar eken diýip gepleşemde begener özä
sabyrly
23 Fewral 2024
@garlawac, Salam gowumysyñyz Häzirki wagtda hiç hili intrnet ulananok prostoý telefonda arada nesilde iki goşgusy çykdy şony taparyn bir ýerlerden özi bn duşuşyp bilemok näçe wagt bäri indi indi telewidenýede gazetlerde çykyp ugrady tapdygymdan ugratýan hökman
gulshatayewa97
23 Fewral 2024
@sabyrly, Söhbet Line dowri bardy ýitip gitdi gowy gosgylary bardy mende bolmaly biraz. Menem okasym gelýä gosgylaryny
sabyrly
22 Fewral 2024
@garlawac, ýokla goşgusyny goýupsyñyz özi goýdurdymyka diýdim haýş edip. Men tanaýan aram gowy şondan gyzyklandym
sabyrly
22 Fewral 2024
Salam gowumysyñyz Söhbedi tanaýañyzmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.