https://owrenmeli.app/62508-gideinmi-dnein.html#comment
garlawac
23.02.2024 16:07
Men gitmäge mynasypmy,
Dälmi ýa?
Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar.
Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar,
pikirlen, çöz,
Gideýinmi, döneýin?
Bar bolsa ýer,
seň dünýäňde galaýyn?!
Oýun bilen, boýun etdik söýgini,
Şoňa görä saldy başa gaýgyny,
Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi?
Gitmek aňsat,
Emma durmuş däl oýun,
Ejaza ber,
seň dünýäňde galaýyn?!
Gitjek welin,
Ýaşap bilmen ýüreksiz,
Sende galdy...
Ýitdi menden dereksiz,
Belki oňa menden, sen has gereksiň,
ýüregmi ber, boş gursagmy dolaýyn,
Etme kemter,
seň dünýäňde galaýyn?!
Gözelligňi gabanşyp dur joralaň,
Saňa baksam, abanşyp dur joralaň.
Döremänkä seň daşyňda gozgalaň,
Göripleri töwerekden ýonaýyn,
Duşman ýeňler,
Seň dünýäñde galaýyn?!
Soraglarmy örüp barýaň petdeläp,
Jogaplarňa garaşaryn hepdeläp,
Men ýadadym jady,
"Syrtlan çöp" diläp...
Razylyk ber ertekiden dynaýyn,
Hyýally ser...
Seň dünýäñde galaýyn?!
Umyt berýäň,
Nä sebäpden,
söýmeseň?
Ýollar ýapyk "Hawa" ýa "ýok" diýmeseň.
Razy bolsaň taýýar, toýuň öýmesem,
Hat-da töri garaşybam dur öýüň,
Gel dünýä gur,
Men dünýäňde galaýyn?!
Kerim Hally.
27
134